dinim_yslam✨
24.12.2022 00:52
Redmi note 12 pro📱-nyñ dünýä derejede tanyşdyrylyş dabarasy indiki ýylyñ başyna geçirildi.

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 12 Pro-nyň dünýä bazaryna çykjakdygyny tassyklady, onuň global wersiýasynyň tanyşdyrylyşy bolsa 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda geçer.

Geçen hepde Xiaomi India Redmi Note 12 Pro+ smartfonynyň tizerini çap etdi, ýöne şol wagt smartfonuň özi çykýamy ýa-da oňa Redmi Note 12-niň maşgalasynyň beýleki agzalary hem goşulýamy, düşnüksiz bolup galypdy.
Redmi Note 12 Pro we Redmi Note 12 Pro + deslapdan oktýabryň aýagynda hytaý bazary üçin tanyşdyrylypdy. Ondan hem başga, standart Redmi Note 12 we 210 Wt kuwwaty bolan simli zarýadkaly Redmi Note 12 Discovery wersiýasy goýberildi. Bu smartfonlaryň Hytaýyň daşyna gitjegi gitmejegi heniz belli däl.

21
136
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.