diktr
15.10.2023 08:15

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda “Forbes”  işewürlik žurnalynyň habaryna görä, dünýäde iň köp girdeji gazanan futbolçylaryň sanawynda birinji ýeri eýeledi.

Neşiriň ýazmagyna görä, 38 ýaşly hüjümçi, takmynan, 260 million dollar gazanypdyr, şolardan 200 million dollary sport bilen baglanyşykly, galan 60 million dollary bolsa Ronaldu mahabat şertnamalaryndan gazanypdyr.

“Inter Maýami”-niň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi bu sanawda ikinji ýerde durýar - 2023-nji ýylda 135 million dollar gazanypdyr, şonuň 65 million dollary aýlyk, galany mahabat şertnamalaryndan gazanylan. Sanawyň üçünji setirini “Al-Hilýal”-yň braziliýaly hüjümçisi Neýmar eýeleýär - ol 112 million dollar gazandy (80 million dollary - aýlyk, 32 million dollary - şertnamalardan). 

Şeýle-de, bu sanawyň ilkinji onlugyna şu aşakdaky futbolçylar girdi:

4. Kilian Mbappe (“Pari Sen-Žermen”) - 110 million dollar (aýlygy - 90 million dollar).

5. Karim Benzema (“Al-Ittihad”) - 106 million dollar (aýlygy - 100 million dollar). 

6. Erling Holand (“Mançester Siti”) - 58 million dollar (aýlygy - 46 million dollar). 

7. Mohamed Salah (“Liwerpul”) - 53 million dollar (aýlygy - 35 million dollar). 

8. Sadio Mane (“Al-Nasr”) - 52 million dollar (aýlygy - 48 million dollar).

9. Kewin De Brýoýne (“Mançester Siti”) - 39 million dollar (aýlygy - 35 million dollar). 

10. Garri Keýn (“Bawariýa”) - 36 million dollar (aýlygy - 26 million dollar).

18
106
diktr
14.10.2023 18:26

UFC-niň agyr agram derejesi boýunça öňki çempiony, (84 kg çenli) nigeriýaly Kamaru Usman (20-3) 21-22-nji oktýabr gijesinde Abu Dabide (BAE) geçiriljek UFC 294 ýaryşynda Hamzat Çimaewiň (12-0) garşydaşy bolar. Muny Amerikanyň mahabatynyň başlygy Dana Uaýt mälim etdi.

Ýatlatsak, deslap Çimaýew öňki çempion Paulo Kosta bilen söweşmelidi, ýöne söweşden on gün öň braziliýaly türgeniň stafilokokk ýokanjy bilen kesellidigi belli boldy. Kosta tirseginden operasiýa edildi, lukmanlar oňa bu söweşe gatnaşmaga rugsat bermediler .

Mart aýynda UFC 286-da bolan soňky söweşinde Usman bölünen karar bilen häzirki agyr agram derejesiniň eýesi britaniýaly Leon Edwardsdan ýeňildi.

Çimaew UFC 279-da birinji tapgyryň başynda amerikaly Kewin Hollandy möhletinden öň togtadandan soň, 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri söweşe çykmandy.

18
50
diktr
13.10.2023 11:59

UFC 294 ýaryşynyň esasy wakasynda braziliýaly Çarlz Oliweýranyň deregine russiýaly Islam Mahaçew bilen awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski rewanş geçirer. Bu barada UFC-niň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Oliweýranyň ýüz öwürmegi sebäpli onuň ornuny çalyşmaly boldy. Ol şikes aldy. Ýaryş 21-nji oktýabrda Abu-Dabide geçiriler.

Mahaçew braziliýaly bilen 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Abu-Dabide geçirilen UFC 280 ýaryşynda ýeňil agramdaky titul söweşinde duşuşdy. Russiýaly söweşiji ikinji raundda demikdiriji usul ulanyp ýeňiş gazandy we titula eýe boldy.

12-nji fewralda Islam Mahaçew Pert şäherinde geçirilen UFC 284 ýaryşynda Aleksandr Wolkanowskiden üstün çykdy. Russiýaly üçin bu ýeňiş professional karýerasynda 24-nji boldy.

Oliweýra soňky söweşini şu ýylyň iýun aýynda Wengriýanyň wekili Beneil Dariuşa garşy geçirdi. Ol söweşde ýeňiş gazandy. Onuň hasabynda UFC-de 44 söweş bolup, olaryň 34-üsi ýeňiş bilen tamamlandy.

Wolkanowski 9-njy iýulda meksikaly Ýair Rodrigesi ýeňip, ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady. Onuň hasabynda 28 söweşde 26 ýeňiş bar.

17
66
diktr
12.10.2023 09:15

14-15-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda halkara kino festiwaly geçiriler. Festiwalda dürli ýurtlaryň iň gowy filmleri görkeziler, şol sanda belli aktýorlar we režisýorlar gatnaşar.

Şolaryň içinde «Ajaýyp asyr» we «Gurulyş: Osman» taryhy türk seriallarynyň belli aktýory Burak Ozçiwit hem bar diýip, Türkmenistan Habarlar Portaly ýazýar. Tutuş dünýäde millionlarça tomaşaçynyň söýgüsini gazanmagy başaran bu türk aktýorynyň Aşgabada gelmegi Türkmenistanda türk kinosynyň muşdaklary üçin aýratyn waka bolar.

Festiwala şeýle hem beýleki belli aktýorlar we režisýorlar gatnaşar, şol sanda «Taksi» filminde surata düşen fransuz aktýory Eduard Montut gatnaşar.


Festiwalda rowaýata öwrülen ahalteke atlary hakynda RT Doc teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan dokumental film görkeziler. Film ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, taryhy we aýratynlyklary barada gürrüň berýär.

15
19
diktr
11.10.2023 01:10

Dostluk meselesinde ilki bilen meşhur şahyr Kerim Gurbannepesowyň ýaşlara beren maslahatyny agzap geçesim gelýär:

Dost paýlansa, äber diýip gyssanma,

Alandan soň gysgaltma hem gysgalma,

Dileg etse, gözleriňi hem gyssanma,

Birin ber-de, biri bilen oňup git.

Dostluk hakynda diňe bir  Kerim Gurbannepesow däl, eýsem ençeme şahyrlaryň wasp etmäne iň bir ýakymly, iň bir gyzykly temalarynyň biri  bolup durýar.

Dost bu adam arasyndaky iň belent gatnaşygyny aňladýar.  Hakyky dost bu seniň şatlykly günüňde şatlygyňy deň paýlaşan, iň kyn günüňde ýanyňda bolup, seni aglap otyrkaň hoşamaý sözlerini aýdyp gam-gussaly ýüregiň giňelden we ýykylan mahalyň elinden tutup galdyran  ýeke täk ynsandyr. Adam iň kyn gününde dosty küýseýär, ”Dost agyr günüňde gerek” diýip ýöne ýerden aýdylan däldir. Dosta mylakatly bolmaly, oňa elinden gelen kömegi gaýgyrman etmeli. Gülende gülüşmeli, aglanda aglaşmaly. Her bir adam öz durmuşynda bilip ýa-da bilmän ýalňyşlyk goýberýär. Hakyky dost seniň ýalňyşyňy  göwnüni ýykmamazlyk üçin aýtman saklaýan däl, şol ýalňyşyňy ýüzüne aýdyp düzeltmek üçin maslahat berýändir. Durmuşda dost her bir adama hökmany suratda gerekdir. Dost göräýmäge ýeňil zat. Çyn dosty saýlamak örän kynrak düşýär. Hatda köpümiz bu meselede, ýagny dost saýlamak meselesinde diýseň köp ýalnyşlyk goýberýäris. Dosty özüňiz ýaly, pikirleriňiz, düşünjeleriňiz hatda gylyk häsiýetleriňiz hem deň gelmelidir. Ibn Mesgut aýtýar “Adamy dostuna seredip baha beriň, çünki her kim özüne meňzeş dost tutunýar”. Türkmen halkynda “Sen dostuň kimdigini aýt, men seň nähilidigiňi aýdaýyn” diýen aýtgy hem bardyr. Dosta wepaly bolmalydyr.  Eger oňa  biwepalyk etmek, arkasyndan urmak  duşman bolmakdan hem erbet hasaplanýar. Dostuňyz bilen araňyzyň  bozulmagy göripçilikden başlanýar. Onuň aýdýan syryny illere ýaýradyp, etmedik zatlaryna etdi diýip gep ýaýradyp, ýüzüne gülip bakyp, yzyndan bolsa gepini edip ýörmek durmuşdaky iň agyr degýän zatlaryň biridir. Sebäbi durmuşyndaky iň ynanýan, iň ýakyn görýän adam tarapyndan yzyndan urlanda oňa başga hiç hili dert gerek däl bolýar onuň özi bir aýry dert bolup durýar. Diýseň çykgynsyz ýagdaýa düşýär.  Dostlaryňyzy hiç bir wagt ynjytmaň, başardygyňyzdan ýüzlerini güldürmäge synanşyň. Dost seniň syryňy öz syry ýaly saklap bilmeli. Sen hem dostuň syryny öz syryň ýaly saklamalysyň. Eger ony başarmasaň dostuňam, dost boljaklaram senden daşlaşar. Dostuňam her hili görnüşleri bardyr. Dost umumy tanyşlaryň içinden saýlanyp tutulýar. Käwagt adam töwerigindäki özi bilen oňat gatnaşyk edýän adamlaryň hemmesini dostudyr öýdýär. Emma dostluk bilen tanyşlyk düşünjesi bir zat däldir.  Ýekeje adama syryňy aýtmalydyr. Oda seniň ýakyn dostuň bolmalydyr. Iki adama aýdylan zat, bir adamdan artyk bilinen zat syr däldir. Käwagtlarda öz doganyňa aýdyp bilmedik syryňam dostuňa aýdýansyň.Adama dost tä ömri ötinçä gerekdir. Adama ukyň, suwuň, iýmitiň gerek bolşy ýaly hakyky dost hem hökmany suratda gerekdir. Iki taraplaýyn, garşylykly dost seniň ömriň bezegidir. Dostuňyzdan hiç haçan gaty görmäň we olaryň göwnüne degmäň. Dost tutunmaga howlukmaň ýa-da täze dost tutdym diýip köne dostuňyzdan ýüz döndüriji bolmaň.

Köne diýip zyňma köwşüň

Täzäň ýitse gerek bolar.

Zyňma baýap garyp dostuň,

Kyn günüňde kömek bolar.

Onuň üçin hemmäňize maslahatym dost saýlanyňyzda gaty seresap boluň. Dosty daşky sypatyna däl, içki dünýäsine, aň-düşünjesine görä saýlaň. Gurbannazar Ezizow öz goşgularynda dostlugyň belent nusgasyny bagyş edýär.

Dosta näçe serpaý etseň az ýaly,

Näçe söýseň,

Şonça söýüp ýörmeli.

Ýokdur dostuň gymmady ýa arzany,

Dost dost bolar

Şoňa janyň bermeli

20
68
diktr
10.10.2023 09:41

Oktýabr aýynyň 7-sinden 8-ine geçilýän gijede San-Hosede (Koliforniýa, ABŞ) Bellator 300 ýaryşynyň çäklerinde türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň polşaly türgen Maseý ROzanskiden üstün çykandygy üçin näçe gazanandygy belli boldy. 

Koliforniýanyň Atletiki komissiýasynyň maglumatlaryna görä, türkmen pälwany ABŞ-nyň 100 müň dollar möçberinde pul baýragyny alar diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

ÝAtlatsak, Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 300 ýaryşynda Maseý Rozanskiden üstün çykdy.

25
64
diktr
09.10.2023 02:00

“Inter Maýaminiň” futbolçysy Lionel Messi Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynda (MLS) möwsümiň iň gymmatly oýunçysy üçin baýraga (MVP) dalaş edýär. Bu barada ýaryşyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Düzgünlere laýyklykda, her bir klub baýrak üçin dalaş edip biljek iki oýunçyny özbaşdak saýlaýar. 30 dalaşgäriň hataryna argentinalynyň klubdaşy Serhio Buskets hem girdi. Şeýle-de, Messi möwsümiň iň gowy täze oýunçysy üçin baýraga dalaş edýänleriň sanawyna goşuldy. “Inter Maýaminiň” 2023-nji ýylyň tomsunda topara goşulan ýene bir oýunçysy Žordi Alba möwsümiň iň gowy goragçysy adyna dalaşgär görkezildi.

Nominasiýalarda ýeňijiler klublaryň oýunçylarynyň, tälimçileriniň we baş menejerleriniň, şeýle-de HBS-iň wekilleriniň arasyndaky ses berişligiň netijesinde kesgitlener. Ses berişlik 10-njy oktýabrdan 23-nji oktýabr aralygynda geçiriler.

19
58
diktr
08.10.2023 15:46

Dubaýda Ginnesiň rekordy täzelendi – ol ýerde doly gurşap alýan täsirli iň uly interaktiw yşyk şüweleňi açyldy. Bu barada MIR 24 teleýaýlymy habar berýär. 

Doly gurşap alýan täsir giňeldilen hakykat funksiýalary bolan planşetiň kömegi bilen gazanylýar. Bu ýere gelýänleriň özi özboluşly mazmuny döredip we 360 derejeli lazer proýeksiýasyny düzüp bilerler.


“Biz bu ýerde hemme zadyň nähili işleýändigini barladyk. Bu ýerde myhman hakykatdanam gümmez bilen täsirleşip biler. Eýýäm ýanwar aýynda her kim öz telefonyndan proýeksiýany dolandyryp biler "- diýip,  taslamanyň ýerine ýetiriji döredijilik müdiri Amna Abulhul gürrüň berdi.


Gümmez konsertleri we çykyşlary geçirmek üçin döredilipdir. Onuň "Al Wasl" ady  arap dilinden terjime edilende "baglanyşyk" diýen manyny berýär. Ölçegi - 24 müň inedördül metrden gowrak. Ähli tarapdan duýgur ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi arbitry Alwalшd Osman gurluşyň binagärlik taýdan ajaýyplygyny we ony golaýdan görüp-duýanlar üçin ähmiýetini belläp geçdi.

15
94
diktr
08.10.2023 15:44

Frenk Sagona atly amerikaly bir sagadyň dowamynda turnik çekmegiň sany boýunça Ginnesiň rekordyny täzeledi. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp, Mir 24 habar berýär.

Bellenilen wagtda 45 ýaşly amerikaly 1010 gezek turnik çekip, 2011-nji ýylda Stiwen Haýland tarapyndan 993 gezek turnik çekilip goýlan öňki rekordy täzeledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu proses resmi synanyşykdan bir gün öň arka myşsalarynyň gypjynmagy sebäpli kynlaşdy.

Amerikaly öz rekordyny üç ýyl ozal taýýarlanyp başlamaga kömek eden, ýöne rekord goýmazdan birneme öň ýogalan dosty Maýk Rumfa bagyşlady.

15
62
diktr
05.10.2023 08:37

4-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň 2023/2024 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň 2-nji duşuşyklarynyň çäklerinde galan sekiz oýun geçirildi.Duşuşyklaryň netijelerini dykgatyňyza ýetirýär.

4-nji oktýabr, duşuşyklaryň netijeleri:

Е topar

«Atletiko» Madrid (Ispaniýa) — «Feýenoord» (Niderlandlar) — 3:2;

«Seltik» (Şotlandiýa) — «Lasio» (Italiýa) — 1:2.

F topar

«Nýukasl» (Angliýa) — «PSŽ» (Fransiýa) — 4:1;

«Borussiýa» Dortmund (Germaniýa) — «Milan» (Italiýa) — 0:0.

G topar

«RB Leýpsig» (Germaniýa) — «Mançester Siti» (Angliýa) — 1:3;

«Srwena Zwezda» (Serbiýa) — «Ýang Boýz» (Şweýsariýa) — 2:2.

Н topar

«Antwerpen» (Belgiýa) — «Şahtýor» (Ukraina) — 2:3;

«Portu» (Portugaliýa) — «Barselona» (Ispaniýa) — 0:1.

Häzirki wagtda «Atletiko» Madrid, «Nýukasl», «Mançester Siti» we «Barselona» degişlilikde Е, F, G we Н toparlarynda birinji orny eýeleýär.

15
46