butterfly
16.02.2023 23:38
Pikirlenmek.

Doly düşünmezlik, ters düşünmekden ýegdir.

(Anatol Frans)

* * *

Totyguş aýdylana düşünmese-de, ony ýadynda saklap bilýär.

(Gothold Efraim Lessing)

* * *

Kalbyň esaslanýan ölçeglerine akyl hiç haçan düşünip bilmez.

(Paskal)

* * *

Üsti açylandan soň käbir hakykatlara göz ýetirmek aňsat. Esasy zat üstüni açmak.

(Galileý)
3
10
butterfly
butterfly
15.02.2023 17:31
Göwnüm seni küýseýär Käte ýalňyzlykda otursam özüm, Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm, Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm, Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar, Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. Göreşlerde gujur
butterfly
15.02.2023 06:43
Jogapsyz söýgi.

Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni
Seň bilen durmuşym örän hezildi
Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni
Joşan göwnim gam kölinde ezildi

Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni
Kalbymyň törinde diňe sen bardyň
Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly
Ömir ýollaryma saçýan bir nurdyň

Şanyňa ençeme goşgy ýazardym
Galam ,kagyz meniň hemram bolardy
Elmydama seni ýatlap gezerdim
Seň suratyň meniň gümram bolardy

Ýadymda henizem şol geçen günler
Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp
Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy
Şonda-da jogaby bilmedik çözläp

Soňra biz öýmizden daşary çykyp
Şol mysaly berdik agam Tirkişe
Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy
Beýle zehin berilmeýär her kişä

Ýadymda henizem şol geçen günler
Remezan aýynyň ikinji güni
Size oýnamana men ejem bilen
Barypdym,ýenede göripdim seni

Şol gün seniň bilen goňşy golama
Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz
Bolsakda biz bäş-on sany bir topar
Başga çagalardan saýlanardyk biz

Şol gün sen owadan gaty ses bilen
Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň
Men bolsa utanyp uýalyp şonda
Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym

Şonda-da olar meň başym sypalap
Süýji-kökelerden paýym bererdi
Soň ilkinji söýgim elimden tutup
Meni başga gapa alyp barardy

Ýadymda henizem şol geçen günler
Agamyň toýunda göripdim seni
Gözel jemalyňy uzakdan synlap
Bagtyňa bendiwan edipdiň meni

Şol gün elme alyp seň telefonňy
Görenimde seniň suratlaryňy
Içgin-içgin bakyp seredip çykyp
Dörenimde seniň suratlaryňy

Gözim düşdi bir nätanyş oglana
Köşge şol suraty görmesedim hiç
Şol gün çyn söýgimi aýtjakdym saňa Indi bary giç

Klasdaşlaň bilen uçurym güni
Durdyň sen bir ýigdiň elinden tutup
Ýüregimde gaýnap joşan bu söýgim
Indi ýüregimde galypdy ýatyp
Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok
Müň dürli syr bardy gara göziňde
Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok Günä özimde
Men saňa söýgimi aýdyp bilmedim
Seni söýüp guwanardym daşyňdan
Goý meniňki ýaly jogapsyz söýgi
Geçmäwersin hiç adamyň başyndan

Gerçeknazar Amannazarow
23
83
butterfly
butterfly
11.02.2023 07:32
Pyşdyllar deňizdäki iň ajaýyp jandarlar! ANTARKTIKA, Pyşdyllaryň ýaşamaýan ýeke-täk kontinenti. Uýgunlaşdyrylan jandarlar hökmünde pyşdyllar islendik gurşawda diýen ýaly ýaşap bilerler. Görnüşleriň
butterfly
butterfly
10.02.2023 21:49
Her eliñi gysany dost saýma, her janyñy ýakany duşman
butterfly
butterfly
08.02.2023 22:45
Dogry
butterfly
butterfly
08.02.2023 14:13
Reňkleriň täsiri. Amerikadaky „Kanzas” uniwersitetiniň sungat eserleri muzeýinde şeýleräk tejribe geçirilipdir. Ýagny diwaryň reňkini ak we mele reňklere üýtgedip bolar ýaly sazlapdyrlar. Diwaryň
butterfly
butterfly
07.02.2023 19:17
Reňkleriň täsin dünýäsi. Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler. * * * Gök reňk dünýädäki iň gowy görülýän reňkleriň biridir. Ýer
butterfly
23.01.2023 21:40
Dünýädäki iň kiçi 10 ýurt.

1-nji ýer: Watikan.
Watikan şäheri, bilşiňiz ýaly Rimiň çäginde ýerleşýän we dünýäde resmi taýdan ykrar edilen iň kiçi döwletidir. Watikan şäheri Italiýa bilen baglanyşykly bolup, döwlet dolandyrylyşy obsolýut teokratik monarhiýa, döwlet baştutany Rim Papasydyr. Meýdany 0,44 km we ilaty 825 adam. Watikanyň girdejisi bütin dünýädäki katolikleriň haýyr-sahawatlarynyň hasabyna hereket edýar. Ilatyň aglaba bölegi ruhanylar derejesine eýe bolup, Rim papasynyň hökümetiniň agzalarydyr, işçiler (bagbanlar, garawullar we ş.m.), adatça Italiýanyň raýatlarydyr.

2-nji ýer: Monako.
Monakonyň şalygy, Ligur deňziniň kenaryndaky günorta ýewropada ýerleşýän we gury ýerde Fransiýa bilen serhetleşýän döwletidir. Monako dünýädäki iň kiçi we iň gür ilatly ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Meýdany bary-ýogy 2,02 km, ilaty takmynan 36 müň adam. Monako kiçi döwlet bolmagyna garamazdan Monte Karlodaky kazino we “Formula 1” ady bilen tanalýan Gran-Pri-Monako atly geçirilýän çempionat tapgyry bilen tanalýar.

3-nji ýer: Nauru.
Nauru respublikasy Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde, ekwatoryň 42 km günortasynda adada ýerleşýän döwletdir. Döwletiň meýdany 21,3 km bolup, 10 müňden gowrak ilaty bar. Nauru respublikasy 1968-nji ýylda öz garaşsyzlygyny gazandy. Nauru respublikasy birnäçe rekordlary goýýar, ýagny planetdadaky iň kiçi garaşsyz respublika, iň kiçi ada döwleti, Ýewropanyň daşyndaky iň kiçi ýurt we resmi paýtagty bolmadyk dünýäde ýeke-täk respublika.

4-nji ýer: Tuwalu.
Polineziýanyň ýuwaş ummany döwleti bolan Tuwalunyň umumy meýdany bary-ýogy 26 km², ýurtda 11 müňden gowrak adam ýaşaýar. Döwletiň paýtagty Funafuti. Tuwalu adalary deňizçi Alwaro Mendana de Neýra tarapyndan 1568-nji ýylda açyldy. XX asyryň dowamynda Tuwalu britan koloniýasy hasaplanyp, 1978-nji ýylda öz garaşsyzlyk gazandy. Häzirki zaman adyny 1975-nji ýylda alyp, Tuwalu dilinde “sekiziň bir ýerde durmagy” diýmekligi aňladýar.

5-nji ýer: San Marino.
San Marino respublikasy ähli tarapy Italiýa tarapyndan gurşalandyr. San Marinonyň häzirki çägini göz öňünde tutsak, Ýewropanyň iň köne döwletidir. Rowaýata görä döwleti esaslandyran hristian mukaddesi Marinodan gelip çykýar. Döwletiň umumy meýdany bary-ýogy 60.57 km². Ilaty – 32 müň adam.

6-njy ýer: Lihtenşteýniň şazadasy.
Döwlet dolandyryşyna görä, Lihtenşteýn konstitusion monarhiýa döwleti bolup, Günbatar Ýewropada Alp daglarynyň iň gözel ýerlerinde ýerleşýän döwletdir. Ýewropanyň iň uly derýalarynyň biri bolan Reýn derýasy döwletiň günbatar böleginden akýar. Döwletiň ady Lihtenşteýn dinastiýasyndan gelip çykýar. Döwletiň meýdany 160 km², ilaty 37 müňe golaý bolup, paýtagty Wadus şäheridir. Döwletiň kiçi göwrümine garamazdan, häzirki zaman sungatyň iň uly çeperçilik muzeýi bolan Lihtenşteýn ýaly birnäçe möhüm medeni ýadygärlikler bar.

7-nji ýer: Marşal adalary.
Respublika Mikroneziýada ýerleşip, ABŞ bilen baglanyşdyrylýar. Umumy meýdany 181,3 km², ilaty bolsa 53 müň adam. Paýtagty Majuro şäheridir. Bu ada iňlis kapitany Jon Marşalyň ady dakyldy, ol başga bir kapitan Tomas Gilbert bilen bilelikde 1778-nji ýylda bu territoriýany gözden geçirip, açyş etdiler.

8-nji ýer: Sent Kits we Newis.
Bu döwlet Karib deňziniň gündogar böleginde ýerleşýär, meýdany 261 km², ştatda bary-ýogy 50 müň adam ýaşaýar. Paýtagty – Baseter şäheri Sent-Kits adasynda ýerleşýär. Bu ýeriň ýaşaýjylary ýerli oturymly halk kariblerdir. Adanyň özi Kolumb tarapyndan 1493-nji ýylda açyldy, ýöne ispanlar olary kolonizasiýa etmediler. Şeýle-de bolsa, Iňlisler olara çynlakaý garadylar. Häzirki wagtda Sent Kits we Newis federasiýasy Iňlis arkalaşygynyň garaşsyz agzasy.

9-njy ýer: Maldiwler.
Hindi ummanynda ýerleşýän Maldiw respublikasy meşhur syýahatçylyk döwlet hökmünde tanalýar. Onuň territoriýasy 298 km, ilaty bolsa takmynan 400 müň adam. Respublikanyň paýtagty Male şäheridir. Ýaşaýjylaryň köp bölegi Günorta Aziýadan we Ýakyn Gündogardan gelen adamlardyr. Din boýunça Maldiwleriň ilaty sünnülere degişlidir. Adanyň içinde tutşlygyna 1,5-2 sagadyň içinde geçip bolar.

10-njy ýer: Malta.
Malta Respublikasy Ortaýer deňzinde ýerleşýän malat atly gadymy finleriň (“duralga, gaçybatalga”) diýen sözden gelip çykan döwletdir. Onuň tutýan meýdany 316 km meýdany bolan bu ada, Ýewropadan Aziýa we Afrika deňiz ýollarynyň merkezinde ýerleşip, uzak wagtlap basybalyjylary özüne çekýär. VIII asyrda grekler, rimliler, wizantiýalylar, araplar we ispanlar tarapyndan gezekli-gezegine kolonizasiýa edilip başlandy. Malta parlament respublikasy bolup, ilaty 425,5 müň adam.
16
187
butterfly
butterfly
22.01.2023 18:05
Durmush olume sorag berya-"Name uchun meni hemmeler soyya, a seni welin hemmeler yigrenyar?" diyipdir. Muna olum sheyle jogap beripdir-"Bilyanmi name sen suyji yalan, a men bolsa ajy