elya
14.09.2023 23:42

Ýene hyýal bilen garaýan dünýä,

Ýatlamalar dürtüp durka gursaga,

Hasabyn ýitirmän aýlanýan WAGT!,

Haýyş edýän bir pursatjyk dursana!.


Şojagaz pursady edinip olja,

Menden öýkelileñ ýazaýyn göwnün,

Hemem ykbalymy keleb deý dolan,

Gussaly kalbymyñ, özenli düwnin,

Çözläýin, mazaly düwülmez ýaly,

Bagtlyny göremde bolmasyn müýnim.


Seljereýin, biraz ag:y- garany,

Emen ak süýdümi haklajak bolup,

Dyrjaşaýyn, kemter beýniñ içinden,

Peýdasyz pikrimi ýoklajak bolup.


Mazarstanlyga dönen ýüregmi,

Azajygam bolsa şatlap göreýin,

Sen birje pursatlyk gymyldaman dur,

Eden ýalñyşlarmy ýatlap göreýin.


Ençe eýmençlikden eýlenen dünýä,

Her pursatda şarpygyny ursa-da,

Eý sen arzanlardan gymmatly WAGT!,

Haýyş edýän bir pursatjyk dursana!...


©Baýram BEJIDOW

54
47
yanb
20 Sentýabr 2023
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.