dmoo
31.08.2023 10:49

Bir ýaş hukukçy özüniň otagyny aňrybaş mebeller bilen bezäp, stolunyň üstüni bolsa her kysmy telefonlardan dolduryp, hukuk boýunça maslahatçy wezipesine işe başlapdyr. Şol günüň özünde-de oňa bir müşderi gelipdir. Emma hukukçy ony bada-bat içerik goýbermändir. Birsalym garaşdyran bolup, onsoň ýanyna kabul edipdir. Onuň pikiriçe, eger şeýtse, gelen adamyň gözünde özi hasam abraýly görünýärmişin.


Müşderi içerik girenden soň, hukukçy onuň habaryny alman, derrew telefonyň trubkasyna ýapyşmak bilen bolupdyr. Ol telefon arkaly möhüm bir meseläni çözýän kişi bolup gürlemäge başlapdyr:


 – Jenap ministr, biz şol taslamanyň üstünde işlejek bolup biderek wagt ýitirmäliň-le… Ýeri, siz näme maslahat berýäňiz? Bolýar-da, ýigrimi müň dollardan aşak ýeke köpügem gaýdyp biljek däl… Bolýar, gepleşdik. Hoş wagtyňyz!


Trubkany goýan hukukçy myhmanyň geň galyp seredip oturandygyny görüp, hasam gopbamsy görnüşe giripdir-de:


– Aýdyberiň jenap! Sizem garaşdyraýdym öýdýärin – diýipdir.


Şonda müşderi hökmünde içerik kabul edilen adam biraz ardynjyrap, zordan diýen ýaly özüniň bu ýere telefony ulgama çatmaga gelen ussadygyny aýdyp bilipdir.

34
207
orazow96
31 Awgust 2023
@gulshatayewa97, laik ucun sagbol
gulshatayewa97
31 Awgust 2023
Gowy bolaýypdyr. Bir halamokda şular ýaly özünde ýok zady bar edip görkezmek üçin ýalan sozleýän adamlary😠
gulu
31 Awgust 2023
🤣😂🥴
dmoo
31 Awgust 2023
Siziñem şular ýaly bolan bolýan doslarñyz bamaý
sahed
31 Awgust 2023
😁😁😲😲
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.