bibis
07.08.2023 08:53

Ali Nazik


Ýogurtly badamjan we gowrylan et bilen taýynlanýan Ali Näzik nahary Türkiýäniň Gaziantep ilinde örän meşhurdyr.


Bu nahar barada birnäçe rowaýat bar. Rowaýatlaryň birine görä 16-njy ýüzýylda Osmanly soltany Ýawuz Soltan Selim Antep iline gitmek üçin ýola çykýar. Bu habary eşiden halk patşa üçin dürli naharlar we süýjülikler taýynlaýar. Gaziantebe baran soltan onça tagamyň içinden ýogurtly badamjan we üsti gowrylan etli nahary halaýar we "Haýsy eli näzik bu nahary taýynlady?" diýip sorapdyr. Sondan soň bu nahara ilki bilen "Ala nazik" diýipdirler we soňra "Ali nazik" bolup atlandyrylypdyr.


Öz wagtynda örän meşhur bolan Ali nazik naharynyň taýynlanyş tarybyny bu reseptden öwrenip öýüňizde bişirip bilersiňiz.


Şeýle hem bu nahara meňzeş Çökertme kebaby we Hünkar begendi naharlaryna seredip bilersiňiz.


Içindäkiler — Ali Nazik taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


Begendisi üçin:


1 kg badamjan (4 sany)

1 stakan smetana (ýogurt, gaýmak)

2 diş sarymsak

Duz

Gara burç


Üsti üçin:


250 gram üwelen et

1 sany sogan

1 sany pomidor

1 sany bulgar burç

1 çaý çemçesi tomat


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Bakdamjanlaryň üstüni wilka bilen deşip duhowkada 200 derejede 20-30 minut ýumşaýança bişirmeli. Tagamy hakyky bolmagyny isleseňiz közde bişirmeli. Bişen soň daşyny aýyrmaly we kubik edip dogramaly.


2. Üwelen eti ownuk dogralan sogan bilen saçda (skawarodka) biraz ýag bilen gowurmaly. Bir salymdan dogralan pomidor we dogralan bulgar burçy goşmaly. Pomidoryň suwy çykan soň tomat, duz we gara burç goşup bişirmeli.


3. Sarymsagy ýençmeli (döwmeli) we smetana (yogurt) bilen garmaly. Dogralan badamjana duz we gara burç goşmaly, sarymsakly smetana bilen garmaly.


4. Saçaga goýmak üçin tarelka ilki bilen garylan badamjany tekiz edip goýmaly. Üstüne bişen üwelen etimizi bir gat edip goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.


Goşmaça:


1. Eger bişirilen üwelen et ýagsyz bolsa mesge bilen gury gyzyl burçy bişirip üstünden gezdirip bilersiňiz. Islege görä ýanyna garnir edip gaýnadylan tüwi taýynlap bolýär. Şeýle hem közlenen bulgar burç we pomidor bilen bezäp bolýar. Üwelen etiň ýerine dogralan et ýa-da dogralan towuk bilen bişirip bolýar.

14
28
bibis
06.08.2023 08:33

Süýtli karamelli desert


Süýtli we karamelli diýseň tagamly, pudinge meňzeş desert. Içindäkiler ýönekeý, taýynlamak köp wagtyňyzy alar diýmeseňiz tagamy edeniňize degýän resept.


Içindäkiler — Süýtli karamelli desert taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


100 gram mesge.

120 gram un.

1 litr süýt.

80 gram şeker.

2 paket (10 gram) wanilin.


Karamel üçin:


90 gram şeker

1 çaý çemçe mekge krahmaly

300 ml suw


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Mesgäni bir gazanda orta otda eretmeli we un goşup gowyja bulap gowurmaly.


2. Süýdi azajykdan 4-5 gezege bölüp guýmaly we düýbine tutmaz ýaly bulap durmaly. Ahli süýdi bulap guýandan soň wanilin goşmaly we goýalýança, takmynan 40 minut, bulap bişirmeli. Puding ýaly goýy krem bolmaly. Kremi biraz sowadyp aýry gaplara salmaly.


3. Üstüniň karameli üçin mekge krahmalyna 200 ml suw goşup bir gapda gowy eidip garmaly.


4. Kiçi sous gazanyna 90 gram şeker goýup orta otda eretmeli. Şekeri bir çemçe bilen bulap üstüne 100 ml suw guýmaly. Suw goýan soň erän şeker gataýandyr, bulap eretmeli. Doly erän soň megke krahmal garyndysyny guýmaly we bulamana dowam etmeli. Goýy bala meňzeş karamel bolýandyr.


5. Karameli gaplara guýan süýtli kremimiziň üstüne guýup çemçe bilen tekizlemeli. Üstüne islege görä owradylan pisse sepmeli. 30 minut holodilnikte goýyp hezil edip iýäýmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

11
55
bibis
05.08.2023 10:07

Işlekli



Türkmeniň milli tagamlarynyň biri bolan işlekliniň öýde, howur peçde bişiriliş resepti.



Içindäkiler — Işlekli taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary



2 nahar çemçe gatyk


50gr mesge


1.5 bulgur ýyly suw


4.5 bulgur un


1 çay cemçe duz



Iç harjy üçin:



350 gr goýun ýa-da sygyr eti (jylka)


150gr guýryk ya-da iç ýagy


1 sany uly sogan


1 sany orta boy kartoşka


Ýarty bulgar burç


1 sany pamidor


Duz


Gara burç


Ýarty bulgurdan koprak suw



Taýynlanyşy / bişirilişi



1. Hamyryny taýynlamaly. Bir uly jama mesgani, gatygy, suwy, duzyny salyp gowja eretmeli. Ýuwaşjadan ununy salyp ýumşajyk hamyr ýugurmaly.


Hamyryň üstüni ýapyp demini alyança goýmaly.



2. Iç harjyny taýynlamaly. Etini, ýagyny we ähli gök-önümleri uşajyk dograp bir jama salmaly. Üstune duzuny, burçuny islega göra salyp üstune suvuny guýup gowja garmaly.



3. Demini alan hamyrymyzy deň bolmadyk 2 bölege bölmeli.



4. Howur peji gyzdyryp goýmaly. Hamyryň uly bölegni galypdan ulurak daşyna çykyp durar edip ýuka bolmadyk şekilde ýaýmaly. Galyby ýaglap hamyry ýazmaly. Hamyryň üstune iç harjymyzy salmaly. 2-nji kiçi hamyrymyzy galybyň üstüne laýyk edip ýaýmaly we işlekliniň üstüni ýapmaly we aşaky hamyr bn gyralaryny birikdirip gowja bükmeli.



5. Işlekliniň ýuzuni wilka bilen dürtüp çykmaly, isleseňiz gobek hem ýasap bilersiñiz. Howur peje salyp 220°-de 45-50 min gyzarýança bişirmeli. Işdaňiz açyk bolsun!

12
65
bibis
04.08.2023 16:04

Towukly işdäaçar


Gaýnadylan towuk budyndan tiz taýynlanýan, lezzetli we doýuryjy işdäaçar (salat).


Içindäkiler — Towukly işdäaçar taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 sany gaýnadylan towuk budy

1 kaşir

1 sogan

1 limon

islege göra ukrop-petruşka, maýonez


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Gaýnadylan towuk budyny ownuk dogramaly.


2. Kasiri gyrgyjyn ownuk gözunden geçirmeli.


3. Sogany, gok otlary ownuk dogramaly.

Ählisini bir gaba salyp, üstünden 1 limonyn suwuny sykmaly.


4. Maýonez gosup garmaly

17
51
bibis
03.08.2023 23:30

Salam agzalar. Bagyslarsynyz men gyzym bilen bolup kan girip bilmedim owrenmela. Hemmaniz gowmysynyz owrenmelin agzalary😊. Janlarynyz sagmy. Kom.yazayyn soragynyz bolsa, jogap beryan🤗.

12
139
bibis
31.07.2023 11:02

Gül kelemli salat


Organizme ýetmezçilik edýän ýod bilen baýlaşdyrylan gül kelemli saladyň taýynlanyşyny siziň bilen paýlaşýaryn. Gäl kelemi her gezek satyn alan wagtym "Bu näme?", "Näme nahar bişirip bolýar?" diýip soralýany üçin bu işsäaçaryň reseptini ýazmagy makul bildim. Göwnüňize görä başga salatlaryň içine hem goşsa bolýar. Gülli kelem bilen edilen başga reseptleri hem tagamlar saýtyndan gözläp bilersiňiz.


Içindäkiler — Gül kelemli salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 sany gül kelem

2 diş sarymsak

Şawel, narpyz (ukrop, petruşka hem goşup bilersiňiz) islege görä

Limon suwy ýa bir çümmük duz

1-2 nahar çemçesi soýa sousy

2-3 çemçe gaýmak


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Gül kelemi gyzgyn suw bilen ýuwuň, çalaja ýumşamagy gerek.


2. Soňra düýbüni, ýapraklaryny kesip aýyryň. We güljagaşlary bütew galar ýaly dograň, eliňiz bilen döwüp hem bilersiňiz.


3. Gaba salyp üstüne limon suwuny guýmaly .


4. Otlarymyzy garyp gaýmak goşmaly.

Saçaga bermezden öň soýa sousyny goşuň. Işdäňiz açyk bolsun!

11
87
bibis
30.07.2023 22:24
Şekerpare – şerbetli türk köke

Şekerpare türk aşhanasynda duş gelýän hamyrdan bişirilýän şerbetli köke. Şerbeti kökäniň içine siňip agzyňda ereýän ýumşak süýji tagam berýär.

Içindäkiler — Şekerpare – şerbetli türk köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

3 stakan un.
5 çemçe mannyý ýarmasy (kaşa).
180 gram mesge ýa-da margarin .
2 sany ýumurtga ( biriniň sarysy üstüne çalmak üçin ).
1 stakan şeker tozy.
10 gram gabardyjy.

Şerbeti üçin:

3 stakan şeker.
3 stakan suw.
1 çaý çemçe limon suwy.

Taýynlanyşy / bişirilişi

1. Şerbet üçin suw we şekeri bir gaba salyp gaýnadyň. Gaýnan soň limon suwyny goşyň we aşagynyň odyny öçüriň.

2. Şekerpare hamyry üçin undan başga önümleri bir gaba salyp garmaly. Mesge otag ýylylygynda ýumşak bolmaly.

3. Uny azajykdan goşup eliňize ýelmeşmeýän gatyja hamyr garmlay.
Hamyrdan kiçi owal şekiljikler ýasap ýag çalynan protfine goýyň.

4. Kökejikleriň üstünden isleseňiz wilka bilen basyp çyzyjak şekil edip bilersiňiz. Üstüne ýumurtganyň sarysyny çalyň.

5. Öňünden 180 gradys gyzdyrylan duhowkada 20 minut bişiriň.

6. Bişen şekerpare kökelerini duhowkadan çykaryp Üstüne şerbet guýar ýaly bir gaba aýyryp biraz sowaýança 3-4 minut garaşyň.

7. Şerbedi ýuwaşjadan şekerpareniň üstüne guýyň.

8. Şerbet içine siňer ýaly üstüni ýapyp azyndan 2 sagat garaşmaly. 1 gün garaşsaňyz şerbet has gowy siňer we tagamy gowy bolar. Işdäňiz açyk bolsyn.
13
53
bibis
29.07.2023 17:47
Napoleon tort

Öýde bişirilen napoleon (napalýon) tort, hoz we sguşýonkaly krem bilen , örän lezzetli , agzyňda ereýär. Krem gowy edip siňer ýaly öňünden taýynlamany unutmaň.


Içindäkiler — Napoleon tort taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


250 gram mesge

2 skatan un

1 ýumurtga

2 çemçe limon sogy

1/2 stakan sowuk suw


Krem üçin:


400 gram sguşýonka (1 banka)

200 gram mesge

200 gram hoz


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Ýarym stakan suwa limonyň sogyny goşup ýumurtga bilen garmaly.


2. Uly jama mesgäni salyp dogramaly. Un we limonly garyndyny azajykdan goşup garmaly, hamyr etmeli.


3. Hamyry 8 şarige bölüp 1 sagat holodilnikde goýmaly.


4. Her şarigi un sepip ýagly kagyzda ýaýmaly we wilka bilen dürtmeli. 180 dereje gyzdyrylan duhowkada takmynan 15 minut owadan altyn renk bolýança bişirmeli.


5. Korj bişen soň sowamanka tarelka goýup owadan tegelek edip kesmeli, galanyny külke etmeli tortyň üstüne seper ýaly.


6. Kremini taýynlamaly. Ýumşan mesgäni mikser bilen garmaly, sguşýonka goşmaly we birmeňzeş krem bolýança garmaly.


7. Hozlary bir pakede goýup oklow bilen owratmaly.


8. Her korjige krem çalmaly we hoz sepmeli.


9. Iň üstdäki korjy krem çalyp hoz sepen soň korj külkesini sepmeli. Şeýle hem tortyn gyralaryna külke sepmeli.


10. Torda krem gowy edip siňer ýaly holodilnikde azyndan 8 sagat goýmaly.
8
35
bibis
28.07.2023 16:38
Bananly parfe (parfait)

Fransuz deserti parfe (parfait) – miweli buzgaýmaga meňzeýän, doňduryp iýilýän, suýji desert. Bu reseptde banan ulandym, isleseňiz ýertut, kiwi, şetdaly ýaly halaýan miweleriňizi hem ulanyp bilersiňiz. Hökman edip görüň.


Içindäkiler — Bananly parfe (parfait) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 sany krem şanti (150 gram)

1,5 stakan süýt

7 köke

1 banan

50 gram şokolad


Sous üçin:


2 çemçe kakao

2 çemçe gaýmak

3 çemçe şeker

1 çemçe mesge


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Içine goşjak harytlarymyzy banan, şokolad, kökeleri kubik edip dogramaly. Şokolady has ownyk etmeli.


2. Süýde krem şantini goşup mikser bilen goýy krem bolýança garmaly, takmynan 5 minut.


3. Kremiň içine dogran önümlerimizi goşup çemçe bilen garmaly.


4. Şekil berjek gabumuza streç plýonkany ýazmaly we içine kremi goýmaly. Çemçe bilen ütünden çalaja basmaly we üstüni hem plýonka bilen ýapyp buzlyga (marozilka) azyndan 4 sagatlyk goýmaly.


5. Parfe gowy edip gatan soň üstüniň şokoladly sousyny etmeli. Sous üçin gerekli harytlary bir gazanjyga salyp haýal otda gaýnaýança bulap bişirmeli. Gaýnan soň ýene 3 minut garyp bişirmeli.


6. Sous biraz sowan soň buzlukdan parfeni çykaryp plýonkalaryny aýyrmaly we bir tabaga ýada podnosa goýmaly. Şokoladly sousy bir pakediň içine goýup ujyny kiçijek edip deşmeli we pakedi gysyp sousy inçe çyzyk şeklinde parfeniň üstüne çyzmaly. Ýene buzlykda ýarym sagat goýmaly we bananly parfemiz iýmäne taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.
14
45
bibis
22.07.2023 08:14
Duzlanan ajy burç

Ajy burç halaýanlar, palow ýa-da çişligiň ýany bilen duzlanan görnüşini iýesiňiz gelýän bolsa bu resept siziň üçin. Ýylyň islendik paslynda açyp iýip biläýjek duzlanan ajy burç, ýany bilen kysyrdap duran sarymsak diýseň tagamly. Isleseňiz sarymsak ýaly kysyrdaýan käşir ýa-da brýussel kelemini hem goşsaňyz bolýar. Men biraz kelem goşdym.


Içindäkiler — Duzlanan ajy burç taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


500 gr ajy burç

6 diş sarymsak

2 çaý çemçesi uksus

6 çemçe duz

2 çemçe şeker

gaýnan suw

2-3 sany lawr ýapragy (lawrowuy list)


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Ajy burçy ýeke ýekeden gowy edip ýuwmaly. Sarymsagy arassalamaly.


2. Bankalary gowy edip ýuwmaly. 500 gram ajy burç 2 sany 720 ml banka sygýar.


3. Suw gaýnatmaly. Bankalar gyzgyna öwrenşer ýaly banka biraz (50 ml töwerek) gaýnak suw guýyp bankanyň gyralaryna deger ýaly edip aýlamaly.


4. Suwly bankanyň her birine 1 çaý çemçe uksus, 3 çemçe duz we 1 çemçe şeker goşmaly we eretmelei.


5. Açyk burçlary banka goýmaly. Sarymsak we lawr ýapragyny goşmaly. Men biraz brýussel kelemini hem goşdym.


6. Banka dolandan soň içine gaýnak suw goşmaly. Bankanyň agzynda biraz howa galmaly.


7. Bankanyň rezbeli gapaklaryny gowy edip yapmaly. içindäki suwuklyk gowy garylar ýaly 20-30 minut ters öwürüp goýmaly.


8. Bu şekilde taýynlanan ajy burç 3-5 aýyň dowamynda iýse bolýar.
20
83