diktr
13.11.2023 14:08

(hekaýa)

Ynha, bu günem adatdakylar ýaly, türgenleşik zalyna ýola düşdüm. Ýaşaýan ýerim türgenleşik zalyndan kän bir daşam däl. Şonuň üçin her gün diýen ýaly, türgenleşige pyýada gidýärin. Özümiň iň halaýan pişäm hem daş-töweregiň gözelliklerini synlap, ýöremek. Her paslyň öz gözelligi, owadanlygy bolýar. Özüm ähli pasyllaryň içinde güýz paslyny has gowy görýärin. Güýzüň owadanlygyny duýup, mymyjak şemalynyň astynda gezelenç etmek bolsa, söz bilen beýan eder ýaly däl. Güýz paslynda daş-töwerekdäki agaçlar egnine sary donyny geýip, öz gözelligi bilen ähli kişini haýrana goýýar. Güýzüň şemaly bolsa, agaçlaryň ýapraklaryny ýekänme-ýekän tändirýär. Ýere düşýän sary ýapraklar bolsa, biri-biri bilen tirkeşip, kerwen gurap, uzak-uzak ülkelere barýan ýaly. Salmalara gaçan sary ýapraklar hem balyklar bilen bäsleşip, ýüzüp barýarlar. Ýere gaçan ýapraklaryň üstünden ýöremek bolsa, has ýakymly. Olaryň şykyrdaýan sesleri edil sazandanyň çalýan sazlaryna meňzeýär. Bu görnüş gör nähili ajaýyp peýzaž…

Güýz hakynda suratkeşler ençeme eserleri, şahyrlar ylham joşgunyndan dörän goşgylary, aýdymçylar bolsa ýürekde ýaşaýan aýdymlary döredýärler. Şu döredilýän ajaýyplyklaryň aňyrsynda, güýzüň ynsanlar bilen söhbetdeşligi ýatyr. Güýz bilen ynsanyň söhbetdeşligi diýeniňde ilki bilen Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary seriňe dolýar.

Baryp gözýetimiň sütünne çenli

Sähra sary donun bürenip ýatyr.

Baglar ýere gaçýan ýapraklarynyň

Yzyndan ses-üýnsüz seredip otyr.

Şahyryň şu setirlerini ýapraklaryň owranmasynyň özboluşly sesi astynda gaýtalap barşyma, uly çynar agajynyň töwereginde güýzüň owadanlygyny surata geçirip oturan gyza gözüm düşdi. Güýzüň owadan pursatlary bilen didarlaşyp, onuň gözelligini kagyza geçirýän gyzyň ünsüni bölmäýin diýip, seýilgähiň çünkinde ýerleşýän oturgyçlaryň birinde oturdym-da, gyzyň çekýän suratyny ünsli synlap başladym. Kagyzyň ýüzünde aňyrsy bärisi görünmeýän mawy asman, agaçlardan ýapraklaryň tänip barşy, guşjagazlaryň pel-pelläp erkana uçup baryşlary ýerleşdirilipdir. Çekilen suraty ünsli synlap, owadandan owadan reňkler bilen bezäp oturan gyzyň barmaklary bir o ýana bir bu ýana hereket edip, edil agaçlardan ýapraklaryň tänişine çalym edýärdi. Şol wagt öz ýanymdan «Menem suratçy bolsadym şeýle ajaýyplyklary duýup eser dörederdim» diýip içimi gepledip oturşyma suratçy gyz öz eserini tamamlap bolan ýalydy. Gyzyň çeken suratyny ýakyndan synlamak üçin çynar agajyna tarap ädimläp başladym. Bir, iki ädim ädenimden soň, öz ýanymdan ol gyzyň ýanyna baryp, duýdansyz suratyň owadan bolupdyr diýmäne biraz çekindim-de, sakga aýak çekdim. Bäh, bu suratçy gyzyň suratyny görmesem bolmaz. Suratyň taýýar bolmagyna men sabyrsyzlyk bilen garaşdym ahyry diýip öz-özüme käýinip başladym. Şol wagt içimden bir duýgy maňa «ýöre» diýip, buýruk berýän ýaly boldy. Men ýuwaşlyk bilen ädimläp bardym-da, suratçy gyza salam berdim. Bar ünsi bilen suraty synlap oturan gyz ýuwaşlyk bilen salamymy alyp, ýene-de öz çekýän suratyna seretdi.


Armaň, surata gaty owadan çekipsiňiz.


Barbol, şu gözelligi görüp, onuň howasyndan dem alyp mundanam owadan eserleri döredip bolýar ahyry diýip, ýylgyrdy.


Size bir sowal bersem bolarmy?


Arkaýyn beriň.


Siz şunça agaçlaryň içinden näme üçin çynar agajyny çekdiňiz?


Öňem şu soragy maňa kän berýärdiler. Kiçi wagtlarym edil şu wagtky ýaly güýz paslydy. Daş-töwerege edil şular ýaly sary reňk sepilen ýalydy. Käbämiň doglan güni hem güýz paslynda-dy. Her gezek ejeme üýtgeşikden üýtgeşik sowgat taýýarlamagy arzuw ederdim. Ejemiň doglan güni ýetip geldi. Ir säher bilen mekdebe edil şu seýilgähiň içinden ýöräp barýardym. Şu çynar agajy bolsa kiçiräjikdi. Ýapraklary bolsa gaty owadandy. Şol wagt çynar agajynyň ýapraklaryny ýygnap, owadan gülleriň şekillerinden «Eje, senem çynar agajy ýaly uzak ýaşa!» diýip, ýazanym şu wagtam ýadymda. Her gezek şu çynar agajynyň ýanyna gelip, surat çekmek bolsa, meniň kiçilikdäki endigim bolup galdy. Ynha, şu günem ejemiň doglan güni. Şu eserimi hem ejemiň doglan gününe taýýarladym.


Suratçy gyz çynar agajy hakda gürrüň berip durka, agaçdan üç, dört ýaprak ýere düşüp, onuň gürrüňini makullaýan ýaly boldy. Gyzykly gürrüňleri diňläp oturşyma, siziň adyňyzam soramandyryn.


Meniň adym Çynar.


Özüňizem çynar agajy ýaly owadan ekeniňiz. Çynar ejeňiziňem doglan güni gutly bolsun diýip, Çynara saýlap alan kärinde uly üstünlikleri arzuw edip, türgenleşik zalyna tarap ugradym.


Wagta salym ýok diýleni. Meni Çynara sataşdyran güýzem, ondan soň ýene-de birnäçe güýz geldi. Haýsydyr bir güýz günleriniň birinde bolsa, öýdäkiler meni öýermegiň ugruna çykdylar. Ýakyn-u-garyndaş gyzlardan ençemesiniň tarypy edilip, ady tutuldy, birnäçesiniň bolsa, suraty elime gowuşdy. Geljekde meniň ömürlik ýarym bolmaly gözelleriň suratyny synlap oturşyma olaryň arasynda şol birwagtky suratçy gyzy görüp nädip baş atanymam duýman galdym. Asyl görsem Çynar biziň birçaklar göçüp giden goňşymyzyň gyzy bolsa näme?! Durmuşda Çynar ýaly edepli, akylly, sowatly gyzy özüme ýar edip saýlasam, meniň ömrüm kerwenimi çekýän suratlary ýaly bezejekdigine ynandym. Şol ynam meni durmuşyň bagtly günlerine atardy.

22
62
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.