elya
14.10.2023 20:38
Habaryň barmy
Sen kalbyma girdiň suw deýin akyp,
Synadyň söýgümi otlarda ýakyp,
Uz bakyşlar bilen ýylgyryp bakyp,
Yşga salýanyňdan habaryň barmy.

Yzyňda gezäýsem git diýýäň aýyp,
Nädeýin bolmasa bilmeýäň duýup,
Söýýän diýsem menä söýemok diýip,
Janym alýanyňdan habaryň barmy.

Ýok ekeni yşk ýolunda dözümde,
Jady barmy şar garaja gözüňde,
Oýlamany aýdan ýeke sözüňde,
Derde galýanymdan habaryň barmy.

Arzuwlarma gitdiň girip garylyp,
Aýtjak baryn gutaraýyn ýarylyp,
Güýzde gaçan ýaprak ýaly saralyp,
Sensiz solýanymdan habaryň barmy.

Ýalňyşdymmy yşk gapysyn ätleýip,
Ýüregimde hijran ody otlaýyp,
Gije gündiz gül jemalyň ýatlaýyp,
Telbe bolýanymdan habaryň barmy.

Duýgularmy asyl bilemok çäkläp,
Gezip ýörün bir gün söýer diýp çaklap,
Seni ýüregimiň töründe saklap,
Jandan söýýänimden habaryň barmy.

Süleýman Tekäýew
56
121
elya
14.10.2023 16:31
Göýä ki diýersiñ iki perişde,
Goldaýalar meni mydam her işde,
Gujaklary deñdir Jennet,behişde,
Tükenmez baýlygym ejem hem kakam.

Hajymyrat Goşaýew.
52
59
elya
13.10.2023 18:38
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Soňky günler maňa bir zada bolýar
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýar.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Seni seredenden gabanyp ýörün,
Käte seň ýanyňda egnimi gysyp,
Kä donuma sygman, gabaryp ýörün.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen maňa bir hili ýowuz görünýäň
Men seniň ýanyňa baryp bilemok
Hem onup bilemok saňa görünmän.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen meniň elimden gidäýjek ýaly
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iññä dönip ýitaýjek ýaly.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Göwnüme sen meni söýmeýän yaly,
Bu zatlary nädip saňa aýdyp bor,
Nädip duýdurup bor agyr ahwaly???

G. Eziz
52
61
elya
13.10.2023 15:47
Bir gün senden sorasalar men hakda,
Men bilemok, bir zatlara boldy diý,
Ýene gaýta-gaýta sorag berseler,
Meniň birje sözüm üçin öldi diý.

Ol näme söz sorasalar ýene-de,
,,Ol durmuşdan geregini aldy diy",
Bir meň bilen bir ömüri geçirmek,
Bar islegi bar arzuwy şoldy diý.

Ony däl-de arzuwlarmy saýladym,
Ol hakynda pikirlerim söndi diý,
Ýok-ýok gorkmaň ol entegem ýaşap ýör,
Diri halda arzuwlary öldi" diý.


Awtory: Baýram Bejidow.
50
47
elya
13.10.2023 00:01
«Ne sen geldiñ, ne-de men baryp bildim,
Mähriñ küýsäp, sesiñ eşidip, oñupdym.
Suratyña seredemde käteler,
Bu gözlerim şol durşuna doñup dur.

#B.BEJIDOW.»
47
60
elya
12.10.2023 22:28
Duýgusyza beren mylaýym söýgiñ,
Alan demi bilen çykarda gider.
Deriñ döküp, guran yşgyñ köşgini,
Ýeke sözi bilen ýykarda gider.

Hajymyrat Goşaýew
46
32
elya
12.10.2023 18:03
Aýyp görýän duýgularmy ýazmagy,
Şoň üçin setirmi ilden gizleýän.
Hemem maňa geňirgenmäň adamlar,
Derdim gizläp ilden kömek isleýän.

Özüm bilen özüm gürleşdim şugün,
Täsin, ýalňyzlyga höwrügipdirin.
Indi öňkim ýaly aglaberemok,
Ýaralarmam sarap öwrenşipdirin.

Hawa, birazajyk dikdüşdiräk men,
Gaýgymam,
şatlygmam saklap bilmeýän.
Ýene bir zat, ölen duýgym öňünde,
Setir bilen özüm aklap bilmeýän.

Durmuş oýunlary kyn gelýär biraz,
Ýogsa olam hoşlaýamy göwnüni?!
Menem başym alyp giderin mundan,
Şonda dertden goraryn men özümi...

23:21
27.05.2023
Enemähri Guwanowa(
@garlawach)
52
59
elya
12.10.2023 14:33
Bu gelen bagtymmy ýa-da baharmy?
Dolanmakmy geçip giden ýazlarma?
Ala gözlim, bakyp beýle gaharly,
Ýatlamalar üçin meni beýle ýazgarma!

Geçen hoş gün gaýtalanyp köňülde,
Alsa meni seniň söýgiň elinden,
Gyýylma biz bagty görmän geçsegem,
Geçmeris oň hesretiniň deňinden.

Bahar gaýtalanar, bagt gaýtalanmaz,
Gaýtalansa diňe düýşde görner ol.
Sebäp bagtam edil şowakör ýaly -
Öz gözleýän adamsyny görmez ol.

Özümi undamda ýatlama berlip,
Senem unudýaryn, meni bagyşla!
Bu dünýäde meniň bagtym barmy nä,
Ýatlamadan başga hem senden başga?!

Atamyrat Atabaýewiň
,, Gumsagat"
45
33
elya
11.10.2023 22:22
SENDE SÖÝGI DÖRESE
Dünýäň ala-ýaz bolar,
Sende söýgi dörese.
Ýüregiňde näz bolar,
Sende söýgi dörese.

Ýatdan çykar gam gussa,
Şatlyk artar müň esse,
Güller bogular desse,
Sende söýgi dörese.

Mähirlidir ýüzleriň,
Nurdan dolar gözleriň,
Dile geler sözleriň,
Sende söýgi dörese.

Garry bolsaň ýaş eder,
Derýa deýin joş eder,
Täsinlige duş eder,
Sende söýgi dörese.

Dok bolarsyň aç wagtyň,
Söýgä garaşýan wagtyň,
Bir gün açylar bagtyň,
Sende söýgi dörese.

BAHARGÜL MEJIDOWA
93
415
elya
11.10.2023 15:56
Ezizlemek näme , gabanmak näme,
Muny söýgä sataşmadyk bilmeýär.
Jan goýup , ýürekden söýmedik ynsan,
Añsat, añsat bagtlylykdan gülmeýär.

Hajymyrat Goşaýew.
54
66