Gözlerini şatlykdan püre-pürläp, ýyljyraklaşyp seredýän perzentleriňize hoş sözüňizi gysganmaň! Sebäbi neresseler hä diýmän ulalyp, «höwürtgelerinden» uçup giderler.
Size ýakyn bolan adamlary tüýs ýürekden bagryňyza basyň. Çünki söýgi diýlen zat hiç hili azapsyz, ýüzüň ugruna ýürekde döräp gidiberýän ýeke-täk baýlykdyr. Söýýän adamlaryňyza «Seni söýýän» diýip aýdyň. Käte ýekeje posa, ýa-da gujaklaşyp görşülen ýekeje pursat ähli öýke-kinäni aradan aýryp bilýär. Ýanýoldaşyňyz bilen gol tutuşyp aýlanyň we bile geçirýän wagtyňyzyň gadryny biliň! Sebäbi ýanyňdaky adamlaryň bir gün ýanyňda bolmajagyny ýatdan çykarmaly däldir.
Birek-biregi söýmäge, birek-birek bilen gürleşip-derdinişmäge wagt aýryň! Özaraňyzda aýdylmaly gürrüňleri aýtmaga hökman wagt tapyň. Sebäbi durmuşa ynsanyň dem sanyna görä däl-de, başdan geçiren pursatlarynyň sanyna görä baha kesilýär.
Bob Murhed
***
Size ýakyn bolan adamlar mydama başyňyzy alyp durmaz. Şonuň üçin olar bilen bile köp wagt geçirmegi ýatdan çykarmaň!