Pozguç ulanman surat çekmek sungatyna durmuş diýilýär.
Adamyñ zihini bilimine görä däl-de, bilimi kabul edip bilmek ukybyna görä ölçelýär.
Özüñde ýok zatlar hakda arzuw edip, bar bolan zadyñyzyñ gadyryny gaçyrmañ.
Adamy özünden beter hiç kim aldap bilmez.
Söz ýürekden çyksa, ýürege girer, dilden çyksa gulakdan añryk aşyp bilmez.
Kitap okamaýan adam ruhy taýdan kämil däldir.
Bagt hem edil kebelek ýalydyr, näçe kowalasañ, şonça gaçar, ýöne ünsüñi başga ýana gönükdirseñ, onuñ özi ýuwaşlyk bilen egniñe gonar.