5-nji synpda edebiýat sapagynda mugallym sorag berýär:
-Çagalar ,hany aýdyň. Puşkini kim öldürdi?
Synpa ümsümlik aralaşýar,çagalaryň ýüzi duw-ak bolýar,bir gyzjagaz bolsa hykylap başlaýar.
-Hany aýdyň, kim öldürdi Puşkini?
Amanjyk ýerinden tarsa turýar:
-Menä öldüremok, menä öldüremok.
Bu ýagdaýa haýran galan ýaş mugallyma müdiriň ýanyna ylgaýar. Bolan wakany gürrüň berip, okuwçylaryň sowatsyzlygyndan nalaýar. Müdir oňa äýneginiň üstaşyry seredýär-de şeýle diýýär:
-Ýoldaş mugallym, siz beýle soraglaty degişli organlara berseňiz bolmaýarmy? Çagalar ony nirden bilsin!