Ýigrenýän seni! Meniň durmuşymy harapladyň! Meniň gül ýaly ýaşlygym seň üçin geçdi! Seň üçin görmedik günüm galmady! – diýip gyz janyýangynly hüňürdeýär.
Kuhnýadan ses gelýär:
- Gyzym, boldy etsene diplomyňa sögünmäňi.
Bankomatdan pul çekende puly sanaýanlara haýran galýan; pul kem berilen bolsa näme edip biljeklerkä?
Önki döwürlerde söýüsmek ýaman kyn bolandyr. 3-4 list söýgi haty ýazyp yzyndanam razylygyny soranda diňe borda ýa-da "hmm diýen jogap gelse oglanlar nähili bolýardyka?
Psihologyň ýanyna girdim. 4 sany oturgyç bar eken. Maňa "ortadakyda otyr" diýdi. Haýsymyz indi bizin psih?