elya
13.10.2023 18:38
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Soňky günler maňa bir zada bolýar
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýar.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Seni seredenden gabanyp ýörün,
Käte seň ýanyňda egnimi gysyp,
Kä donuma sygman, gabaryp ýörün.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen maňa bir hili ýowuz görünýäň
Men seniň ýanyňa baryp bilemok
Hem onup bilemok saňa görünmän.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen meniň elimden gidäýjek ýaly
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iññä dönip ýitaýjek ýaly.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Göwnüme sen meni söýmeýän yaly,
Bu zatlary nädip saňa aýdyp bor,
Nädip duýdurup bor agyr ahwaly???

G. Eziz
52
61
mgm
13 Oktýabr 2023
👍🏻❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.