elya
31.08.2023 04:15
SÄHER  ÇAGY  DEŇIZ KENARYNDA DÖRÄN  GOŞGY

Eger  bakyşyňy bagyş etseň maňa,
Giň dünýä gözellik ýaýradardym men.
Nazarňy dirilik suwuna deňäp,
Kalby matamlyga  haýyr ederdim men.
Eger-de, sözlerňi bagyş etseň maňa,
Gargany bilbil dek saýradardym men.

Säherler näziňi bagyşla maňa,
Yşgyňa çal daňdan oýkasyn bagryn.
Suw perisi maýyl bolsun kenarda,
Tapan ýaly müň ýyl agtaran höwrün.

Ädim uruşyňy gönükdir maňa,
Seň basan yzyňa bezelsin älem.
Düzelsin seň düzüw basyşyň görüp,
Gyşaran  ýoda-da egrelen ýolam.

Ajap ýylgyrşyňy bagyşla maňa,
Tukat dünýäň gamgyn göwnün açaýyn.
Goşawujym ýylgyryşdan doldurup,
Hasratlylaň ýüz-gözüne seçeýin.

«Jak-jak» uruşyňy bagyşla maňa,
Haýran  bolsun, käkilikler, bilbiller.
Seň «jak-jakyň»  ömür goşar ömüre,
Ondan many almaz diňe dilbilmez.

Kalbyň päkligini bagyşla maňa,
Ony duýup ömre guwansyn her kim.
Gapdalyndan seýkin basyp geçeňde,
Garalyk  aklyga çalyşsyn durkün.

Hasratyň  bar bolsa, bagyşla maňa,
Senden ýaman görüp, kese bakmaýyn.
Katrasynam dünýä  bilen  paýlaşman
Baryny öz gursagymda saklaýyn.

Atajan Tagan
71
49
elya
30.08.2023 10:11
Eýýäm bar zat hakydamdan çykypdyr.
Göz öňe gelenok saçyň tary-da.
Bilemok, niçiksi geçdi gijeler,
Şol gijeler—müňkürligiň ýary-da.

Bilemok,biz daňy garşy aldykmy,
Ýa-da garşy aldymyka daň bizi.
Bilemok, gülkämi ýa-da hasrata,
Nämä şaýat boldy asman ýyldyzy.

Niçik nazar bilen bakýardy gözleň,
Gülüpmidiň? Şolam çykdy ýadymdan.
Howa siňdi aýdan gabahat sözleň,
Diňe nyşan galypdyr seň adyňdan.

Hakykatçy duşman, töhmetçi dosty
Saýgarmak üçinem bar eken bir çäk.
Dostlaryň şatlygma begenmändigem,
Ýat-oýumdan çykyp gidipdir birçak.

Ýaň salsa-da geçip giden ýaşlygym,
Kalbyň salgymlara gulak asmasyn.
Bolýandyr ters işiň bähbit berýänem,
Gördüm ýagşylygňam ýaman nusgasyn.

Näziň nähilidi, özüň nähili,
Oturyp-turşuňam kem-kem unutdym.
Şol günleriň ýagşy-ýamanbaryny
Ýatlajak bolmagyn,senem unutgyn.

Haýsy nazar bilen bakýardy gözleň?
Gara kül döräpdir sönen oduňdan.
Emma bagtly günleň yzda galany,
Nämüçindir, hiç çykanok ýadymdan

Atajan Tagan
78
54
elya
30.08.2023 04:13
Ýok saňa gargamok gideniň uçin.
Açyk bolsun bagtyň, ak bolsun ýolyň.
Herne seň öziňe duçar bolmasyn.
Meň maňlaýma ýazyp giden ykbalyň.

Elmydama gowy bolsyn görjegiň.
Bu durmuş saňa bir gyýa bakmasyn.
Menden geçip saýlap-seçen gerçegiň.
Elleriniň aýasynda saklasyn.

Ýaşaber, men hakda pikirem etme.
Söýip-söýlip öz bagtyňa begende.
Rehmiň inip suratyma seretme.
Näm bolupdyr meň göwnime degeňde.

Ýok saňa gargamok gideniň üçin.
Açyk bolsun bagtyň ak bolsun ýolyň.
Herne seň öziňe duçar bolmasyn.
Meň maňlaýma ýazyp giden ykbalyň.

Awtory: Mätgurban Mätgurbanow
76
61
elya
29.08.2023 03:59
Göwnüm seni küýseýär

Käte ýalňyzlykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Göreşlerde gujur bilen batlansam,
Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam,
Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Bahar geler, güller bilen şaýlanyp,
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp,
Akja bulut «Ýagsammy» diýp, oýlanyp,
Çabga gelip, suw-sil edip guýsa, ýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Meýdana ýazlypdyr bahar halysy,
Gel, bile keşt etsek ýakyn-alysy,
Maňa at goýdular: «Yşkyň dälisi»,
Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
76
63
elya
29.08.2023 00:17
Ýalňyz gyz

Meniň gylygymy hemmeler bilýär,
Käte ýekelikde goşgy ýazýaryn.
Güýz gelende ruhy dünýäm giňeýär,
Şo mahal geçmişe nazar salýaryn.

Sende-de güýz bilen çalymdaşlyk bar,
Seň halyňdan hiç kim habar alanok.
Ýalňyzlygňy hemmelerden gizleýäň,
Ýöne welin menden gizläp bileňok.

Gussa batan, aýa meňzeş jemalyň,
Meni ýene çagalyga dolaýar.
Öwsüp duran güýzüň näzik şemaly,
Seniň ýüpek saçlaryňy daraýar.

Şu gün diýen sözlerimden öýkeläp
Öýüňize tarap batly ýöreýäň.
Ertesi gün ýene öýkäňi gizläp,
Emaý bilen gözlerime garaýaň.

Seniň ýalňyzlygyň giden bir umman.
Gam-gussaňy başaraňok görkezmän.
76
163
elya
28.08.2023 04:38
Söýüň

Söýüň,
Synsyn gaýgy-gussa omurlyp,
Tutaryk edinmäň altyn düýşleri.
Böwsüp söýüň bir-birekden ömürlik
Aýra saljak bolýan gara güýçleri.

Ýanan ýürek kömür deýin garalar,
Bu durmuşda aýra düşen utulýar.
Ýaýdanman söýüň siz,
özge ýaralar
Söýgiň ýarasyndan basym gutulýar.

Dyza çökmän söýüň,
Peselmän söýüň!
Söýüşiň siz bir-biregi örtemän.
Söýüň belent tutup mertebäňizi,
Söýgem ýokdur ýok ýerinde mertebäň.

Atajan ANNABERDIYEW
79
49
elya
28.08.2023 00:18
Seni tapyp, men özümi ýitirdim,

Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.

Men öz belet şäherimde azaşdym,

Azaşdym men seniň gara gözleňde.

 

Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,

Hem tapamok barýan ýoly tünegme.

Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,

Aljyrarmyş adam bagty çüwende.

 

Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?

Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.

Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,

Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.

 

Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,

Söýgi diňe salýar ýürege dowul.

Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,

Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.

 

Gözleri ümezlär yşka düşeniň,

Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.

Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan

Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.

 

Men aýňalman, halas boljak bolamok.

Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.

Ýüregime täze ýara salsa-da,

Bu sataşan derdim köne dert örän.

Atamyrat ATABAÝEW,
116
189
elya
27.08.2023 10:41
Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.

Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok “birden aýrylaýsak” diýme sen.

Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.

Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.

Awtory: Mätgurban MÄTGURBANOW
78
82
elya
27.08.2023 02:47
GÖWÜN SENSIZLIGE ÖWRENŞIP BARÝAR… 

Iller ýaly göwün ýüwürtdim menem,
Arzuw etdim, islemedim artyk zat.
Hemdemim — gijigen söýgi boldy-da,
Ýaşaberdim umytlarmy goltuklap.

Gyşlarda gar bolup ýagasym geldi,
(Kemje-kerdem däl islenmek hiç kese.)
Söýen sähel zatdan dilgir bor eken,
Garaşany gelmese ýa giçlese…

Men şuňa düşündim, duşdum-da saňa:
Hasabyna jür ekeni dünýämiz,
Hem herimiz aýry dünýä öýderdim,
Asyl biziň bir ekeni dünýämiz.

Ýüzümi asmadym gideniň üçin,
Ýöne ýatlamalar boýnumy burýar.
Göwün ümsümlige öwrenşen ýaly,
Göwün sensizlige öwrenşip barýar…

Sapa HOMMADOW.
84
55
elya
26.08.2023 14:22
Käteler

Iren göwnim iriñläpdir,
Asly ýalan wadalardan,
Allam öziñ goraweri,
Iki ýüzli sadalardan.

Gomalara mejalym ýok,
Siñriginde suwsyz çilläñ,
Seýikläpdim yşkyñ atyn,
Bagta tarap äden pilläm.

Geljegi nazarlap ýörin,
,,It\" diýemok güjige-de,
Hak sözi agtaryp ýörin,
,,Ynam\" atly hüjireden.

Aladaly gaýgy kürsäp,
Bedenimi endiretýär,
Ah-eý ynanjañlyk gursyn,
Ähli ynanjy eretýän...

Awtory: Baýram Bejidow
90
94