diktr
28.01.2024 22:01

Mahriban dostlar agzalar hemmañizi konkursa çagyrýan soraglary bilene 10 mnt 🎉 pul baýragy bar....



1. "Altyn asyr " halysy iñ uly haly hökmünde ginisiñ rekordyna girdi Haly näçe inedördül? agramy näçe? näçe bolup dokapdyrlar we näçe wagtda? halyda näçe çitim bar ? näçinji ýylda dokalypdyr we nirede?


2. Taryhdan şeyle soraglar:


1) Aksaray soweşi hacan bolupdyr we kimleriñ arasynda?


2) Mahciwar soweşi haçan bolupdyr we kimleriñ arasynda?


3) Denizlide döredilen beglik nacinji ýylda we kim tarapyndan döredilýär?

37
926
diktr
28.01.2024 10:46
Hemmanize gyzykly konkurs Soraglar bilen dowam etyas eger kim birinji bilip komentarya yazana 10 manat🎉 bayragy bar...



1. Bu söz italiýan dilinden gelip çykyp, "gurçuklar" diýen manyny berýär. Italiýany ýatlanymyzda bu "gurçuklar" şüphesiz hyýalymyza gelýär. Bu nähili söz? 


2. Bir ýylda näçe sekunt bar? 

3. Arapça "sifr" näme diýmek? 
24
250
diktr
27.01.2024 21:54
Watan gragçylar gunini gutlayas komentaryada yazyp gutlalyñ dostlar !!!
24
121
diktr
27.01.2024 07:26
2024-nji ýylyň aprel aýynda Kanadada Albertanyň Çagalar hassahanasynyň gaznasyna hemaýat etmek üçin 263 sagatlyk hokkeý oýny geçiriler. Bu barada Strathmorenow habar berýär diýip, championat.com belleýär. Dünýädäki iň dowamly hokkeý oýny 5-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda geçiriler.
40 türgen çagalaryň rak keselini bejermäge pul ýygnamak we Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek üçin yzygider 263 sagat hokkeý oýnar.

“Oýunda MHL-iň düzgünleri hereket eder, şonuň üçin kimdir biri şikes alsa, biz ony çalşyp bilmeris. Öň bizde uýlugyny we dyzyny operasiýa etmeli bolan oýunçylarymyz boldy. Oýunçylar çaganyň janyny halas etmek üçin köpräk pul ýygnamak umydy bilen köp zatlary başdan geçirdiler” – diýip, çäräniň guramaçysy Aleks Halat aýtdy.

2022-nji ýylda toplanan serişdeler immunoterapiýa gönükdirilen çaganyň rak keselini öwreniş maksatnamasyna goldaw berdi. 2024-nji ýylda toplanan serişdeler bar bolan kliniki synaglaryň sanynyň artmagynyň hasabyna köp sanly çagalara Kalgaride bejerginiň täze usullaryny almaga kömek eder.
18
17
diktr
26.01.2024 08:53
25-nji ýanwarda Aziýanyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň iň soňky duşuşyklary geçirildi we ýaryşyň 1/8 finalynda duşuşjak jübütleriň ählisi belli boldy. Belläp geçsek, öz toparlarynda üçünji orny eýelän iň gowy ýygyndylar öz aralarynda saýlama duşuşyklaryny geçirerler.
Aziýanyň Kubogy. 1/8 final:

Täjigistan — BAE;

Yrak — Iordaniýa;

Awstraliýa — Indoneziýa;

Saud Arabystany — Günorta Koreýa;

Eýran — Siriýa;

Bahreýn — Ýaponiýa;

Katar — Palestina;

Özbegistan — Tailand.

Ýatlap geçsek, ýaryş 12-nji ýanwardan 10-njy fewral aralygynda geçirilýär. 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen ýaryşda Kataryň ýygyndysy ýeňiji boldy. Aziýanyň Kubogynda iň köp ýeňiş gazanan ýygyndy Ýaponiýanyň ýygyndysydyr. Olar dört gezek ýeňiji bolmagy başardylar.
19
30
diktr
26.01.2024 00:02
«Deloitte» halkara konsalting kompaniýasy 2022/23-nji möwsümiň netijeleri boýunça iň girdejili Ýewropa klublarynyň sanawyny düzdi.
Birinji orny (geçen möwsüm bilen deňeşdirilende) 831 million ýewro gazanan Madridiň «Realy» eýeledi. Ikinji orunda Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Mançester Siti» (826 million) ýerleşdi. «Şäherliler» geçen möwsümde sanawyň birinji ornuny eýeläpdi. «Pari Sen-Žermen» üçünji orny eýeledi (802 million).
Ýewropanyň öňdebaryjy 20 klubunyň girdejisi 14% ýokarlanyp, rekord derejede 10,5 milliard ýewro ýetdi. Muňa geçirilen duşuşyklardan we mahabatdan gelýän girdejiler hem degişlidir. Täjirçilik girdejileri teleýaýlym girdejilerinden ýokary bolup, 2015/16-njy möwsümden bäri ilkinji gezek iň uly gazanç çeşmesine öwrüldi.
Iň girdejili on klubuň sanawyna «Barselona» (800,1 million), «Mançester Ýunaýted» (745,8), Mýunheniň «Bawariýasy» (744), «Liwerpul» (682,9), Londonyň «Tottenhem» (631,5), «Çelsi» (589.4) we «Arsenal» (532,6) klublary girýär.
21
109
diktr
25.01.2024 18:03
MMA-nyň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko dünýäniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýson bilen boks düzgünleri boýunça bolup biljek söweş barada aýtdy. Habar berlişi ýaly, taraplaryň ikisi-de söweş geçirmäge razy. Fýodoryň aýtmagyna görä, söweşi geçirmek üçin diňe maliýe meselesini çözmek galdy diýip, championat.com belleýär.

“Söweşi Saud Arabystanynda geçirmek meýilleşdirildi. Meniň wekillerimiň we Taýsonyň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe gepleşikler geçirildi. Söweş boks düzgünlerine laýyklykda bolar. Bu 12 raundlyk bolar diýip pikir edemok, ýöne düzgünler heniz maslahatlaşylar. Iki tarapyň hem razylygy bar, ýöne maliýeleşdirme bolmaly. Häzir ähli mesele maliýeleşdirmekde, ýöne ýakyn wagtda ähli zat bolarmyka diýýärin. Ähli zat başa barar diýip umyt edýärin” – diýip, Fýodor Ýemelýanenko YouTube kanalynda aýtdy.

Öň, Fýodor Ýemelýanenko boks düzgünleri boýunça Maýk Taýson bilen söweş geçirmek isleýändigini aýdypdy, ýöne amerikaly hormatyň alamaty hökmünde russiýaly söweşiji bilen tutluşykdan ýüz öwürdi.
Ýatlap geçsek, Fýodor Ýemelýanenko 47, Maýk Taýson 57 ýaşynda. Russiýaly garyşyk başa-baş söweşdäki professional karýerasyny 2023-nji ýylyň fewral aýynda tamamlady. Amerikaly karýerasyny tamamlandygyny 2005-nji ýylda mälim etdi.
27
136
diktr
25.01.2024 11:53
Milanyň “Interiniň” oýunçylary “Napoli” toparyny ýeňip, taryhda sekizinji Italiýanyň Superkubogyny gazandylar.
Aýgytly duşuşyk Er-Riýadda geçirildi we “Interiň” peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 90-njy minutda Lautaro Martines tora girizdi. “Napoli” 60-njy minutda Jowanni Simeone meýdançadan çykarylandan soň, oýny az düzüm bilen tamamlady.
Milan kluby Simone Indzaginiň ýolbaşçylygynda yzygider üçünji gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy.
15
11
diktr
24.01.2024 21:22
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino janköýerleri jynsparazlyk görkezen toparlara tehniki ýeňliş bermäge çagyrdy. Bu barada guramanyň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda (öňki Twitter) habar berilýär.

«Janköýerleri jynsparazlyk görkezen we özüni alyp barşy oýnuň kesilmegine ýa-da togtadylmagyna sebäp bolan topara gönüden-göni tehniki ýeňiliş bermek pikirini durmuşa geçirmeli» diýip, Infantino belledi.

FIFA-nyň başlygy jynsparazlyk sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekilmelidigini we şeýle janköýerleriň stadionlara girmegini gadagan etmegiň zerurdygyny aýtdy.
FIFA-nyň başlygy jynsparazlykdan ejir çeken futbolçylary goldaýandygyny aýtdy we oýunlardaky wakalary «düýbünden ýaramaz we ýol berilmesiz» diýip atlandyrdy.
17
43
diktr
24.01.2024 09:43
UFC-niň ýeňilmedik söweşijisi Hamzat Çimaýew Dana Uaýtyň promouşeninde titul söweşi barada ýene-de söz açdy. Hamzat titul söweşini gazanmak baradaky talaplaryndan diňe ep-esli gonorar alan ýagdaýynda ýüz öwürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada championat.com belleýär.

“Eger olar maňa uly mukdarda pul berseler, maňa guşagyň geregi ýok. Men UFC 300-e taýýar, maňa habar etseňiz boldy” – diýip, Essentially Sports Çimaýewiň sözlerini getirýär.

Habar berlişi ýaly, Çimaýew UFC-ä talap bildirdi: ýa-ha titul söweşi, ýa-da iki esse gonorar.
Häzirki wagtda Çimaýewiň dalaş edýän orta agramda UFC titulyna Drikus dýu Plessi eýeçilik edýär.
13
21