dmoo
13.09.2023 10:35

Kä bir dünýä belli şereketleriñ taryhyny köpimiz bilmeýän bolsak gerek. Olaryñ dünýä belli bolmak ücin gecen ýollary gyzykly we bize täze işimizi başlamaga ruhlandyryjy esas bolup durýar.Geliñ olaryñ kä birlerne seredip geçeliñ.



Nestle



XIX asyrda Şweýsariýada dogulýan her bäş çagadan biri bir ýaşyny hem doldurman aradan çykýardy. Şeýle gözgyny ýagdaýyň gözli şaýady bolmak Genrih Nestle üçin juda agyr degipdir. Onsoň, ol özüniň bar wagtyny çaganyň iýmitlenişini öwrenmäge sarp edipdir. Şeýlelik bilen, çaga ilkinji aýlarda goşmaça iýmit bolup hyzmat etjek süýt aşyny öndürmegiň hötdesinden gelipdir.



Şol döwürlerde hamyla bir zenan agyr kesele uçrap, çagasy wagtyndan ir doglupdyr. Göýdüjek bolup dünýä inen bäbejik enesini-hä bir emmändir, goşmaça berilýän iýmitleri hem kes-kelläm kabul etmändir. Hiç kimde onuň ýaşajagyna bolan umyt galmandyr. Ine, Nestle özüniň öndüren süýt aşyny 1867-nji ýylda ilkinji sapar bäbejik Wannere iýdirmek arkaly ony ölümden halas edipdir.



Nestläniň açyşa barabar şol önümi lukmandyr bilermenleriň goldamagy hem-de maslahat bermegi bilen tutuş Şweýsariýada, soňundan bolsa Ýewropada we dünýäniň çar künjeginde meşhurlyk gazanypdyr. Bu önüm ene süýdi bilen iýmitlenmäge ukypsyz nijeme çagalaryň dadyna ýetişipdir.



Nestle öz şereketine hem-de şereketiň brendine at hökmünde familiýasyny goýýar. Galyberse, «nestle» sözi nemes dilinde höwürtge diýmegi hem aňladýar. Şoňa görä, brendde höwürtgesinde jüýjelerine iýmit berýän guşuň suraty şekillendirilýär.



Dokma senagatynyň innowasiýa enjamy «Toyota»



«Toyota» şereketiniň hekaýaty Sakiti Toýodanyň XIX asyryň ahyrlarynda Ýaponiýanyň dokma senagaty pudagynda uly öwrülişik döreden ilkinji awtomat dokma stanoklaryny oýlap tapmagy bilen başlaýar.



Sakiti Toýoda 1918-nji ýylyň ýanwar aýynda «Toyoda» ýüplik egriji we mata dokaýjy fabrigiň düýbüni tutandan soňra özüniň ýeke-täk arzuwy bolan awtomat dokma stanogyny ogly Kiitironyň hem kömek bermegi bilen 1924-nji ýylda doly ýasap gutarýar. Iki ýyl soň bolsa, «Toyoda» awtomat dokma stanoklaryny öndürýän zawodyny açýar.



Kakasy ýaly oýlap tapyjylyk ukybyna eýe bolan Kiitiro 1920-nji ýyllarda Amerika we Ýewropa syýahat eden döwürleri şol ýurtlaryň uly depgin bilen ösýän awtoulag senagaty onda uly täsir oýarýar. Kiitiro kakasynyň awtomatik dokma stanoklarynyň patentini satmak bilen gazanan ýüz müň funtuň baryny sarp edip, 1937-nji ýylda «Toýota Motor Korporeýşn (TMC)» kompaniýasyny gurýar. «Toyota» häzirki wagtda dünýäde iň köp awtoulag öndürýän kompaniýa hökmünde tanalýan hem bolsa, dokma senagaty pudagyndan hem örküni üzmän, dünýäniň köp ýurtlaryny awtomat dokma stanoklary bilen üpjün edýär.



Ýuwaş okean söweşlerinde kompaniýa özüniň bar güýjüni Ýaponiýa imperiýasynyň goşunlary üçin nowaly harby awtoulaglary öndürmeklige gönükdirýär. Urşuň iň bir haýhatly günlerinde hem ýokdan bar edip, öňki bamperi ýeke faraly harby ýük ulaglaryny öndürýär. Uruşdan soň 1947-nji ýylda şereket ýeňil awtoulag önümçiligine başlaýar. 1957-nji ýylda «Toyota Motor Sales» atly ýene bir ulag söwda kompaniýasyny döredýär. 1957-nji ýylda bolsa, «Toyota» ABŞ-a eksport edilen ilkinji ýapon awtoulagy bolýar. Şeýlelikde kompaniýanyň ABŞ-da we Braziliýada şahamçalary açylýar.



«Malboro» şereketiniň şöhratlanmagy



«Malboro» çilimini bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Diňe brendiniň bahasy milliardça dollar bolan bu şereketiň biziň günlerimize çenli gelip ýetişiniň hekaýaty diýseň gyzykly.



Bir mahallar «Malboro» şereketiniň temmäki zawody batmak derejesine ýetipdir. Günlerde bir gün zawoda bir adam gelip, şereketiň girdejisini üç aýyň dowamynda üç esse ýokarlanar ýaly edip biljekdigini, özüniň bu hyzmaty üçin bolsa şerekete şärikligi şert goýýandygyny, eger sözünde tapylmasa, ömrüniň ahyryna çenli zawodda mugt işlejekdigini aýdypdyr. Alaçsyzlykdan ýaňa iki aýagyny bir gonja sokup oturan ýolbaşçylar barybir ýitirýän zadymyz ýok diýen pikir bilen ýaňky nätanyşyň şertini kabul edipdirler. Nätanyş olardan diňe boş «Malboro» çilim gaplaryny sorapdyr. Zawodda bolsa, boş çilim gaplary gyryň daşy ýaly diýýär. Oňa boş çilim gaplaryny getirip beripdirler. Onsoň, ol çilim gaplary ýeke-ýekeden aýagy bilen basyp mynjyradypdyr we üç aýlap Amerikanyň dürli ýerlerine ýaňky mynjyradylan boş gaplary uçardan aşak taşladypdyr.



Şeýlelikde, «Malboro» çilim gaplarynyň köp göze ilip başlamagy bilen adamlarda «Beýle köp çekilýän bolsa, bu üýtgeşik çilim bolmaly» diýen pikir döräpdir. Ine onsoň, «Malboro» çekýänleriň sany köpelip ugrapdyr. Şereketiň girdejisi şol aýyň özünde bäş esse ýokarylanypdyr. Elbetde, şeýle ajaýyp pikiri orta atan adam şerekete şärik bolupdyr. Siz ony tanan bolsaňyz gerek? Ol Filip Morris

24
77
dmoo
11.09.2023 19:44

Hem hal-ahwal soraşaýyn hem-de ýetmişaltynjy ýaş gününi gutlaýyn diýip başlangyç mekdep mugallymymyň öýüne gitdim. Aýaly ikisi melleklerinde güýmenip ýördüler. Mugallymym gazonlary suwarýardy, aýaly bolsa gülküýzeleriň gumuny täzeläýärdi.


Meni görüp, edip ýören işlerine dyngy berdiler. Howa açykdy, güneşlidi. Howluda duran stolyň başynda oturanymyzy kem görmedik.


Gürrüňe gyzyp gepleşip otyrkak, ýanymyza olaryň bir goňşusy geldi. Gele-gelmäne-de töweregiň çagalarynyň aram-aram olaryň gazonlarynyň üstünde pökgi oýnaýandyklaryny aýtdy. “Olara zynhar ýüz beräýmäň” diýdi, “Ýogsa hiç haçan gazon ýetişdirip bilmersiňiz”.


Mugallymym oňa örän salykatly jogap gaýtardy:


“Zyýany ýok, goňşy. Meniň pikirimçe çaga ýetişdirmek, gazon ýetişdirmekden has ähmiýetli

15
38
dmoo
10.09.2023 12:08

“TÄZEÇE DURMUŞ”


Özüme gelen wagtym depäm agyrydan ýaňa lorsuldap durdy. Endam-janym meniňki däl ýalydy. Darajyk ýerde süýnüp ýatyrdym. Ýerimden turmaga synanşamda, kelläm bir tagta bölegine degdi. Alaçsyz, ýene-de süýnip ýatmaly boldum. Gözlerim açyk bolsa-da, ähli ýer tüm garaňky,  hiç zady görüp bilemokdym. Birden ýüregime gorky aralaşyp ugrady. Gorkym gitdigiçe has güýjeýärdi. Ýüzümdäki ak matanyň ýüzüne düzülen merjen däneleri ýaly ýaldyraýan der damjalary çekgämde ot tutaşdyryp, aşaklygyna syrygýardy.


Näme üçin bu ýerde ýatanymy aňşyrjak bolup, özümiň suw deýin akyp giden durmuşyma göz aýladym. Birdenkä ölüm ýadyma düşdi. Bu aýylganç pikir inimi tikenekletdi. Pikirlerim bilen syrly älemleriň derýasynda gulaçlap ýüzüp, kanary tapyp bilmän urunýardym.  Göwnüme bolmasa kellämda müňlerçe garynja gezmeläp ýören ýalydy.


Görsene muny,  men tabytda  ýatan bolsam nätjek. Ýaňky turjak bolanymda-da kelläm tabydyň gapagyna degen ekeni. Hawa, hossarlarym meniň içki öýümiň agzyna kerpiç hem ördüripdirler. İndi, şular ýaly darajyk otagy içýandyr ýylanlar bilen paýlaşmaly bolupdyryn. Bu ahwalatlar çyn bolsa, men topragyň astynda pikir edip bilýärdim. Topragyň astynda dem alyp bilyän bolsam, pany jahanda wagtym ol dünýäniň barlygy barada eşiden gürrüňlerim dogry bolmaly-da. Bir salymdan, belki,   töweregimde sorag perişdeleri hem köw urup başlar. Öz ugruna akan, günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Hawa, hiç bir janly-jemendäniň peydasy bolmadyk durmuşymdan…


Gorkydan ýaňa bedenim sandyrap durdy. Maña garaşýan jebir-jepalaryň aýylgançdygyny duýýardym. Dowzahyň  howruny endam-janymda syzýan ýalydym. Bedenimiň ähli öýjüklerinde tutaşan ökünç yzasy çekip çydar ýaly däldi. Hawa, edil şu wagt topragyň goýnunda ýatan hem bolsam, salgym bolup görünýän meniň şol günälerden doly dünýäme tarap –  jehennemiň ýandyryjy alawyna tarap barýardym.


Yatan ýerimden geçmişime ser salmaga durdym. Ýaňy on iki ýaşyny dolduran oglanjykdym. Kakam  öz dost-ýarlary bilen üýşüp, şerap süzüp keýpi-sapa sürerdi. Gapyny ýuwaşja açyp, olara syn edýärdim. Olaryň keýpi-sapalarynyň çeşmesi, içýän alkogolly içgileridir öýdýärdim. Telewizorda daşary ýurt kanallaryndan görýän kinolarymdaky sahnalar  meniň bu pikirimi ençeme gezekler tassyklap, goldaýardy. Şondan soň,  men hem kakamyň şol çüýşesine şärik bolup başladym. Kakam muny göreninde, maňa gaharlanmady. Meni gujagynda oturdyp: ‘Erkek adam içmeli’ diýip, pyýalany şol zährimardan öz eli bilen dolduryp berdi. İne, şol pursatdan soň, çüýşeleri hemra edinip, erkimi damarlarymdaky gana aralaşan şeýtanyň eline berip, pis pygyllaryma gulluk etmäge başladym.


Zyýanym ilki bilen garyndaşlaryma we goňşularyma ýetdi. Soňra bolsa, hemmelere erbetlik etmek bilen boldym. Nebsewürligim, açgözlügüm hemişe özümden öňdedi. Gözümde ynsanlaryň hiçisiniň gadyr-gymmaty ýokdy. Kakam, ejem, garyndaşlarym, hat-da ülpetlerim hem meniň üçin hiç zatdy… Ynsanlara asla hormatym ýokdy. Meniň keýpi-sapama garşy bolanlary dynnym ýalyjak hem sylamaýardym.  Çünki men indi pyýalalar tarapyndan dolandyrylýan duýgusyz ýönekeý bir robotdym.


Araga pul bermäni üçin garryja ejem bilen kakamy uran gezeklerimem boldy. Olaryň it görse gözi agarjak bir durmuşda ýaşap, soňra-da atsyz-sorsuz ölüp gitmeklerine  men sebäp boldym. Kakam meniň elime arakdan pürepür bulgury bermek bilen,  öz azap guýusyny özi gazdy. Ejem bolsa meniň üçin durmuşymda hiç bir orny ýok, gündelik hojalyk işlerini ýerine ýetirýän abzaldan ybaratdy. Olary ezizläp, hormat goýmalydygyma şu wagt düşünýän. Käşgä yzyma dolanyp bilýän bolsadym, mazarlarynyň başynda hem bolsa meni bagyşlamaklary üçin olara ýalbarardym.


Öýlenen günlerim, aýalym ýadyma düşdi.  Bir gün, hat-da ýekeje pursatlyk hem onuň ýüzüni güldürmändim. Ol mundan soňra, meniň bilen bir ykbaly paýlaşan döwründe yatdan çykaran şatlygyny täzeden görer diýip, umyt edýärin. Yzymda galan gol doly çagalarym göz öňüme geldi. Boyunlary buruk, ýüzleri salyk, solan güller deýin, söýgüden, mähirden, kaka gujagyndan mahrum bolan çagalarym. Kim bilýär ykbal nähili muşakgat taýýarlaýar olara. Eger mümkin bolsady, çagalarymdan hem-de aýalymdan ötünç sorardym. Olaryň gulagyna, gelejekde ýollaryny ýagtyltjak hakykatlar barada bir zatlar pyşyrdamaga, öz sepil durmuşymdan sapaklar hödür etmäge synanşardym.


Bedenimiň sandyramasy galan hem bolsa, ýüregim birahat tirpildeýärdi. Görünmeýan bir el endam-janymy ýiti päki bilen dilimleýän ýalydy.


Maňa maslahat bermäge gelenler, töwella etmäge gelenler, ýanyma gelenlerine puşman edýärdiler. Gije diýmän, gündiz diýmän bütin günümi dawa-jenjel bilen geçirerdim. Biçäre çagalarymyň ellerindäki puljagazlaryny zor bilen alardym. Ýanyma pul diýip gelseler, olary suwa salma ýenjerdim… Hiç bolmanda,  wagtlaýynça bolsa-da şu toprak üstümden aýrylsady, gapy-gapy aýlanyp, başymy basgançaklara diräp, ähli edenlerim üçin ötünç sorap bilsedim.  


İndi barybir giç… Birsalymdan perişdeler gelip,  günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Wagt geçdigiçe, maňa berilýän gabyr eziýetleriň görnüşi-de üýtgeýärdi. Bedenime gyzgyn demir bilen tagma basylýan ýalydy. İndi halys derlemäge derim galmady, bogazym gurap, dodaklarym bir-birine ýapyşyp durdy.


İň erbet tarapy hem, bir gezejik hem bolsa Ýaradany ýatlap, dyz epmändim. Aýdylanlary howaýy gep diýip bildim. Emma häzir, Ýaradandan hem-de onuň ilçisinden soraga çekerler meni. Men bolsa bütin ömrümiň dowamynda çüýşelere “çokunup” gezdim. Şolar bilen umytlarymy besledim. Günüm hemişe aýşy-eşretde geçsedi, naharlarym içgi bilen taýarlansady, eşiklerim içgi bilen ýuwulsady diýip arzuw ederdim. Häzir hem ‘Seni ýaradan kim?’ diýip sorasalar, dilim barmaz ”Alla” diýmäge. Çünki men tutuş ömrümde çüýşelere “çokunypdym”. Haçan-da bolsa bir gün, ölümiň geljegini pikir etmändim. Wah, iň bolmanda, ynsanlara ýekeje gezek ýagşylyk etmäge rugsat berilsedi…Onda bir çetde oturyp, men ýalylara – durmuş serhoşlaryna, maddy zatlara togap edýänlere ölümiň  hem-de  hasap gününiň hakykatdygyny düşündirmäge çalşardym.


Suw seňrikden agansoň, ynsan gabra girensoň ökünjiň peýdasy ýok.


Şu pikir-hyýallar bilen gumra bolup, näçe wagt ýatanymy bilemok. Gözümi açanymda, göreçlerim Günüň ýiti şöhlesi bilen çaknyşdy. Üns bilen  syn edenimde, bu ýeriň seýilgähdigine göz ýetirdim. Nepesim birneme durlanaýdy. Meger agşam serhoş halda bu seýilgähiň oturgyçlarynyň birinde ýatyp galandyryn. Gije ýere ýykylyp, uzyn oturgyjyň aşagyna düşüpdirin. Hol beýlämde duran  ýarysy içilen  arak çüýşesini görenimde, içýan gören ýaly inim tikenekläp gitdi. Şol bada ony alyp gapdalymda duran zibil sebedine oklap goýberdim.


Şol günden soň, maksatly ýaşamaga başladym.  Allatagalanyň öňünde bir gün hasap bermek  gorkusy meni  erbet işlerden daşlaşdyrdy. İçimde, nebsime haý diýip biljek bir güýç peýda boldy.


Ýaltanman okanyñyz we bizi goldanyñyz üçin sag boluñ!

21
157
dmoo
09.09.2023 00:55

* Durmuş iňňän ýowuz mugallym. Öňürti synag edýär, soňra sapak berýär.


* Seni bolşuňdan başga hili tanap söýenlerinden, bolşuň ýaly tanap ýigrenenleri gowydyr.


* Dostum, durmuşy saňa görkezişleri ýaly kabul etme. Durmuşyň mundan has oňat bolup biljekdigine özüňi ynandyr.


* Adam diňe ýeke bir zady islemeli we dynman diňe şony islemeli; ana, şo mahal oňa ýetäýmegi gaty ahmal.


* Gözel geljegiň ýoluna göz dikip, görmegeý ýaşlygymyzy tozdurýardyk; hawa, hut şol ýerde ykjam ýalňyşýardyk.


* Zeýrençler, öz-özüňe nebsiň agyrmalar, ökünçler… yzdan garalanda, geçmişiň begnçli pursatlary bolup galar. Geçmişe garamagy halamaýaryn we geçmişimi uzaklarda galdyrýaryn; edil bir guşuň uçmakçy bolanda kölegesini terk edişi ýaly.


* Kenardan uzaklaşmaga bogny ysmaýan adam täze ummanlary açyp bilmez.


* Garaňka sögmek ýerine, bir yşyk ýakyň, göwnüňiz galkynar.


* Köp gaýtalanan tankytlar we çykyşlar täsirini gowşadýar. Edil ýekejesine basaňda aýagy agyrdýan çagyl daşynyň, birgideniniň üstünden ýöräňde täsirini ýitirişi ýaly.


* Her bir gül öz miwesi üçin solmaga mejburdyr; miwe-de şahadan gaçmese, ölmese, täze güller döremez. Baharam öz badyny gyşyň ýasyndan alýandyr.


Andre Gide

26
82
dmoo
08.09.2023 08:17

Göriplik hem göripler hakynda


Görýäň, adamlara içgin bakaňda,

Göriplerem az duşanok jahanda.


Göriplik gurçugy kalbyny iýýän

adamy tapylmaz sylaýan, söýýän.


Göriplik gylygy gülli göz ýaly,

Başga keşpde görkezýändir özgäni.


Ýaramaz gylygna berip owsaryn,

Arasyny açmaz näçe kowsaňam.


Oň gözlerne erbet bolup görünýän

Adam tüýs bagtly—bezegi dünýäň.


Ýalnyň ýok edişi ýaly oduny,

Bu gylygam zaýalaýar adamy.


Aý nur saçýar depesinden dünýäniň

Ýöne görip itiň oňa üýrýänin


Görýänsiňiz.

Hatda ýaryganatam

Ýigrenýändir Güni—dünýäň zynatyn.


Şol ite hem ýaryganata öýkünip,

Kim at aljak bolsa göge tüýkürip,


Güne ýetmez,

Gaýta ýüzüne düşer…

Akly bolan adam sözüme düşer

16
49
dmoo
07.09.2023 12:06

Dogry salgy


Bir adam prokuror dostunyň ýanyna baryp, oňa arzyny aýtmaga durýar:

– Birinden ep-esli algym bar welin, teý, alyp bilemok. Indi arz edäýmesem.

Ýañky prokuror ondan soraýar:

– Algydaryňyzyň ýanyna baryp, adam şekilli ýüzlenip, gepleşip gördüňizmi?

– Wah, hawa-la!

– Näme diýdi?

– «Jähenneme git!» diýdi.

– Siz näme etdiňiz onsoň?

– Ynha, siziň ýanyňyza geldim!😁



-Suratlar hakda bir soragym ba, 🤔 "NÄDIP?"

20
328
dmoo
06.09.2023 14:34

"Ýolbarslara" mätäçlik çekilýär



Bir gün çöl haýwanlary öz aralarynda söhbet edýärler. Bularyň gürrüňiniň soňy «şunçarak çaga dogurdym-da, munçarak çaga dogurdyma» ýazýar. Olaryň birisi «bir gezekde üçem dogurdym» diýse, ýene birisi «bäşem dogurdym» diýýär. Bu sany ona çykaranlaram tapylýar. Ahyrynda bu gürrüňlere pitiwa etmeýän ýaly bir gyrajykda asuda oturan ene ýolbarsa-da gezek ýetýär. Şonda ol «Men ýekeje çaga dünýä inderdim. Ýöne onuň siziňkiden tapawutly ýeri: ol – ýolbars» diýýär.


San taýdan köp bolmagyň hem peýdasy bardyr, emma hil taýdan pes bolan köplügiň ýöne bir sandan ybaratdygyny unutmaly däldir. Şol sebäpli hem ahlak, hem ylym babatynda kämil nesil ýetişdirmek gerek. Şolara mätäçlik çekilýär.

17
62
dmoo
05.09.2023 12:54

Mugallymym, eşit sesimi!


Gynansamam, öň size sesimi eşitdirip bilmedim. Bu gün bolsa, sesimiň eşidilmesi üçin ýekeje pursatym bar ýaly.

Salam diýip başlaýyn sözlerime… Aslynda, salamy bizden öň siz beriň, salam berenok diýibem gaharlanmaň, haýyş. Salamy öwrediň. Ony haýsy dilde, nädip aýtmalydygyny däl-de, manysyny öwrediň.

Bir zadyň ýalňyşdygyny däl-de, ýalňyşyň netijesini öwrediň.

Uruşýan wagtymyzda gaharlanmaň. Hiç wagt uruşmadyk barmy eýsem? Goýberiň, adalatsyzlyga, zuluma garşy göreşeýin, göreşmegi öwrediň.

Maňa adam bolmagy öwrediň. Ýaşamagy öwrediň. Bu dünýä näme üçin gelendigimi düşündiriň.

Biz hem, edil siz ýaly, öz durmuşymyzy ýaşap ýörüs. Köp ýyllaryň tejribesine eýe bolmasak-da, biziňem soňy görünmeýän, gutarmaýan aladadyr dertlerimiz bardyr. Şolardan dogry baş alyp çykmagy öwrediň.

Nädip öwrenişmelidigini däl-de, köpçülikde “ýedi ölçäp, bir kesip”, özüňi dogry alyp barmagy öwrediň.

Meni roman ýa-da hekaýa ýazmaga mejbur etmäň. Romanlardan, hekaýalardan ybrat alyp ýaşamagy, hatda ýaşatmagy öwrediň.

Döwlet senasyny nähili tonda aýtmalydygyny däl, senamyzyň manysyny, ony özümizde duýup ýaşamagy, oňa wepaly bolup galmagy öwrediň.

Ýaramaz endikli okuwçylara-da gaharlanmaň, okuwçylaryň ýaramaz endikli bolmagyna sebäp bolan derdi öwreniň.

Maňa medal almagy däl-de, adamlaň göwnüni almagy öwrediň.

Wagtlaýyn haý-höwes bolan yşky gadagan etmeden öňürti rowaýatlardaky ýaly yşka düşüp, hakyky söýgini araçy edinenleriň ýollaryny düşündiriň…

Eýsem-de men, düşünenleriňizden däl-de, aýdýanlarymdan jogapkär dälmi nä? Hem siz dälmi, ählimiziň sallançakdan mazara çenli öwrenýän okuwçylardygymyzy aýdan?! Şonuň üçin menem size “öwrenýän mugallymym” diýýärin. Bizi tanamagy dowam ediň!

Meniň sözlerimiň tersligi gödekligim üçin däl, “bizi” size düşündirmek üçindir.

Bilýän, sözlerimde ne öwgi bar ne-de ýazgarma. Ýöne ýürekden ýazdym sözlerimi. Ýene-de bilýän, gaty görmersiňiz. Sebäbi siz bary-ýogy tema gürrüň berýän hem synag alýan kişi dälsiňiz biziň üçin. Ýol görkezijimiz, doganymyz, hatda enemiz hem atamyzsyňyz!

Bizi biz edýäniň sizdigini bilýäris!

Salamlarym we hormatlarym bilen @dmoo

21
104
dmoo
04.09.2023 14:25

Dermanhanada tapdyrmaýan dermanlaryň sanawy:


1. Bedenterbiýe maşklary we sport bilen meşgullanmak – dermandyr.


2. Doga-dileg – dermandyr.


3. Kadaly iýmitlenmek – dermandyr.


4. Gülki – dermandyr.


5. Hoşniýetlilik – dermandyr.


6. Wagtynda ýatyp, wagtynda turmak – dermandyr.


7. Ybadat – dermandyr.


8. Mähir-muhabbet – dermandyr.


9. Söýmek we söýülmek – dermandyr.


10. Şükranalyk – dermandyr.


11. Gahar-gazapdan, öýke-kineden we duşmançylykdan el çekmek – dermandyr.


12. Ruhy iýmitlendirmek – dermandyr.


13. Maşgala agzalaryňyz bilen oturyp derdinişmek – dermandyr.


14. Gujaklaşmak – dermandyr.


15. Gowulyk hakda pikir etmek – dermandyr.


16. Arassa howada gezim etmek – dermandyr.


17. Gowy dostlar – dermandyr.


18. Özüňi we özgäni bagyşlap bilmek – dermandyr.


Goý, Allatagala bize ruhy we beden taýdan sagdyn durmuşda ýaşamagy nesip etsin

22
57
dmoo
03.09.2023 11:30

Çagalarny ýanyna jemlemek ücin ata gör näme etdi.


ABŞ-nyň Finiks şäherinde ýaşaýan bir goja Nýu-Ýorkda ýaşaýan ogluna jaň edýär:


– Saňa ýakymsyz habarym bar, oglum! Ejeň bilen ikimiz aýrylyşýarys. Kyrk bäş ýyllap iňirdisini çekip gezenim besdir.


– Kaka, bu näme diýdigiňiz bolýar? Indiden soň aýrylyşmak bolmaz ahyry?


– Bolman näme? Beterem bolar, oglum! Biz indi ejeň bilen halys oňşamyzok. Ikimizem belli bir karara geldik. Şonuň üçin uýaňa-da özüň jaň edip aýdaý!


Gojanyň oglunyň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar. Ol wagt ýitirmän Çikagoda ýaşaýan uýasyna jaň edip, hemme zady gürrüň berýär. Uýasy gahardan ýaňa sesini endiredip:


– Içigar galmyş, bularyň näme aňkasy aşyp ýörmükä? Indiden soň tapýan zatlaryna sered-ä bularyň. Men olar bilen özüm gürleşerin häzir – diýýär. Onsoň, gyzy goja jaň edýär:


– Kaka! Sen näme akylyňdan azaşyp ýörmüň! Aýrylyşmarsyň, düşünýäňmi, saňa diýýärin, aýrylyşmarsyň?! Men häziriň özünde ýola çykýaryn. Men barýançam hokga çykarmaň. Düşündiňizmi? Men häzir jigime-de jaň etjek. Ertiriň özünde ikimizem öýde bolarys, onsoň hemme zady maslahat ederis. Şoňa çenli bir tagapyl ediň, bolarmy?!


Gyzy trubkany goýandan soň, goja aýalyna öwrülip seredýär-de, şeýle diýýär:


– Keýwany, olaryň ikisi hem Täze ýyl baýramyna öýe gelýär. Üstesine, bu gezek ýol pullaryny hem öz jübülerinden çykarýarlar

19
68