elya
15.09.2023 20:28

Ýetim oglanjygyň içindäki oýlary...!!!


\"Täze ejem\" öýden

Haçan giderkä?

\"Köne ejem\" öýe

Haçan gelerkä?!

Kakamyñ ýok wagty

\"Ýetimçe\" diýýär.

Muny täze ejem

Nämüçin diýýär?!

Muny \"köne ejem\"

Gelen mahaly,

Aýtsam \"täze ejeme\"

Geler gahary.

\"Köne ejem\" gelenok,

Eýýäm ýaz düşdi.

\"Köne ejem\" gelenok,

Bugdaýlar bişdi.

\"Köne ejem\" gelenok,

Döwek döwülýär,

...Ýa öýmüzden

Ýagşymyka öwlüýä?!


Awtory: Gurbanýaz Daşgynow

48
61
elya
14.09.2023 23:42

Ýene hyýal bilen garaýan dünýä,

Ýatlamalar dürtüp durka gursaga,

Hasabyn ýitirmän aýlanýan WAGT!,

Haýyş edýän bir pursatjyk dursana!.


Şojagaz pursady edinip olja,

Menden öýkelileñ ýazaýyn göwnün,

Hemem ykbalymy keleb deý dolan,

Gussaly kalbymyñ, özenli düwnin,

Çözläýin, mazaly düwülmez ýaly,

Bagtlyny göremde bolmasyn müýnim.


Seljereýin, biraz ag:y- garany,

Emen ak süýdümi haklajak bolup,

Dyrjaşaýyn, kemter beýniñ içinden,

Peýdasyz pikrimi ýoklajak bolup.


Mazarstanlyga dönen ýüregmi,

Azajygam bolsa şatlap göreýin,

Sen birje pursatlyk gymyldaman dur,

Eden ýalñyşlarmy ýatlap göreýin.


Ençe eýmençlikden eýlenen dünýä,

Her pursatda şarpygyny ursa-da,

Eý sen arzanlardan gymmatly WAGT!,

Haýyş edýän bir pursatjyk dursana!...


©Baýram BEJIDOW

54
47
elya
14.09.2023 21:04

Sähel zada ejizleýän,

Men bir sada görgüliň!

Geldim ýene huzuryňa,

Bütin ömür bergilim!


Sen dälmidiň çaga wagtym

Aglanymda köşeşdirip,

Sen dälmidiň örüm saçym

Emaý bilen çözleşdirip,

,, Entäk-entäk dirikäm bir,

Ýaş dökmegin gyzym \" diýen.

,, Mele buýra saçjagazyň,

Sowuk ýele dözmen \" diýen.


Şol günlerem daşda galdy,

Durmuş ara saldy wagty.

Ýöne, ýene agladym men,

Öňkümden has tapawutly.


Sebäp käbir duýgularym,

Ýüregime berýär agram.

Käbäm, indi barmagym däl,

Has näzigräk ýerde ýaram.


Köp ýerlerde sada boldum,

Köp ýerlerde gödek boldum.

Ýöne seniň diýişiň dek,

Ejizlere hemra boldum.


Indem özüm ejiz gelýän,

Durmuşyň agyr-ýeňlinden.

Şonda-da men ýeňilmerin,

Sypap durýarkaň egnimden.

53
133
elya
13.09.2023 21:40

Ýaryn-a setire sygdyrjak bolýan,

Ýarynam içimde bukýan derdimiň...

Üýtgeşik ekeniň meniň çakymdan,

Gerdenli däl, hut özi sen gerdeniň.


Seňkä meňzeş ýylgyryş ýok hiç kimde,

Ýygrylyş ýok ýüregimi gor eden.

Iki dünýe bagyşlanmaz, melegim,

Ýylgyrşyňy, ýygrylşyňy har eden...

60
166
elya
13.09.2023 18:58

Bar, gidiber, aýyp görme aglasam,

Gözlem indi görmejegne ynanýar.

“Biwepalyk etdiň” diýip nalamok,

Kysmatymda ýoklugyňa gynanýan.


Ykbalyňdan sowa eken ykbalym,

Senli bagt maňa nesip däl eken.

Aýralyga bir sebäp ýok ýalydy,

Ýöne sebäp juda-juda kän eken.


Söýgiň bakylygna ýokdy şübhämiz,

Garlar ýagdy ynam eden dagyma.

Aý, hawa-da, kim eýgilik görüpdir

Ýetjek bolup ýetilmejek salgyma.


Beýdip durmaz, erär gary daglaryň,

Ýürek ýene ýazar söýgi namasyn...

Kysmatymda ýoklugyňa gynanýan,

Şonuň üçin aýyp görme aglasam.


Sapa Hommadow

58
67
elya
12.09.2023 21:39

Ynan! Ertir iň ajaýyp gün bolar,


Iň owadan säher dogar alnyňdan.


Arzuwlaryň ak ýoluňa gül bolar,


Bagt dörär uzakdaky salgymdan!


***** 


Ertir saňa gurbat geler, güýç geler,


Durmuşyň hem dünýäň gowa özgerer.


Bagt diýleni ynjyk bolar, giç geler,


Näme diýse, diýibersin özgeler!


*****


Hany tur ýeriňden, galdyr başyňy,


Ynamyň goluny goýberme hijem.


Herne hasrat dolanynda daşyňy,


Zähmet çek, zähmet çek, ýene-de tijen!


*****


Men ynanýan, senem ynan özüňe,


Niýetiňi ýagşa tut-da ýöräber.


Nähili bolsaňam illeň gözüne,


Ykbal diýlen niýet päle görädir!


*****


Bagt dörär uzakdaky salgymdan,


Arzuwlaryň ak ýoluňa gül bolar,


Iň owadan säher dogar alnyňdan,


Ynan! Ertir iň ajaýyp gün bolar!


 

Gulshirin Hanow

56
77
elya
12.09.2023 18:44

Ýat boldy ýakynlar, dost boldy ýatlar,

Kösenip öwrendik ýaşamagy biz.

Ykbaly ýyladýar gursagy otlar,

Gursagy köz edip ýaşamaly biz.

50
45
elya
11.09.2023 21:37

Hasyl bolmawersin hemmäñ arzuwy,


Onda-da adamlañ ownan mahaly.


Ýamanlaryñ gara netinden ýaña,


Ýere ýeter ýagşy bendäñ sakaly.


 


Menzilne ýetmesin ähli niýetler,


Kä künjekde enä ölüm dilener.


Toba-toba kabul bolsa hemmesi,


Tikenli gül ýaşar, tämiz gül öler.


 


Goý güllesin enäñ ogla dilegi,


Kabul bolsun atañ ýagşy myrady.


Eger hemme arzuw hasyl bolaýsa,


Ýitäýmegem ahmal ynsabyñ ady.


 


Hemmäñ arzuwynyñ hasyl bolmagyn


Gyssanyp tost aýdañda-da dileme.


Hemme ýürek ak däl,


(Şeýle bolsady)


Diläberseñ näme gelse diliñe.


 


Emma welin Hudaýynam unudyp,


Başarsalar ýykjaklar bar dünýäni.


Goý kabul bolmasyn hemme niýetler,


Terezimiz abat saklanar ýaly.


Kerim HALLY.

57
58
elya
11.09.2023 19:47

Arzuwym azaşdy, öte howlugyp,


Hyýallarym umytlarma gowrulyp,


Diý: «Ýa gowy bolar, ýa-da gowluga»,


Özümden kän zada garaşan wagtym.



Bilseň, söýgüň ýaraşygy ynamdyr,


Ynsan şonuň bilen beýge galandyr,


Dideleriň nurydygma ynandyr,


Özümden öýkeläp, ýaraşan wagtym.



Kinämi ir-giçde ýeňjekdigime,


Goşgularňa siňip geljekdigime,


Ynan, bagtyň bolup biljekdigime,


Sabaňa düýş bolup oraşan wagtym.



Ogulnur PIRJIKOWA,

55
49
elya
10.09.2023 21:06

Men biraz öñkimden güýçlendim, kaka!

Düşündim durmuşyñ añsat dälligin,

Sabrym bilen darkaş eden duýgylañ,

Kötelli ýollarda agsatýanlygyn.


Aram tapman gezenimde käteler,

Dar ýodadan ýöräp, giñ-giñ köçede,

Haly bolup düşelende ýalanlar,

Oturmagy endik etdim keçede.


Ýygy-ýygy gara basýar gijeler,

Rahatlygym bilen gidemde uka,

Ykbalyñ oýnundan ýadadym, ýöne,

Men biraz öñkimden güýçlendim kaka!.


Baýram BEJIDOW

58
68