elya
25.09.2023 16:53

Ýazgardymmy,

Ýazgardyňmy,

Ötgün munda ýazygymy.

Bagtyň gülün düşän ykbal.

Elden aldy ýazymyzy.


Ötünjümi, ökünjiňi,

Alyp gitdi ýyllaň saly,

Öz boýnuna orap aldy,

Bagtsyzlygyň mekir aly.


Deňimizden bir säginip,

Müňläp-müňläp hyýal ötdi.

Çarhypelek bir ýylgyryp,

Bir dumanlap, bizi itdi.


Yşk oýnunda näme utduk,

Ine, meňki diýer ýaly.

Maňa näme bagyş etdiň,

«Ine, seňki» diýer ýaly.


Sadalykmy, kadalykmy,

Ýa ykbalyň adatymy.

Ýalbar-ýakar aýralyga,

Üýtget yşkyň adatyny.


Gunça ORAZOWA,

54
110
elya
24.09.2023 14:01

Nirä baksam, gysganýarsyň gözlerim,

Çynyň bilen meni beýle gabanma!

Diňe saňa bagş eýledim näzlermi,

Çynyň bilen meni beýle gabanma!


Sözümde ýalan ýok, söýýänme ynan,

Söýgi berkemeýär bolmasa ynam.

Joşgunly kalbymy talaňa salan,

Çynyň bilen meni beýle gabanma!


Dünýe ýaly giň kalbymyň şasy sen,

Bu gudratly ylhamymyň joşy sen,

Şatlygym sen, gözlerimiň ýaşy sen,

Çynyň bilen meni beýle gabanma!


Sen diýip gursakda gürsüldär çepim,

Beýiklerden synla dünýäniň çetin,

Eger men gabansam, bolmaýar çakyň,

Çynyň bilen meni beýle gabanma!


Bahargul Mejidowa

51
125
elya
24.09.2023 08:50

Geçip barýar ýaşlyk döwrüm,

Ýollar bolsa öwrüm-öwrüm,

Gamgyn çagym diňläp böwrüm,

Ýürek sesim duýmazmy?


Adamzadyň ömri gysga,

Hasrat çekýän iki esse,

Sen asmanda, men zeminde,

Aýym nazar salmazmy?


El uzatsam, elim ýetmez,

Keşbiň göz öňümden gitmez,

Sensiz ak daňlarym atmaz,

Ahy-zarym duýmazmy?


Sensiň meniň Günüm-Aýym,

Birje pursat soraý halym,

Bagyş eýläýin dünýe-malym,

Söwer ýarym gelmezmi?


Seň ýoluňa gül düşäýin,

Gözleriňden ogşaýyn,

Ömürlik bagtly ýaşaýyn,

Meniň bagtym gelmezmi,

Ýürek zarym duýmazmy?


Güljemal Garaÿewa

46
53
elya
23.09.2023 21:06

Nämüçin sen hakda oýlanyp ýörün,

Duýgulam goýanok erkime meni.

Aslynda sen maňa ýöne bir tanyş,

Dymmalygyň bilen örteme meni.


Nämüçin sen hakda oýlanyp ýörün,

Göz öňüme getirýärin keşbiňi.

Hyýalymda seň mähriňi küýsedim,

Çünki sen bezeýäň köňül köşgümi.


Nämüçin sen hakda oýlanyp ýörün,

Göwnüme ýüregim saňa has ýakyn.

Käte seniň bilen görüşen wagtym

Senden aýra düşmek maňa has-da kyn


Bahargül Mejidowa

44
73
elya
23.09.2023 17:22

Sen nirede?

Umyt baglap ýörenim,

Alysdamy, ýakyndamy, ýanymda?

Göze görünmeýän täsin bir gudrat,

Oý-pikirmi, alňasaýan aňymda.


Sen nirede?

Hazyratly sandygym,

Saňa bagyşlaýyn dünýe barymy.

Seni gözläp pasyllarda aýlandym,

Basgylaplar ençe gyşyň garyny.


Sen nirede?

Ylhamymyň syrdaşy,

Goşgy ýazmagyma bolýarsyň sebäp.

Kä agladym, käte şatlandym sensiz,

Aşyk boldum, ataş kalbymda köräp.


Bahargül Mejidowa

61
254
elya
22.09.2023 21:08

Sen şeylebir bagtly ýigit, bilyäňmi?

Daşyň gurşasa-da, onlarça gyzlar.

Dünyäñ bir künjünde kalbynda seni

Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar.


Sen şeylebir bagtly ýigit, bilýäñmi?

Günde señ adyñy müñ goşga salyp,

Dünyäñ bir künjünde galyp ukudan

Bir gyz otyr ele galamyn alyp.


Sen şeylebir bagtly ýigit, bilyäñmi?

\"Ezizim\" sözüni aýdýan men müñläp

Bir gyz bar, belki-de, syryn açmadyk

Dillenmedik yşkyn kalbynda gizlän.


Sen şeylebir bagty çüwen, belki-de,

Bilyän dälsiñ, bir gülüñ bar solmayan.

Umydyndan ýola bakyp gündizler,

Gijelerne seniñ üçin aglayan.


Dünyäñ bir künjünde seni görmezden,

Duyýar bir gyz aglayanñy, gülyänňi.

Dileg edyär saña yzyn üzmezden,

Sen şeyle bir bagtly ýigit, bilyäñmi?


Güljan KAKAYEWA

54
76
elya
22.09.2023 19:20

\"Adaty söýüpdi\" diýäýde, goýaý,

Özüňde günäni goýmazlyk üçin.

Wagtlaýyn duýgyňam yzyna alaý,

Täze söýgülere gönezlik üçin.


Söýüşmäge adam tapdy:r ahyry,

Gezibergin ýeňles duýgyň badyna.

Içiň gyssa ýatlamany çagyryp,

\"Goşgam goşan bolýady\" diý, adyma.


Adaty zatlaryň gadry bolmaýar,

Gadry bolmaýşy deý adaty günleň.

Gowy duşuşyga kaktus barmaýar,

Söýülýäni azdyr adaty gülleň.


Ýürekden diýmedik sözleriň kaýda?

Üýtgeşik dälleriň galarmy baky?

Eýsem, düşýädimi ýadyňa, heý-de,

Düýşleri bolmadyk adaty ukyň?!


...Gowysy, kynçylyk bolmazlyk üçin,

Aý, garaz, ýene-de öňkilik bolaý.

Özüňde günäni goýmazlyk üçin,

\"Adaty söýüpdi\" diýäýde, goýaý.



Ylham GURBANALYÝEW

51
94
elya
21.09.2023 21:06

Seň toý günüň...

Toýlan günüň gaýgymy

Çözläp aldym ýatlamalaň ýumagyn...

Gözleriňde ünji ýokdy jinnegem,

Bagtdan ýaňa al öwsüpdi ýaňagyň.


Bir-bireksiz oňmaýardyk o günler,

Howlugardyk bir-biregi görmäge.

Soň köp aýtdyň unut diýip geçmişi.

Neneň dözjek bal günleri gömmäge?!


Degerli bir bahana-da tapmandyň

Söýgiň soňky nokadyny goýmaga.

Soraglarma jogap bermän dymaňsoň,

Menem artyk söz tapmandym diýmäge.


Şeýdip, ahyrlady söýgi ýodamyz,

Bir-bireksiz oňuberdik soňlaram.

Seň nä halda gezeniň-ä bilemok,

Ýöne welin, wagtyndan ir soňlanan

Söýgi meniň ukularmy ogurlady,

Talaň saldy tüýs wagtyna ýaşlygyň.

Sowuklykdan dünýä indi şeýdibem

Ykballaryň kejir aradaşlygy...


Seň toý günüň...

Bagtly günüň, şat günüň,

Jaýlan günüň umydymyň jesedin,

Giden günüň durmuşymdan sogrulyp,

Gelnalyjyňy synlan günüm keseden...


2011ý.


✏Sapa HOMMADOW

72
226
elya
21.09.2023 18:37

MEN ÝITMERIN DURMUŞYÑDAN ASYL-HA..


Men ýitmerin durmuşyñdan asyl-ha,

Bu tenimden iglän ruhym gitmese,

Senli günleñ ýakasyndan asylsam,

Şor mañlaýy, owal täleý itmese.


Men bu bagty çalyşmaryn hiç zada,

Tekepbirlik dar göwnimi ursa-da,

Arzuwly adyñy möhirläp goýjak,

Siñer ýaly käse deýin gursaga.


Perhat ýaly gazmasamam daglary,

Kiçi-uly kynlaryña taýyn men,

Giñ törime ýalkym saçsañ gijeler,

Onsañ dünýäñ edenine kaýyl men.


Tutan ellem goýberäýmez ap-añsat,

Senli günleñ ýakasyndan asylsam,

Bu tenimden iglän ruhym gitmese,

Men ýitmerin durmuşyñdan asyl-ha!...


Baýram Bejidow

53
66
elya
20.09.2023 21:23

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.

Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,

Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.


*****


Kaka uly bolmak aňsat däl eken,

Durmuşyň agramy asylýar çepden.

Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,

Dik başyny egip basylýar gepden.


*****


Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.

Şolaryň öňünde aşak egilýär,

Zalym duşmanlara egmedik başym.


*****


Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,

Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.

Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,

Kaka uly bolmak aňsat däl eken.


*****


Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,

Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.

Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,

Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim.


KERIM HALLY

55
58