elya
31.08.2023 04:15
SÄHER  ÇAGY  DEŇIZ KENARYNDA DÖRÄN  GOŞGY

Eger  bakyşyňy bagyş etseň maňa,
Giň dünýä gözellik ýaýradardym men.
Nazarňy dirilik suwuna deňäp,
Kalby matamlyga  haýyr ederdim men.
Eger-de, sözlerňi bagyş etseň maňa,
Gargany bilbil dek saýradardym men.

Säherler näziňi bagyşla maňa,
Yşgyňa çal daňdan oýkasyn bagryn.
Suw perisi maýyl bolsun kenarda,
Tapan ýaly müň ýyl agtaran höwrün.

Ädim uruşyňy gönükdir maňa,
Seň basan yzyňa bezelsin älem.
Düzelsin seň düzüw basyşyň görüp,
Gyşaran  ýoda-da egrelen ýolam.

Ajap ýylgyrşyňy bagyşla maňa,
Tukat dünýäň gamgyn göwnün açaýyn.
Goşawujym ýylgyryşdan doldurup,
Hasratlylaň ýüz-gözüne seçeýin.

«Jak-jak» uruşyňy bagyşla maňa,
Haýran  bolsun, käkilikler, bilbiller.
Seň «jak-jakyň»  ömür goşar ömüre,
Ondan many almaz diňe dilbilmez.

Kalbyň päkligini bagyşla maňa,
Ony duýup ömre guwansyn her kim.
Gapdalyndan seýkin basyp geçeňde,
Garalyk  aklyga çalyşsyn durkün.

Hasratyň  bar bolsa, bagyşla maňa,
Senden ýaman görüp, kese bakmaýyn.
Katrasynam dünýä  bilen  paýlaşman
Baryny öz gursagymda saklaýyn.

Atajan Tagan
71
49
2580
31 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.