elya
27.10.2023 20:25
Maňa şolam bolýar...
Gözelligiñ, gazallykmy,
Goşgulyk?
Romanlygam jemlenipdir, hoş gylyk...
Duraweri ylhamlary küşgürip,
Lebleriñ gyrmyzy, ýañagyñda hal,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Saýlanañok joralañdan,
Hiç kimden...
Saýlanjak bolañok, ýalandan, çyndan,
Sadalyga başga nusga ýok mundan,
Boýuñam ortaça, uzyn derek däl,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Gözel gyzlar degmez basan yzyña,
Artyk baha däl bu, söýen gyzyma,
Hem sözümi gaýdyp alman yzyma,
Dogry,
Olam ynsan, hüýr ýa melek däl,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Her kimiñ söýeni, özüne peri,
(Ondan gözeline duşurmaweri)...
Görkli bedeninde, agrasja seri,
Saçlary uzynja, kel ýa kelek däl,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Ynha nesip bolsa maksadymyz toý,
Soñky rejelerem:
Bagtly durmuş, öý.
Duşmanjan köýýäñmi?
Köý ýene-de köý!
Gelinlik seçilgi, berse bes, pes päl,
Maña şolam bolýar,
...köp zat gerek däl!

Kerim Hally
57
50
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.