diktr
14.11.2023 01:20

Doganym. Sen dünýäde ejemden kakamdan soň gören keşplerimiň ilkinjisi. Men dünýä inenimde gözjagazlaryňy güldürip maňa bakandygyňy ýatlap bilmesem hem wideiýazgylarda görenimde ýadyma düşen ýaly bolýar. Ol wagt senem kiçijik çagajyk ekeniň. Özüň agy-garany saýgarmadyk balajyk bolsaňam ulalan ýaly bolupsyň men dogulanymda. Aslynda dogan bolmak jigiň dünýä inen gününden ulalmak diýmekmikä diýýän menä. Sebäbi senem men dogulanymda ulalypsyň ýa-da indi bäbejik däldigiňi boýnuňa alypsyň.

Ejem hemişe men derekli saňa käýeninde özümden monça bolýandygyma indi müýnürgeýän. Kejirligimi edip seniň içiňi näçe gezek ýakan bolsam müň mertebe ötünç soraýaryn. Seniň ýüregime taý aladamy ýürekden edýän ýeke-täk ynsandygyňy giç aňanym üçin meni bagyşla, mähriban doganym!

24
50
jahana_17
29 Noýabr 2023
👍🥹☺️☺️
sscc
14 Noýabr 2023
🤗🤗🤗
okan
14 Noýabr 2023
👍👍👍👏🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.