dayaw
15.07.2023 09:56

Adam adamyñ bugdaý çöregine däl-de, bugdaý sözüne zar.


Dünýe maly nämede? - Kanagatda, ýüküñ agyry haýsydyr? - Minnetdir.


Adam diñe iki kişä meñzände ýüzüni ýitirenok: olaryñ biris-ä adama, ikinjisem öz-özüne.


Dana bilen jedele girip, özüni dana görkezjek bolýan nadan öz aýbyny öñkiden-de beter açar


Adam akar suwa meñzär: bulanyk wagty dübündäki merjendir, dürler görünmeýär. Şonuñ üçinem, ony arassa dury görnüşde saklajak bolmaly.


Başgalar hakda gowy sözler aýdýan adamyñ özi-de gowulykda ýatlanar.


Amala aşyryp bolaýjak zady arzuw etmeli.


Juda akyllylara hem añrybaş samsyklara hiç zat öwredp bolmaýar.


Söýgüni kanunlaşdyrmak üçin nikalaşmaly.


Ata- babalarmyz aýdypdyr: " Dagy ýagyş- ýagmyr, erkegi gybat, aýal maşgalany bolsa ýetip bilmedik arzuwy garradýar". Geliñ garramazlyga we garratmazlyga çalşalyñ.



Halan bolsañyz:👉🏻♥️👈🏻

28
71
benjaminfranklin
15 Iýul 2023
👍
aikamm
15 Iýul 2023
❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.