dayaw
17.07.2023 21:55

siz haysy haywany gowy goryaniz we name ucin

26
423
dayaw
16.07.2023 12:28

Rysgal, edil aş ýaly, çanaklap berilsede, ony çemçeläp sarp etmeli.


"Hä" bermeýänleriñ hemmesi kerdir öýtmäñ. Eşidiler ýaly däl-de, diñlener ýaly edip aýtmaly.


Daglaryñ beýik bolmak aladasy ýok, bu alada özlerini dag saýýan depeleriñ başnda.


Toýlarda diñe şaýat bolup ýörmäñ, käte sebäbem bolsañ ýagşy.



Halan bolsañ:👉🏻♥️👈🏻

29
72
dayaw
15.07.2023 09:56

Adam adamyñ bugdaý çöregine däl-de, bugdaý sözüne zar.


Dünýe maly nämede? - Kanagatda, ýüküñ agyry haýsydyr? - Minnetdir.


Adam diñe iki kişä meñzände ýüzüni ýitirenok: olaryñ biris-ä adama, ikinjisem öz-özüne.


Dana bilen jedele girip, özüni dana görkezjek bolýan nadan öz aýbyny öñkiden-de beter açar


Adam akar suwa meñzär: bulanyk wagty dübündäki merjendir, dürler görünmeýär. Şonuñ üçinem, ony arassa dury görnüşde saklajak bolmaly.


Başgalar hakda gowy sözler aýdýan adamyñ özi-de gowulykda ýatlanar.


Amala aşyryp bolaýjak zady arzuw etmeli.


Juda akyllylara hem añrybaş samsyklara hiç zat öwredp bolmaýar.


Söýgüni kanunlaşdyrmak üçin nikalaşmaly.


Ata- babalarmyz aýdypdyr: " Dagy ýagyş- ýagmyr, erkegi gybat, aýal maşgalany bolsa ýetip bilmedik arzuwy garradýar". Geliñ garramazlyga we garratmazlyga çalşalyñ.



Halan bolsañyz:👉🏻♥️👈🏻

28
71
dayaw
14.07.2023 11:06

Ýadaw wagtyñ geljekde etjek işiñ barada oýlanma.


Adam diñe tebigat bilen ýaşamalydyr.


Şahyryñ agramy okyjylaryň söýgüsi bilen ölçelýär.


Aýda bir kellebaşaýagy satyn alyp däl, bag goýnuny soýup iýmeli.


Ekeniñ görnenok, oranyñ görünýär.

30
118
dayaw
13.07.2023 14:47

1. Söýgi gowymy ýa-da çyn dostlyk?

2. Futbol gowymy ýa-da woleýbol?

3. Mekdepmi ýa-da dynç alyş?

4. Boldmy ýa-da kola?

5. Like♥️ basjakmy ýa-da basjakdäl?

33
351
dayaw
12.07.2023 14:10

Ruhy bejermän bedeni sagaldyp bolmaz.


Gaharyny basyp bilyan adam guyclidir.


Kim kona yuzlenip, taze zat acmagy basaryan bolsa, sol mugallym bolmaga mynasyp.


Oz cagyrylmadyk yerine yanyn myhmanly barmak gelisiksiz zat.


Gepin keltesi yagsy, yupun - uzyny.

26
99
dayaw
11.07.2023 20:07

Pozguç ulanman surat çekmek sungatyna durmuş diýilýär.


Adamyñ zihini bilimine görä däl-de, bilimi kabul edip bilmek ukybyna görä ölçelýär.


Özüñde ýok zatlar hakda arzuw edip, bar bolan zadyñyzyñ gadyryny gaçyrmañ.


Adamy özünden beter hiç kim aldap bilmez.


Söz ýürekden çyksa, ýürege girer, dilden çyksa gulakdan añryk aşyp bilmez.


Kitap okamaýan adam ruhy taýdan kämil däldir.


Bagt hem edil kebelek ýalydyr, näçe kowalasañ, şonça gaçar, ýöne ünsüñi başga ýana gönükdirseñ, onuñ özi ýuwaşlyk bilen egniñe gonar.

21
75
dayaw
10.07.2023 16:19

Özüň üçin öwrenmäge garanyňda, başgalara öwretmek üçin has köp akyl gerek bolýar.

Nirede oňat mugallym bar bolsa, şol ýerde hem oňat terbiýelenen okuwçylar bardyr.

Ortatap mugallym beýan eder. Oňat mugallym düşündirer. Görnükli mugallym görkezer. Beýik mugallym ruhlandyrýar.

Çagany okatmak üçin hem uly bolmak, hem çaga bolmak gerek.

26
86
dayaw
09.07.2023 17:30

Almany ikä kesýär, kesilen ýarty alma nämä meñzeýär?

22
203