dmoo
09.09.2023 00:55

* Durmuş iňňän ýowuz mugallym. Öňürti synag edýär, soňra sapak berýär.


* Seni bolşuňdan başga hili tanap söýenlerinden, bolşuň ýaly tanap ýigrenenleri gowydyr.


* Dostum, durmuşy saňa görkezişleri ýaly kabul etme. Durmuşyň mundan has oňat bolup biljekdigine özüňi ynandyr.


* Adam diňe ýeke bir zady islemeli we dynman diňe şony islemeli; ana, şo mahal oňa ýetäýmegi gaty ahmal.


* Gözel geljegiň ýoluna göz dikip, görmegeý ýaşlygymyzy tozdurýardyk; hawa, hut şol ýerde ykjam ýalňyşýardyk.


* Zeýrençler, öz-özüňe nebsiň agyrmalar, ökünçler… yzdan garalanda, geçmişiň begnçli pursatlary bolup galar. Geçmişe garamagy halamaýaryn we geçmişimi uzaklarda galdyrýaryn; edil bir guşuň uçmakçy bolanda kölegesini terk edişi ýaly.


* Kenardan uzaklaşmaga bogny ysmaýan adam täze ummanlary açyp bilmez.


* Garaňka sögmek ýerine, bir yşyk ýakyň, göwnüňiz galkynar.


* Köp gaýtalanan tankytlar we çykyşlar täsirini gowşadýar. Edil ýekejesine basaňda aýagy agyrdýan çagyl daşynyň, birgideniniň üstünden ýöräňde täsirini ýitirişi ýaly.


* Her bir gül öz miwesi üçin solmaga mejburdyr; miwe-de şahadan gaçmese, ölmese, täze güller döremez. Baharam öz badyny gyşyň ýasyndan alýandyr.


Andre Gide

26
82
dmoo
10 Sentýabr 2023
@0885, Älik salam gowumy
0885
10 Sentýabr 2023
Hemma salam
dmoo
10 Sentýabr 2023
dmoo
9 Sentýabr 2023
Sagbol @fasat,
dmoo
9 Sentýabr 2023
@awgust, sagbol
fasat
9 Sentýabr 2023
dmoo gaty gerekli sözler bar ekeni,bu sözler bu günümizede we gelejegimizede täsirni etirjek sözler👍👍👍
dmoo
9 Sentýabr 2023
Teswir ýazmaga rugsar edilendr😁
dmoo
9 Sentýabr 2023
@gul⁠✿, "Galanam Allañ elinde"diýjek bolandr belki
dmoo
9 Sentýabr 2023
Sözlerden sapak alalyñ we laýk goýalyñ belki trend bolar we köplere peýdasy deger❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.