diktr
15.10.2023 08:15

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda “Forbes”  işewürlik žurnalynyň habaryna görä, dünýäde iň köp girdeji gazanan futbolçylaryň sanawynda birinji ýeri eýeledi.

Neşiriň ýazmagyna görä, 38 ýaşly hüjümçi, takmynan, 260 million dollar gazanypdyr, şolardan 200 million dollary sport bilen baglanyşykly, galan 60 million dollary bolsa Ronaldu mahabat şertnamalaryndan gazanypdyr.

“Inter Maýami”-niň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi bu sanawda ikinji ýerde durýar - 2023-nji ýylda 135 million dollar gazanypdyr, şonuň 65 million dollary aýlyk, galany mahabat şertnamalaryndan gazanylan. Sanawyň üçünji setirini “Al-Hilýal”-yň braziliýaly hüjümçisi Neýmar eýeleýär - ol 112 million dollar gazandy (80 million dollary - aýlyk, 32 million dollary - şertnamalardan). 

Şeýle-de, bu sanawyň ilkinji onlugyna şu aşakdaky futbolçylar girdi:

4. Kilian Mbappe (“Pari Sen-Žermen”) - 110 million dollar (aýlygy - 90 million dollar).

5. Karim Benzema (“Al-Ittihad”) - 106 million dollar (aýlygy - 100 million dollar). 

6. Erling Holand (“Mançester Siti”) - 58 million dollar (aýlygy - 46 million dollar). 

7. Mohamed Salah (“Liwerpul”) - 53 million dollar (aýlygy - 35 million dollar). 

8. Sadio Mane (“Al-Nasr”) - 52 million dollar (aýlygy - 48 million dollar).

9. Kewin De Brýoýne (“Mançester Siti”) - 39 million dollar (aýlygy - 35 million dollar). 

10. Garri Keýn (“Bawariýa”) - 36 million dollar (aýlygy - 26 million dollar).

18
106
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.