elya
27.08.2023 10:41
Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.

Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok “birden aýrylaýsak” diýme sen.

Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.

Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.

Awtory: Mätgurban MÄTGURBANOW
78
82
garik
27 Awgust 2023
@elya, Marly şahyr dãlmi şol
arzuvym_talyp
27 Awgust 2023
@garik, 😁
garik
27 Awgust 2023
Mämmetgurban bolmaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.