elya
14.10.2023 20:38
Habaryň barmy
Sen kalbyma girdiň suw deýin akyp,
Synadyň söýgümi otlarda ýakyp,
Uz bakyşlar bilen ýylgyryp bakyp,
Yşga salýanyňdan habaryň barmy.

Yzyňda gezäýsem git diýýäň aýyp,
Nädeýin bolmasa bilmeýäň duýup,
Söýýän diýsem menä söýemok diýip,
Janym alýanyňdan habaryň barmy.

Ýok ekeni yşk ýolunda dözümde,
Jady barmy şar garaja gözüňde,
Oýlamany aýdan ýeke sözüňde,
Derde galýanymdan habaryň barmy.

Arzuwlarma gitdiň girip garylyp,
Aýtjak baryn gutaraýyn ýarylyp,
Güýzde gaçan ýaprak ýaly saralyp,
Sensiz solýanymdan habaryň barmy.

Ýalňyşdymmy yşk gapysyn ätleýip,
Ýüregimde hijran ody otlaýyp,
Gije gündiz gül jemalyň ýatlaýyp,
Telbe bolýanymdan habaryň barmy.

Duýgularmy asyl bilemok çäkläp,
Gezip ýörün bir gün söýer diýp çaklap,
Seni ýüregimiň töründe saklap,
Jandan söýýänimden habaryň barmy.

Süleýman Tekäýew
56
121
altyyeva
15 Oktýabr 2023
Şujagaz suratlary haysy progdan alýan 🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.