dinim_yslam✨
29.12.2022 00:49
Öýe ogry girmesin diýip it aldym weli, itimem ogyrlap gidipdirlerä bla🥴🤦🏻...
35
217
dinim_yslam✨
28.12.2022 02:55
Boldy indi aytmasam bolanok yüregıme erk edıp bılemok men senı söyyan urunda köyyan nirak seretsem seni goryan husumdada dusumdede dine sen hakda pikir etyan sen menıñ durmuşymyn manysy sensız men yaşap bılmen menın bu dünyade yaşamagym dıne sana bagly dıyıp towşan käşıre aydyp ony ıyıp göyberıpdir.😂
34
248
dinim_yslam✨
27.12.2022 00:14
Sizlere sorag agzalar!?!?

Sen birini söýýäñ, ýöne seniñ söýmeýän gyzyñ (oglanyñ) seniñ üçin hemmezada taýyn bolsa, siz haýsyny söýerdiñiz?

🔴Ýöne seniñ söýýän gyzyñ (oglanyñ) hiç zatdan hawarsyz, ýagny özüniñ söýülýändiginden hawarsyz!

Teswirlerde belläp geçiñ!
22
219
dinim_yslam✨
26.12.2022 22:18
Iñ romantik haýwanlaryñ biri belkalar. Olar söýgülisine gül🌹 berýän ýeketäk haýwanlardyr.

👍🏻😍🌹🌷👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
24
127
dinim_yslam✨
25.12.2022 23:48
Manyly goşgy🔥♥️♥️👍🏻

.Bir biregi ynjytmalyñ adamlar,
Öñem derdi ýetik däli dünýäniñ.
Günde-günde görýäs, eşitýäs ahyr,
Ömürleñ çyra deý ýanyp sönýänin.

Ýyly sözler bilen açylsyn düwün,
Alowlasyn hoş söze kiçijik göwün.
Bir birekden aýra salýan sözleri,
Ýedi gat zeminiñ astyna gömüñ!!!
21
68
dinim_yslam✨
24.12.2022 00:52
Redmi note 12 pro📱-nyñ dünýä derejede tanyşdyrylyş dabarasy indiki ýylyñ başyna geçirildi.

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 12 Pro-nyň dünýä bazaryna çykjakdygyny tassyklady, onuň global wersiýasynyň tanyşdyrylyşy bolsa 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda geçer.

Geçen hepde Xiaomi India Redmi Note 12 Pro+ smartfonynyň tizerini çap etdi, ýöne şol wagt smartfonuň özi çykýamy ýa-da oňa Redmi Note 12-niň maşgalasynyň beýleki agzalary hem goşulýamy, düşnüksiz bolup galypdy.
Redmi Note 12 Pro we Redmi Note 12 Pro + deslapdan oktýabryň aýagynda hytaý bazary üçin tanyşdyrylypdy. Ondan hem başga, standart Redmi Note 12 we 210 Wt kuwwaty bolan simli zarýadkaly Redmi Note 12 Discovery wersiýasy goýberildi. Bu smartfonlaryň Hytaýyň daşyna gitjegi gitmejegi heniz belli däl.

21
136
dinim_yslam✨
23.12.2022 01:24
Prikol😂😂😂.........

Toý güni öýlenýän oglan, gelnini gujaklap aglaýar......
Gelin: Näme bolia saña diýip, onyñam gözleri ýaşarýar.
Oglan: Gaty howlugypdyrn, salon doly owadan-owadan gyz ekenä... Diýip aglaýarmyş🤣🤣🤣
32
339
dinim_yslam✨
22.12.2022 20:27
🔴Alymlar bäbekleriñ haýsy sazda tiz uka gitýänini añladylar💤💤💤👶

Bäbekler şadyýan we ritmiki sazy diňlänlerinde tiz uka gidýärler. Şotlandiýanyň Dandi uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler. Degişli maglumat Psychological Studies žurnalynda çap boldy.
Hünärmenler doglanyna bir hepde bolmadyk 100 sany çagaly maşgalanyň gatnaşmagynda synag geçirdiler. Bäbekleri ilki ümsümlikde, soňra bolsa haýal, şadyýan sazy diňledip ýatyrypdyrlar we olaryň tiz uka gidişine gözegçilik edipdirler.
Netijede, çagalaryň ümsümlikdäkä garanda, saz diňlänlerinde tiz uka gidýändiklerine we gözlerini hem tiz ýumýandyklaryna göz ýetiripdirler. Ýöne iň gowy netije şadyýan kompozisiýa ýaňlananda bellige alnypdyr. Alymlar sazyň çagalara edýän täsirini we olaryň reaksiýasyny öwrenmegini dowam edýärler.

😁😁😁👍🏻
23
201
dinim_yslam✨
21.12.2022 12:52
You tube mertebäni peseldiji teswirler üçin temmi berip başlar.🔴📌📝📨

Eger wideonyň aşagyna goýan teswiriňiz aşa kemsidiji diýip hasap edilse, indiden beýläk YouTube bu barada size duýdurar. Eger ulanyjy duýduryş alanyndan soň hem kemsidiji teswirlerini çap etmegini dowam etse, YouTube oňa 24 sagat teswir ýazmagy gadagan eder.

Bu funksiýanyň synagy üstünlikli geçdi diýip, kompaniýa öz blogynda habar berdi. Özüne adalatsyz temmi berlen diýip hasaplaýan adamlara YouTube garşy çykmaga mümkinçilik berer, ulgam bolsa häzirlikçe diňe iňlis dilindäki teswirler üçin elýeterdir.

"Biziň maksadymyz awtorlary teswirler arkaly jemgyýete ýaramaz täsir ýetirmäge synanyşýan ulanyjylardan goramakdan, şeýle-de syýasaty bozýandyklary üçin kimiň teswiriniň aýrylyp biljekdiginiň ulanyjylara äşger bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr" - diýip, TeamYouTube-niň habarynda aýdylýar. 

Bu täze funksiýa YouTube-yň has uly bildirişiniň bir bölegi boldy. Işläp taýýarlaýjylar üstümizdäki ýylyň birinji alty aýynyň dowamynda çen bilen 1,1 milliard spam-teswiri aýyrmak bilen, teswir ýazylýan bölümleri spamdan we gödek edepsizlikden arassalamak üçin emeli intellektiň gurallaryny gowulandyrdylar. Şeýle-de platforma emeli intellekti YouTube-yň çatlaryndaky botlary ýüze çykarmak we aýyrmak üçin hem ulanýar.  
25
147
dinim_yslam✨
20.12.2022 20:10
Üssüñe gelip gaharly gygyryp durandan däl,
Ýüzüñe seredip ýyrşarýandan gorkmaly!
28
179