diktr
04.10.2023 20:37

«Bawariýa» UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda «Kopengagenden» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Daniýaly toparyň ýeke-täk goluny ýarymgoragçy Lukas Lerager geçirdi, «Bawariýanyň» düzüminde bolsa ýarymgoragçy Jamal Musiala we hüjümçi Matis Tel tapawutlanmagy başardylar.

Şeýlelik bilen, Mýunheniň kluby Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda 36 oýun ýeňilmedi we ýaryşyň täze rekordyny goýdy. Mundan başga-da, nemes topary toparçalaýyn tapgyrda yzly-yzyna 15-nji ýeňiş gazanyp, Çempionlar ligasynyň ýene bir rekordyny täzeledi.

«Bawariýa» soňky gezek toparçalaýyn tapgyrda 2017-nji ýylda «Pari Sen-Žermenden» ýeňilipdi. Şondan bäri Mýunheniň topary 33 ýeňiş gazandy we üç gezek deňme-deň oýnady.

«Bawariýa» häzirki wagtda iki oýundan soň alty utuk bilen «A» toparçada öňdeligi eýeleýär. Indiki tapgyrda «Bawariýa» Türkiýäniň «Galatasaraýy» bilen oýnar. Oýun 24-nji oktýabrda geçiriler.

18
47
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.