Duşmanlaryma nebsim agyrýar, goý olaryň gapysynda üç maşyn dursun. Tiz kömek, polisiýa we požarnik.
Men çagalardan gorkýan, olar gurjaklar bilen gürleşýär.
Bir gün sen sorarsyň, "meni söýýäňmi ýa-da kolbasany?" diýip, menem "seni" diýerin. Sebäbi seniň holodilnigiňde hemişe kolbasa bar.
-Ezizim, günortana näme taýarladyň?
-Hiç zat.-Ýöne düýnem hiç zat iýdigä.
-Howa, iki günlük taýýarladym.
Islendik erkegiň durmuşyndaky bilmeli iki zady:
1. Nahar tagamly bolsa, dymmaly däl.
2. Nahar tagamsyz bolsa, kän gürlemän dymyp iýmeli.
Meni bir begendirýän zat - bu meniň aýlygym. Ol gaty gülkünç.