Kä bir dünýä belli şereketleriñ taryhyny köpimiz bilmeýän bolsak gerek. Olaryñ dünýä belli bolmak ücin gecen ýollary gyzykly we bize täze işimizi başlamaga ruhlandyryjy esas bolup durýar.Geliñ olaryñ kä birlerne seredip geçeliñ.
Nestle
XIX asyrda Şweýsariýada dogulýan her bäş çagadan biri bir ýaşyny hem doldurman aradan çykýardy. Şeýle gözgyny ýagdaýyň gözli şaýady bolmak Genrih Nestle üçin juda agyr degipdir. Onsoň, ol özüniň bar wagtyny çaganyň iýmitlenişini öwrenmäge sarp edipdir. Şeýlelik bilen, çaga ilkinji aýlarda goşmaça iýmit bolup hyzmat etjek süýt aşyny öndürmegiň hötdesinden gelipdir.
Şol döwürlerde hamyla bir zenan agyr kesele uçrap, çagasy wagtyndan ir doglupdyr. Göýdüjek bolup dünýä inen bäbejik enesini-hä bir emmändir, goşmaça berilýän iýmitleri hem kes-kelläm kabul etmändir. Hiç kimde onuň ýaşajagyna bolan umyt galmandyr. Ine, Nestle özüniň öndüren süýt aşyny 1867-nji ýylda ilkinji sapar bäbejik Wannere iýdirmek arkaly ony ölümden halas edipdir.
Nestläniň açyşa barabar şol önümi lukmandyr bilermenleriň goldamagy hem-de maslahat bermegi bilen tutuş Şweýsariýada, soňundan bolsa Ýewropada we dünýäniň çar künjeginde meşhurlyk gazanypdyr. Bu önüm ene süýdi bilen iýmitlenmäge ukypsyz nijeme çagalaryň dadyna ýetişipdir.
Nestle öz şereketine hem-de şereketiň brendine at hökmünde familiýasyny goýýar. Galyberse, «nestle» sözi nemes dilinde höwürtge diýmegi hem aňladýar. Şoňa görä, brendde höwürtgesinde jüýjelerine iýmit berýän guşuň suraty şekillendirilýär.
Dokma senagatynyň innowasiýa enjamy «Toyota»
«Toyota» şereketiniň hekaýaty Sakiti Toýodanyň XIX asyryň ahyrlarynda Ýaponiýanyň dokma senagaty pudagynda uly öwrülişik döreden ilkinji awtomat dokma stanoklaryny oýlap tapmagy bilen başlaýar.
Sakiti Toýoda 1918-nji ýylyň ýanwar aýynda «Toyoda» ýüplik egriji we mata dokaýjy fabrigiň düýbüni tutandan soňra özüniň ýeke-täk arzuwy bolan awtomat dokma stanogyny ogly Kiitironyň hem kömek bermegi bilen 1924-nji ýylda doly ýasap gutarýar. Iki ýyl soň bolsa, «Toyoda» awtomat dokma stanoklaryny öndürýän zawodyny açýar.
Kakasy ýaly oýlap tapyjylyk ukybyna eýe bolan Kiitiro 1920-nji ýyllarda Amerika we Ýewropa syýahat eden döwürleri şol ýurtlaryň uly depgin bilen ösýän awtoulag senagaty onda uly täsir oýarýar. Kiitiro kakasynyň awtomatik dokma stanoklarynyň patentini satmak bilen gazanan ýüz müň funtuň baryny sarp edip, 1937-nji ýylda «Toýota Motor Korporeýşn (TMC)» kompaniýasyny gurýar. «Toyota» häzirki wagtda dünýäde iň köp awtoulag öndürýän kompaniýa hökmünde tanalýan hem bolsa, dokma senagaty pudagyndan hem örküni üzmän, dünýäniň köp ýurtlaryny awtomat dokma stanoklary bilen üpjün edýär.
Ýuwaş okean söweşlerinde kompaniýa özüniň bar güýjüni Ýaponiýa imperiýasynyň goşunlary üçin nowaly harby awtoulaglary öndürmeklige gönükdirýär. Urşuň iň bir haýhatly günlerinde hem ýokdan bar edip, öňki bamperi ýeke faraly harby ýük ulaglaryny öndürýär. Uruşdan soň 1947-nji ýylda şereket ýeňil awtoulag önümçiligine başlaýar. 1957-nji ýylda «Toyota Motor Sales» atly ýene bir ulag söwda kompaniýasyny döredýär. 1957-nji ýylda bolsa, «Toyota» ABŞ-a eksport edilen ilkinji ýapon awtoulagy bolýar. Şeýlelikde kompaniýanyň ABŞ-da we Braziliýada şahamçalary açylýar.
«Malboro» şereketiniň şöhratlanmagy
«Malboro» çilimini bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Diňe brendiniň bahasy milliardça dollar bolan bu şereketiň biziň günlerimize çenli gelip ýetişiniň hekaýaty diýseň gyzykly.
Bir mahallar «Malboro» şereketiniň temmäki zawody batmak derejesine ýetipdir. Günlerde bir gün zawoda bir adam gelip, şereketiň girdejisini üç aýyň dowamynda üç esse ýokarlanar ýaly edip biljekdigini, özüniň bu hyzmaty üçin bolsa şerekete şärikligi şert goýýandygyny, eger sözünde tapylmasa, ömrüniň ahyryna çenli zawodda mugt işlejekdigini aýdypdyr. Alaçsyzlykdan ýaňa iki aýagyny bir gonja sokup oturan ýolbaşçylar barybir ýitirýän zadymyz ýok diýen pikir bilen ýaňky nätanyşyň şertini kabul edipdirler. Nätanyş olardan diňe boş «Malboro» çilim gaplaryny sorapdyr. Zawodda bolsa, boş çilim gaplary gyryň daşy ýaly diýýär. Oňa boş çilim gaplaryny getirip beripdirler. Onsoň, ol çilim gaplary ýeke-ýekeden aýagy bilen basyp mynjyradypdyr we üç aýlap Amerikanyň dürli ýerlerine ýaňky mynjyradylan boş gaplary uçardan aşak taşladypdyr.
Şeýlelikde, «Malboro» çilim gaplarynyň köp göze ilip başlamagy bilen adamlarda «Beýle köp çekilýän bolsa, bu üýtgeşik çilim bolmaly» diýen pikir döräpdir. Ine onsoň, «Malboro» çekýänleriň sany köpelip ugrapdyr. Şereketiň girdejisi şol aýyň özünde bäş esse ýokarylanypdyr. Elbetde, şeýle ajaýyp pikiri orta atan adam şerekete şärik bolupdyr. Siz ony tanan bolsaňyz gerek? Ol Filip Morris