diktr
25.01.2024 11:53
Milanyň “Interiniň” oýunçylary “Napoli” toparyny ýeňip, taryhda sekizinji Italiýanyň Superkubogyny gazandylar.
Aýgytly duşuşyk Er-Riýadda geçirildi we “Interiň” peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 90-njy minutda Lautaro Martines tora girizdi. “Napoli” 60-njy minutda Jowanni Simeone meýdançadan çykarylandan soň, oýny az düzüm bilen tamamlady.
Milan kluby Simone Indzaginiň ýolbaşçylygynda yzygider üçünji gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy.
15
11
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.