diktr
04.10.2023 20:37

«Bawariýa» UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda «Kopengagenden» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Daniýaly toparyň ýeke-täk goluny ýarymgoragçy Lukas Lerager geçirdi, «Bawariýanyň» düzüminde bolsa ýarymgoragçy Jamal Musiala we hüjümçi Matis Tel tapawutlanmagy başardylar.

Şeýlelik bilen, Mýunheniň kluby Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda 36 oýun ýeňilmedi we ýaryşyň täze rekordyny goýdy. Mundan başga-da, nemes topary toparçalaýyn tapgyrda yzly-yzyna 15-nji ýeňiş gazanyp, Çempionlar ligasynyň ýene bir rekordyny täzeledi.

«Bawariýa» soňky gezek toparçalaýyn tapgyrda 2017-nji ýylda «Pari Sen-Žermenden» ýeňilipdi. Şondan bäri Mýunheniň topary 33 ýeňiş gazandy we üç gezek deňme-deň oýnady.

«Bawariýa» häzirki wagtda iki oýundan soň alty utuk bilen «A» toparçada öňdeligi eýeleýär. Indiki tapgyrda «Bawariýa» Türkiýäniň «Galatasaraýy» bilen oýnar. Oýun 24-nji oktýabrda geçiriler.

18
47
diktr
03.10.2023 17:55

Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasynyň resmi web sahypasynyň habar bermegine görä, “Al-Nasr” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu professional derejede ýeňlişsiz 1000 oýunda oýnan taryhda ilkinji futbolçy boldy.

Bu Aziýanyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn böleginiň 1-nji tapgyrynda, “Al-Nasr”-yň “Persepolis”-i ýeňen oýnunda bolup geçdi. Portugaliýaly futbolçy karýerasynda 776 ýeňiş we 224 deňlik gazandy.

Ronaldunyň 2023-nji ýyldan bäri “Al-Nasr”-da oýnaýandygyny ýatladýarys. Hüjümçiniň klub bilen baglaşan şertnamasy 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Futbolçy bu möwsümde ähli ýaryşlarda sekiz oýna gatnaşyp, dokuz gezek pökgi geçirdi we bäş gezek netijeli pas berdi.

24
98
diktr
30.09.2023 19:22

Bir adam otele barsa kompýuter barmyş. Derew aýalynyñ email. adresine hat ýazýar. Emma email. adresini ýalñyş ýazyp başga bir aýala gitýär. Ol aýal şhol wagt adamsyny jaýlap gonamçylykdan gelip durşy eken. Kompýutere gelen haty okap, ol aýal çaşýar.


- " Salam söýgilim. Bu haty okap geñ galmagyñ mümkin, Men gelmeli ýerime sag aman geldim. Bärde internedem bar eken. Hemme adamlaryñ email. adresine hat ýollap bolýar. Bu ýerde señ üçin hem ýer taýynladym . Senem gijä galman geliweri. Senem meniñ ýaly kynçylyk çekmezden basymrak gelmegiñi dileýän . Hoş sag bol seniñ adamyñ ..."


Halasañyz teswir like goýuñ....

27
168
diktr
29.09.2023 14:19

Umyt üzme bu durmusdan,

Mydam seni synap gezer,

Rysgyñ beýik Alla bersin,

Ynsan berse sanap berer.

28
67
diktr
28.09.2023 23:03

Öwünme jüwimde, pulum kän diýip,

Ýa-da ellerimde, ulag bar diýip,

Men baý, a sen bolsa garypsyñ diýip,

Kowmasañ garyby, Şonda beyiksiñ.


Bu dünýa bäş günlik, her kim gitmeli,

In soñunda, bu dünýäden ötmeli,

Ötmänkäñ adyñy, goýup gitmeli,

Ýagşyda tanalsañ, şonda beýiksiñ.

25
121
diktr
12.08.2023 20:15

Balam byr arkaýyn ýaşasyn diýip,

Kakañ başy gamdan doly gaýgydyr.

Sen adam bol diýip, ylgan köwşiniñ,

Her ýamasy ullakan bir söýgidir.


Ejeñ mähri baldan süýji bolsa-da,

Kakañ, ýylgyrşam bir başga duýgudyr.

Gazanç diýip, ir gidip, giç gelse-de,

Şonuñ özem ullakan bir söýgidir.


Kän bir söýgisini bildirmese-de,

Kakañ mähri, söýgiñ süýji düýbidir.

Käte käýese-de, näme diýse-de,

Ynan, her bir sözi taýsyz söýgidir.

51
169
diktr
11.08.2023 00:38

Şükürdir, töriñe rysgal getirjek,

sabyrdyr, bir seni bagta yetirjek.

Haýsybyr dert üçin, aglap otyrjak

Giñ bolup ýeñmeseñ, ýalan dünýäni

31
235