elya
27.10.2023 23:15
Sen geldiň-de, ýüregimi eretdiň,
Boş göwredim, ýaşaýyşa ýer etdiň,
Men jahana söýgi bilen seretdim,
Mähribanym, seň adyňa döneýin.

Seni küýsäp, gözüm göge dikerdim,
Çirim etmän bagt ýyldyza bakardym,
Hyýalymda adyň şoňa dakardym,
Duýgularmy duýanyňa döneýin.

Gelseň, bagtly bolýan, gelmeseň weli,
Gözlerim gapyda – görmekçi seni,
Idip gitmelimi özüm kerweni,
Mähribanym, seň mähriňe döneýin.

Gel, ezizim, yşk alawyn ýakaly,
Teşne göwünleri mähre ýakaly,
Älem içre bagt boluplar bakaly,
Saçym çöşläp daraýşyňa döneýin.

Ynan maňa, indi mundan gitme ýok,
Sensiz maňa bir ädimem ätme ýok,
Sensiz dünýäň lezzetinden datma ýok,
Yşk ataşly gudratyňa döneýin.

Bahargül Mejidowa
47
40
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.