diktr
03.10.2023 17:55

Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasynyň resmi web sahypasynyň habar bermegine görä, “Al-Nasr” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu professional derejede ýeňlişsiz 1000 oýunda oýnan taryhda ilkinji futbolçy boldy.

Bu Aziýanyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn böleginiň 1-nji tapgyrynda, “Al-Nasr”-yň “Persepolis”-i ýeňen oýnunda bolup geçdi. Portugaliýaly futbolçy karýerasynda 776 ýeňiş we 224 deňlik gazandy.

Ronaldunyň 2023-nji ýyldan bäri “Al-Nasr”-da oýnaýandygyny ýatladýarys. Hüjümçiniň klub bilen baglaşan şertnamasy 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Futbolçy bu möwsümde ähli ýaryşlarda sekiz oýna gatnaşyp, dokuz gezek pökgi geçirdi we bäş gezek netijeli pas berdi.

24
98
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.