elya
21.09.2023 21:06

Seň toý günüň...

Toýlan günüň gaýgymy

Çözläp aldym ýatlamalaň ýumagyn...

Gözleriňde ünji ýokdy jinnegem,

Bagtdan ýaňa al öwsüpdi ýaňagyň.


Bir-bireksiz oňmaýardyk o günler,

Howlugardyk bir-biregi görmäge.

Soň köp aýtdyň unut diýip geçmişi.

Neneň dözjek bal günleri gömmäge?!


Degerli bir bahana-da tapmandyň

Söýgiň soňky nokadyny goýmaga.

Soraglarma jogap bermän dymaňsoň,

Menem artyk söz tapmandym diýmäge.


Şeýdip, ahyrlady söýgi ýodamyz,

Bir-bireksiz oňuberdik soňlaram.

Seň nä halda gezeniň-ä bilemok,

Ýöne welin, wagtyndan ir soňlanan

Söýgi meniň ukularmy ogurlady,

Talaň saldy tüýs wagtyna ýaşlygyň.

Sowuklykdan dünýä indi şeýdibem

Ykballaryň kejir aradaşlygy...


Seň toý günüň...

Bagtly günüň, şat günüň,

Jaýlan günüň umydymyň jesedin,

Giden günüň durmuşymdan sogrulyp,

Gelnalyjyňy synlan günüm keseden...


2011ý.


✏Sapa HOMMADOW

72
226
angelface
23 Sentýabr 2023
Vayey bir bolgusyz ucin name etjek gozel janyny gynap oz yolu bn bolsun degme
lord
22 Sentýabr 2023
ylham_gurbanaly, içgin tanamansoň bilemokdum. Ýöne arada toýy bar diýib-ä aýdypdyňyz)
ylham_gurbanaly
22 Sentýabr 2023
@lord, partladam)
shemshat
22 Sentýabr 2023
Goşgy ýüregimden tutdy
mandarin
22 Sentýabr 2023
🌨👍
lord
21 Sentýabr 2023
Şulam "ýandymykan-aýt"?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.