Garaşmak hökmanmy
Ýokary okuw jaýlarynyň birinde professor synpa girip, talyplara şeýle sorag beripdir:
– Goý, şu gün biziň barymyzyň dünýädäki iň soňky günümiz bolsun. Ertir şu wagtlar dünýäde hiç birimiz galmaýarys diýeli. Şeýle ýagdaýda siz şu gün näme ederdiňiz?
Professor talyplary ýeke-ýekeden turzup, olaryň berýän jogaplaryny synp tagtasyna ýazmaga başlapdyr.
– Ertire çenli galman namaz okardym. Alladan günälerimi bagyşlamagyny dilärdim.
– Özüme ýakyn adamlaryň barysy bilen hoşlaşardym.
– Ertire çenli ejem-kakamyň ýanynda bolardym.
– Dostlarym bilen könäni ýatlap, basketbol oýnardym.
– Günüň iň soňky gezek ýaşyşyşyny synlardym.
– Agşam asmandaky ýyldyzlary synlardym.
– Dogan-garyndaşlarymyň baryny öýe nahara çagyrardym.
– Kimiň göwnüne degen bolsam, barysyndan ötünç sorardym.
Talyplaryň arzuwlaryny synp tagtasyna ýazyp bolandan soňra professor olara ýylgyryp seredipdir-de şeýle diýipdir:
– Siziň bu isleýän zatlaryňyzy berjaý etmegiňiz üçin, kyýamatyň goparyna garaşmak hökmanmyka
Geliñ şu gün ejelermize, gelinlermize, doslarmyza we ýakynlarmyza seni şeýle bir gowy görýän diýip aýdalyñ we olaryñ nähili reaksiýany başdan geçirýändigini göreliñ bolmanda arañyza gowlanar.