Dünýädäki iň kiçi 10 ýurt.
1-nji ýer: Watikan.
Watikan şäheri, bilşiňiz ýaly Rimiň çäginde ýerleşýän we dünýäde resmi taýdan ykrar edilen iň kiçi döwletidir. Watikan şäheri Italiýa bilen baglanyşykly bolup, döwlet dolandyrylyşy obsolýut teokratik monarhiýa, döwlet baştutany Rim Papasydyr. Meýdany 0,44 km we ilaty 825 adam. Watikanyň girdejisi bütin dünýädäki katolikleriň haýyr-sahawatlarynyň hasabyna hereket edýar. Ilatyň aglaba bölegi ruhanylar derejesine eýe bolup, Rim papasynyň hökümetiniň agzalarydyr, işçiler (bagbanlar, garawullar we ş.m.), adatça Italiýanyň raýatlarydyr.
2-nji ýer: Monako.
Monakonyň şalygy, Ligur deňziniň kenaryndaky günorta ýewropada ýerleşýän we gury ýerde Fransiýa bilen serhetleşýän döwletidir. Monako dünýädäki iň kiçi we iň gür ilatly ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Meýdany bary-ýogy 2,02 km, ilaty takmynan 36 müň adam. Monako kiçi döwlet bolmagyna garamazdan Monte Karlodaky kazino we “Formula 1” ady bilen tanalýan Gran-Pri-Monako atly geçirilýän çempionat tapgyry bilen tanalýar.
3-nji ýer: Nauru.
Nauru respublikasy Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde, ekwatoryň 42 km günortasynda adada ýerleşýän döwletdir. Döwletiň meýdany 21,3 km bolup, 10 müňden gowrak ilaty bar. Nauru respublikasy 1968-nji ýylda öz garaşsyzlygyny gazandy. Nauru respublikasy birnäçe rekordlary goýýar, ýagny planetdadaky iň kiçi garaşsyz respublika, iň kiçi ada döwleti, Ýewropanyň daşyndaky iň kiçi ýurt we resmi paýtagty bolmadyk dünýäde ýeke-täk respublika.
4-nji ýer: Tuwalu.
Polineziýanyň ýuwaş ummany döwleti bolan Tuwalunyň umumy meýdany bary-ýogy 26 km², ýurtda 11 müňden gowrak adam ýaşaýar. Döwletiň paýtagty Funafuti. Tuwalu adalary deňizçi Alwaro Mendana de Neýra tarapyndan 1568-nji ýylda açyldy. XX asyryň dowamynda Tuwalu britan koloniýasy hasaplanyp, 1978-nji ýylda öz garaşsyzlyk gazandy. Häzirki zaman adyny 1975-nji ýylda alyp, Tuwalu dilinde “sekiziň bir ýerde durmagy” diýmekligi aňladýar.
5-nji ýer: San Marino.
San Marino respublikasy ähli tarapy Italiýa tarapyndan gurşalandyr. San Marinonyň häzirki çägini göz öňünde tutsak, Ýewropanyň iň köne döwletidir. Rowaýata görä döwleti esaslandyran hristian mukaddesi Marinodan gelip çykýar. Döwletiň umumy meýdany bary-ýogy 60.57 km². Ilaty – 32 müň adam.
6-njy ýer: Lihtenşteýniň şazadasy.
Döwlet dolandyryşyna görä, Lihtenşteýn konstitusion monarhiýa döwleti bolup, Günbatar Ýewropada Alp daglarynyň iň gözel ýerlerinde ýerleşýän döwletdir. Ýewropanyň iň uly derýalarynyň biri bolan Reýn derýasy döwletiň günbatar böleginden akýar. Döwletiň ady Lihtenşteýn dinastiýasyndan gelip çykýar. Döwletiň meýdany 160 km², ilaty 37 müňe golaý bolup, paýtagty Wadus şäheridir. Döwletiň kiçi göwrümine garamazdan, häzirki zaman sungatyň iň uly çeperçilik muzeýi bolan Lihtenşteýn ýaly birnäçe möhüm medeni ýadygärlikler bar.
7-nji ýer: Marşal adalary.
Respublika Mikroneziýada ýerleşip, ABŞ bilen baglanyşdyrylýar. Umumy meýdany 181,3 km², ilaty bolsa 53 müň adam. Paýtagty Majuro şäheridir. Bu ada iňlis kapitany Jon Marşalyň ady dakyldy, ol başga bir kapitan Tomas Gilbert bilen bilelikde 1778-nji ýylda bu territoriýany gözden geçirip, açyş etdiler.
8-nji ýer: Sent Kits we Newis.
Bu döwlet Karib deňziniň gündogar böleginde ýerleşýär, meýdany 261 km², ştatda bary-ýogy 50 müň adam ýaşaýar. Paýtagty – Baseter şäheri Sent-Kits adasynda ýerleşýär. Bu ýeriň ýaşaýjylary ýerli oturymly halk kariblerdir. Adanyň özi Kolumb tarapyndan 1493-nji ýylda açyldy, ýöne ispanlar olary kolonizasiýa etmediler. Şeýle-de bolsa, Iňlisler olara çynlakaý garadylar. Häzirki wagtda Sent Kits we Newis federasiýasy Iňlis arkalaşygynyň garaşsyz agzasy.
9-njy ýer: Maldiwler.
Hindi ummanynda ýerleşýän Maldiw respublikasy meşhur syýahatçylyk döwlet hökmünde tanalýar. Onuň territoriýasy 298 km, ilaty bolsa takmynan 400 müň adam. Respublikanyň paýtagty Male şäheridir. Ýaşaýjylaryň köp bölegi Günorta Aziýadan we Ýakyn Gündogardan gelen adamlardyr. Din boýunça Maldiwleriň ilaty sünnülere degişlidir. Adanyň içinde tutşlygyna 1,5-2 sagadyň içinde geçip bolar.
10-njy ýer: Malta.
Malta Respublikasy Ortaýer deňzinde ýerleşýän malat atly gadymy finleriň (“duralga, gaçybatalga”) diýen sözden gelip çykan döwletdir. Onuň tutýan meýdany 316 km meýdany bolan bu ada, Ýewropadan Aziýa we Afrika deňiz ýollarynyň merkezinde ýerleşip, uzak wagtlap basybalyjylary özüne çekýär. VIII asyrda grekler, rimliler, wizantiýalylar, araplar we ispanlar tarapyndan gezekli-gezegine kolonizasiýa edilip başlandy. Malta parlament respublikasy bolup, ilaty 425,5 müň adam.