diktr
16.11.2023 00:24

transferleriň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 1977-nji ýylda «Seltikden» Kenni Dalglişiň geçişi eýeledi. Ikinji orunda 2017-nji ýylda “Romadan” Mohamed Salahyň transferi ýerleşdi. Üçlügi 1980-nji ýylda “Çester Sitiden” Ian Raşyň geçişi jemledi.

“Liwerpulyň” taryhynda iň gowy transferleriň ilkinji onlugy:


Kenni Dalgliş, 1977-nji ýylda “Seltikden”;


Mohamed Salah, 2017-nji ýylda “Romadan”;


Ian Raş, 1980-nji ýylda “Çester Sitiden”;


Kewin Kigan, 1971-nji ýylda “Skantorp Ýunaýtedden”;


Grem Suness, 1978-nji ýylda “Midlsbrodan”;


Jon Barns, 1987-nji ýylda “Uotforddan”;


Luis Suares, 2011-nji ýylda “Aýaksdan”;


Rojer Hant, 1958-nji ýylda “Stokton Hitden”;


Wirjil wan Deýk, 2018-nji ýylda “Sautgemptondan”;


Ron Ýeýts, 1961-nji ýylda “Dandi Ýunaýtedden”.

17
28
diktr
14.11.2023 01:20

Doganym. Sen dünýäde ejemden kakamdan soň gören keşplerimiň ilkinjisi. Men dünýä inenimde gözjagazlaryňy güldürip maňa bakandygyňy ýatlap bilmesem hem wideiýazgylarda görenimde ýadyma düşen ýaly bolýar. Ol wagt senem kiçijik çagajyk ekeniň. Özüň agy-garany saýgarmadyk balajyk bolsaňam ulalan ýaly bolupsyň men dogulanymda. Aslynda dogan bolmak jigiň dünýä inen gününden ulalmak diýmekmikä diýýän menä. Sebäbi senem men dogulanymda ulalypsyň ýa-da indi bäbejik däldigiňi boýnuňa alypsyň.

Ejem hemişe men derekli saňa käýeninde özümden monça bolýandygyma indi müýnürgeýän. Kejirligimi edip seniň içiňi näçe gezek ýakan bolsam müň mertebe ötünç soraýaryn. Seniň ýüregime taý aladamy ýürekden edýän ýeke-täk ynsandygyňy giç aňanym üçin meni bagyşla, mähriban doganym!

24
50
diktr
13.11.2023 14:08

(hekaýa)

Ynha, bu günem adatdakylar ýaly, türgenleşik zalyna ýola düşdüm. Ýaşaýan ýerim türgenleşik zalyndan kän bir daşam däl. Şonuň üçin her gün diýen ýaly, türgenleşige pyýada gidýärin. Özümiň iň halaýan pişäm hem daş-töweregiň gözelliklerini synlap, ýöremek. Her paslyň öz gözelligi, owadanlygy bolýar. Özüm ähli pasyllaryň içinde güýz paslyny has gowy görýärin. Güýzüň owadanlygyny duýup, mymyjak şemalynyň astynda gezelenç etmek bolsa, söz bilen beýan eder ýaly däl. Güýz paslynda daş-töwerekdäki agaçlar egnine sary donyny geýip, öz gözelligi bilen ähli kişini haýrana goýýar. Güýzüň şemaly bolsa, agaçlaryň ýapraklaryny ýekänme-ýekän tändirýär. Ýere düşýän sary ýapraklar bolsa, biri-biri bilen tirkeşip, kerwen gurap, uzak-uzak ülkelere barýan ýaly. Salmalara gaçan sary ýapraklar hem balyklar bilen bäsleşip, ýüzüp barýarlar. Ýere gaçan ýapraklaryň üstünden ýöremek bolsa, has ýakymly. Olaryň şykyrdaýan sesleri edil sazandanyň çalýan sazlaryna meňzeýär. Bu görnüş gör nähili ajaýyp peýzaž…

Güýz hakynda suratkeşler ençeme eserleri, şahyrlar ylham joşgunyndan dörän goşgylary, aýdymçylar bolsa ýürekde ýaşaýan aýdymlary döredýärler. Şu döredilýän ajaýyplyklaryň aňyrsynda, güýzüň ynsanlar bilen söhbetdeşligi ýatyr. Güýz bilen ynsanyň söhbetdeşligi diýeniňde ilki bilen Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary seriňe dolýar.

Baryp gözýetimiň sütünne çenli

Sähra sary donun bürenip ýatyr.

Baglar ýere gaçýan ýapraklarynyň

Yzyndan ses-üýnsüz seredip otyr.

Şahyryň şu setirlerini ýapraklaryň owranmasynyň özboluşly sesi astynda gaýtalap barşyma, uly çynar agajynyň töwereginde güýzüň owadanlygyny surata geçirip oturan gyza gözüm düşdi. Güýzüň owadan pursatlary bilen didarlaşyp, onuň gözelligini kagyza geçirýän gyzyň ünsüni bölmäýin diýip, seýilgähiň çünkinde ýerleşýän oturgyçlaryň birinde oturdym-da, gyzyň çekýän suratyny ünsli synlap başladym. Kagyzyň ýüzünde aňyrsy bärisi görünmeýän mawy asman, agaçlardan ýapraklaryň tänip barşy, guşjagazlaryň pel-pelläp erkana uçup baryşlary ýerleşdirilipdir. Çekilen suraty ünsli synlap, owadandan owadan reňkler bilen bezäp oturan gyzyň barmaklary bir o ýana bir bu ýana hereket edip, edil agaçlardan ýapraklaryň tänişine çalym edýärdi. Şol wagt öz ýanymdan «Menem suratçy bolsadym şeýle ajaýyplyklary duýup eser dörederdim» diýip içimi gepledip oturşyma suratçy gyz öz eserini tamamlap bolan ýalydy. Gyzyň çeken suratyny ýakyndan synlamak üçin çynar agajyna tarap ädimläp başladym. Bir, iki ädim ädenimden soň, öz ýanymdan ol gyzyň ýanyna baryp, duýdansyz suratyň owadan bolupdyr diýmäne biraz çekindim-de, sakga aýak çekdim. Bäh, bu suratçy gyzyň suratyny görmesem bolmaz. Suratyň taýýar bolmagyna men sabyrsyzlyk bilen garaşdym ahyry diýip öz-özüme käýinip başladym. Şol wagt içimden bir duýgy maňa «ýöre» diýip, buýruk berýän ýaly boldy. Men ýuwaşlyk bilen ädimläp bardym-da, suratçy gyza salam berdim. Bar ünsi bilen suraty synlap oturan gyz ýuwaşlyk bilen salamymy alyp, ýene-de öz çekýän suratyna seretdi.


Armaň, surata gaty owadan çekipsiňiz.


Barbol, şu gözelligi görüp, onuň howasyndan dem alyp mundanam owadan eserleri döredip bolýar ahyry diýip, ýylgyrdy.


Size bir sowal bersem bolarmy?


Arkaýyn beriň.


Siz şunça agaçlaryň içinden näme üçin çynar agajyny çekdiňiz?


Öňem şu soragy maňa kän berýärdiler. Kiçi wagtlarym edil şu wagtky ýaly güýz paslydy. Daş-töwerege edil şular ýaly sary reňk sepilen ýalydy. Käbämiň doglan güni hem güýz paslynda-dy. Her gezek ejeme üýtgeşikden üýtgeşik sowgat taýýarlamagy arzuw ederdim. Ejemiň doglan güni ýetip geldi. Ir säher bilen mekdebe edil şu seýilgähiň içinden ýöräp barýardym. Şu çynar agajy bolsa kiçiräjikdi. Ýapraklary bolsa gaty owadandy. Şol wagt çynar agajynyň ýapraklaryny ýygnap, owadan gülleriň şekillerinden «Eje, senem çynar agajy ýaly uzak ýaşa!» diýip, ýazanym şu wagtam ýadymda. Her gezek şu çynar agajynyň ýanyna gelip, surat çekmek bolsa, meniň kiçilikdäki endigim bolup galdy. Ynha, şu günem ejemiň doglan güni. Şu eserimi hem ejemiň doglan gününe taýýarladym.


Suratçy gyz çynar agajy hakda gürrüň berip durka, agaçdan üç, dört ýaprak ýere düşüp, onuň gürrüňini makullaýan ýaly boldy. Gyzykly gürrüňleri diňläp oturşyma, siziň adyňyzam soramandyryn.


Meniň adym Çynar.


Özüňizem çynar agajy ýaly owadan ekeniňiz. Çynar ejeňiziňem doglan güni gutly bolsun diýip, Çynara saýlap alan kärinde uly üstünlikleri arzuw edip, türgenleşik zalyna tarap ugradym.


Wagta salym ýok diýleni. Meni Çynara sataşdyran güýzem, ondan soň ýene-de birnäçe güýz geldi. Haýsydyr bir güýz günleriniň birinde bolsa, öýdäkiler meni öýermegiň ugruna çykdylar. Ýakyn-u-garyndaş gyzlardan ençemesiniň tarypy edilip, ady tutuldy, birnäçesiniň bolsa, suraty elime gowuşdy. Geljekde meniň ömürlik ýarym bolmaly gözelleriň suratyny synlap oturşyma olaryň arasynda şol birwagtky suratçy gyzy görüp nädip baş atanymam duýman galdym. Asyl görsem Çynar biziň birçaklar göçüp giden goňşymyzyň gyzy bolsa näme?! Durmuşda Çynar ýaly edepli, akylly, sowatly gyzy özüme ýar edip saýlasam, meniň ömrüm kerwenimi çekýän suratlary ýaly bezejekdigine ynandym. Şol ynam meni durmuşyň bagtly günlerine atardy.

22
62
diktr
09.11.2023 21:40

Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji duşuşygynyň çäklerinde H toparda «Portu» «Antwerpen» bilen duşuşdy. Duşuşyk Portuda «Dragau» şäherinde geçirildi. Duşuşykda «Portu» 2:0 hasabynda üstün çykdy.

«Portunyň» goragçysy Pepe duşuşykda klubunyň ikinji goluny geçirdi. Şeýlelikde, ol Çempionlar ligasynyň taryhynda gol geçirmegi başaran iň ýaşy uly oýunçy boldy. Portugaliýa goragçy 40 ýaş we 254 gün ýaşynda gol geçirdi.

Duşuşykda birinji goly «Portunyň» braziliýaly hüjümçisi Ewanilson geçirdi.

Indiki tapgyrda «Portu» myhmançylykda «Barselona» bilen duşuşar.

18
54
diktr
08.11.2023 22:56

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini 2024-nji ýylyň tomsunda geçirip biler. Bu barada türgeniň toparynda TASS agentligine gürrüň berdiler.


"Islam, indiki söweşini 2024-nji ýylyň tomsunda geçirer diýip garaşýarys. Mart aýyna çenli ol oktagona çykmaz, aýyň onuna bolsa Remezan başlaýar» - diýip, agentligiň söhbetdeşi habar berdi.


Öň, Mahaçewiň agram derejesine garamazdan UFC-niň reýtinginiň başyny çekendigi barada habar beripdik.

21-nji oktýabrda Mahaçew ýeňil agram derejesinde çempion adyny ikinji gezek gorady. Ol Abu-Dabide UFC 294 ýaryşynda Wolkanowskini nokaut bilen ýeňdi.

14
41
diktr
31.10.2023 18:10

“Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand “France Football” žurnaly tarapyndan geçen möwsümiň iň gowy bombardirine berilýän Gerd Mýuller adyndaky baýragyň eýesi boldy. 

Holand 2022/2023-möwsüminde 56 gol geçirdi, onuň ähli goly dabarada ýazgy bilen görkezildi. Möwsümiň jemi boýunça bombardirleriň ýaryşynda ikinji orny Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Kilian Mbappe eýeledi (54 gol), üçünji angliýaly Garri Keýn boldy (40 gol). Şeýle-de, ilkinji bäşlige argentinaly Lionel Messi (38 gol) we polşaly Robert Lewandowskiý (36 gol) girdi.

22
72
diktr
30.10.2023 22:00

29-njy oktýabrda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Syn ediş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edildi.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan B.Bakeýew, idedijisi esger M.Annamyradowdyr.

Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

18
59
diktr
28.10.2023 23:08

Şu gün Ispaniýanyň La Ligasynyň 11-nji tapgyr oýnunda Madridiň “Realy” bilen Kataloniýanyň “Barselonasy” duşuşdy. Oýun Barselonadaky “Olimpik Lýuis Kompanis” stadionynda geçirilip, “Realyň” 2:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.

Ilki bilen oýnuň 6-njy minutynda “Barselonanyň” düzüminde Ilkaý Gýundogan hasaby açdy. Soňra 68-nji minutda Madridiň “Realyndan” Jud Bellingem hasaby deňledi. Oýnuň esasy wagtyna goşulan goşmaça minutda (90+2) Bellingem öz hasabyna ýene bir goly ýazyp, topara ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, oýundan soň Madridiň “Realy” 2023/24-möwsüminiň ispan Premýerasynyň ýaryş jedwelinde birinji orna çykdy. Karlo Ançelottiniň topary 11 oýunda 28 utuk gazandy. “Barselona” 24 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.

14
39
diktr
27.10.2023 23:06

Transfermarkt internet portaly öz telegram kanalynda, çempionatyna garamazdan, dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň wirtual toparynyň düzümini neşir etdi. 11 adamdan ybarat toparyň umumy bahasy 1230 million ýewro boldy. Internet portaly bu topar üçin 4-2-2-2 meýilnamasyny saýlady.

Ýygyndynyň derwezebanlygyna Diogu Koşta (“Portu”, 45 million ýewro) saýlandy. Gorag hataryna Aşraf Hakimi (“PSŽ”, 65 million ýewro), Ruben Diaş (“Mançester Siti”, 85 million ýewro), Ýoşko Gwardiol (“Mançester Siti”, 80 million ýewro) we Alfonso Dewis (“Bawariýa”, 70 million ýewro) girdi.

Toparyň ýarymgoragçylar hataryna: Bukaýo Saka (“Arsenal”, 120 million ýewro), Jud Bellingem (“Real”, 150 million ýewro), Jamal Musiala (“Bawariýa”, 110 million ýewro) we Winisius Žunior (“Real”, 150 million ýewro) girýär.

Toparyň öňdäki iki hüjümçisi: Kilian Mbappe (“PSŽ, 180 million ýewro) we Erling Holand (“Mançester Siti”, 180 million ýewro).

15
38
diktr
26.10.2023 21:41

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda çempiony russiýaly Islam Mahaçew agram kategoriýalaryna garamazdan ESPN-iň reýtinginde birinji orny eýeledi (P4P). Bu barada neşiriň saýtyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Ikinji orna agyr agramda UFC-niň çempiony amerikaly Jon Jons çykdy. Üçünji orny awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski eýeledi.

21-nji oktýabrda Mahaçew Abu-Dabide geçirilen ýaryşda ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny ikinji gezek gorady. Ol Wolkanowskini birinji raundda nokauta gidirdi.

19
47