diktr
26.01.2024 00:02
«Deloitte» halkara konsalting kompaniýasy 2022/23-nji möwsümiň netijeleri boýunça iň girdejili Ýewropa klublarynyň sanawyny düzdi.
Birinji orny (geçen möwsüm bilen deňeşdirilende) 831 million ýewro gazanan Madridiň «Realy» eýeledi. Ikinji orunda Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Mançester Siti» (826 million) ýerleşdi. «Şäherliler» geçen möwsümde sanawyň birinji ornuny eýeläpdi. «Pari Sen-Žermen» üçünji orny eýeledi (802 million).
Ýewropanyň öňdebaryjy 20 klubunyň girdejisi 14% ýokarlanyp, rekord derejede 10,5 milliard ýewro ýetdi. Muňa geçirilen duşuşyklardan we mahabatdan gelýän girdejiler hem degişlidir. Täjirçilik girdejileri teleýaýlym girdejilerinden ýokary bolup, 2015/16-njy möwsümden bäri ilkinji gezek iň uly gazanç çeşmesine öwrüldi.
Iň girdejili on klubuň sanawyna «Barselona» (800,1 million), «Mançester Ýunaýted» (745,8), Mýunheniň «Bawariýasy» (744), «Liwerpul» (682,9), Londonyň «Tottenhem» (631,5), «Çelsi» (589.4) we «Arsenal» (532,6) klublary girýär.
21
109
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, postyn goymansyna
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, paka shuwagta yok eken😒
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, gorip baha bererin
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, degisme goygyn basga post goymagyn 😄
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, goya garasdyrdyn goyjak diyip postyny🙃
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, yone soygi barada post goymagyn🙃
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, hacan goyjak postyny gulela degismanden bir parca gyzurdet...
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, sen bugun degisme post goy😀
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, mowzuk postlanna girdim welin dine soygi ekenin😊
diktr
26 Yanwar 2024
@smiling_, name post goyjak bugun..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.