dinim_yslam✨
21.12.2022 12:52
You tube mertebäni peseldiji teswirler üçin temmi berip başlar.🔴📌📝📨

Eger wideonyň aşagyna goýan teswiriňiz aşa kemsidiji diýip hasap edilse, indiden beýläk YouTube bu barada size duýdurar. Eger ulanyjy duýduryş alanyndan soň hem kemsidiji teswirlerini çap etmegini dowam etse, YouTube oňa 24 sagat teswir ýazmagy gadagan eder.

Bu funksiýanyň synagy üstünlikli geçdi diýip, kompaniýa öz blogynda habar berdi. Özüne adalatsyz temmi berlen diýip hasaplaýan adamlara YouTube garşy çykmaga mümkinçilik berer, ulgam bolsa häzirlikçe diňe iňlis dilindäki teswirler üçin elýeterdir.

"Biziň maksadymyz awtorlary teswirler arkaly jemgyýete ýaramaz täsir ýetirmäge synanyşýan ulanyjylardan goramakdan, şeýle-de syýasaty bozýandyklary üçin kimiň teswiriniň aýrylyp biljekdiginiň ulanyjylara äşger bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr" - diýip, TeamYouTube-niň habarynda aýdylýar. 

Bu täze funksiýa YouTube-yň has uly bildirişiniň bir bölegi boldy. Işläp taýýarlaýjylar üstümizdäki ýylyň birinji alty aýynyň dowamynda çen bilen 1,1 milliard spam-teswiri aýyrmak bilen, teswir ýazylýan bölümleri spamdan we gödek edepsizlikden arassalamak üçin emeli intellektiň gurallaryny gowulandyrdylar. Şeýle-de platforma emeli intellekti YouTube-yň çatlaryndaky botlary ýüze çykarmak we aýyrmak üçin hem ulanýar.  
25
147
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.