butterfly
07.02.2023 19:17
Reňkleriň täsin dünýäsi.

Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.

* * *

Gök reňk dünýädäki iň gowy görülýän reňkleriň biridir. Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 40 göterimi bu reňki beýlekilerden has gowy görýärler.

* * *

Gök reňk ynsan zehinini durlaýar, ýürek urgusyny haýalladýar, gan basyşyny peseldýär we gorkusyny azaldýar.

* * *

Bäbekleriň ilkinji saýgar­ ýan reňki gyzyldyr. Geçirilen barlaglar eýýäm iki hepdelik bäbejigiň gyzyl reňki saý­ garyp bilýändigini görkezdi. Sebäbi bu reňk ynsan aňyna beýleki reňklere görä has ýiti täsir edýär.

* * *

Adatça, bir adam bir million reňki biri-birinden saýgaryp bilýär. Has zehinli adamlaryň bolsa, bir ýarym milliona çenli reňkleri tanap bilýändiklerini ylym tassyklady.

* * *

Gülgüne reňk adamy rahatlandyrýar. Hytaýyň Feng Şui pelsepe akymyna görä, gülgü­ ne reňk ynsanda döreýän dürli energiýany kadalaşdyrýar. Ol sada reňk hasaplanylýar.

* * *

Gyzyl we sary lezzet beriji reňkler hasaplanylýar. McDonald’s, KFC we Burger King ýaly tiz tagam kompaniýalarynyň nyşanlarynda bu iki reňkiň haýsy hem bolsa biriniň ulanylmagynyň düýp sebäbi hem şundandyr.

* * *

Barlaglara görä, çagakak tomaşa eden teleýaýlymlarymyzyň reňkli ýa-da reňksiz bolmagy düýşümize-de täsirini ýetirýär. Çagalygynda akgara reňkli ýaýlymlara tomaşa eden ýaşuly adamlaryň düý­ şünde esasan, belli bir reňk ýokdur.

* * *

Eger kompýuteriňiziň ekranyndaky suratda ýaşyl reňk kän bolsa, bu siziň dogry suraty saýlap alandygyňyzy görkezýär. Sebäbi ýaşyl reňk rahatlandyrýar, ol gözi asla ýadadanok diýen ýalydyr.

* * *

Eger gije çybyn-çirkeý rahatlygyňyzy bozýan bolsa, açyk reňkli geýim geýniň! Çünki olaryň «jyny» goýy reňklere düşýär.
14
152
yakup allabayew
7 Fewral 2023
👍👍👍👍👍
ideallider
7 Fewral 2023
Gök reňk gözi zaýalaýar, ýaşyl bolsa bejerýär👍
Myhman Myhman
7 Fewral 2023
Likee😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.