bibis
29.07.2023 17:47
Napoleon tort

Öýde bişirilen napoleon (napalýon) tort, hoz we sguşýonkaly krem bilen , örän lezzetli , agzyňda ereýär. Krem gowy edip siňer ýaly öňünden taýynlamany unutmaň.


Içindäkiler — Napoleon tort taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


250 gram mesge

2 skatan un

1 ýumurtga

2 çemçe limon sogy

1/2 stakan sowuk suw


Krem üçin:


400 gram sguşýonka (1 banka)

200 gram mesge

200 gram hoz


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Ýarym stakan suwa limonyň sogyny goşup ýumurtga bilen garmaly.


2. Uly jama mesgäni salyp dogramaly. Un we limonly garyndyny azajykdan goşup garmaly, hamyr etmeli.


3. Hamyry 8 şarige bölüp 1 sagat holodilnikde goýmaly.


4. Her şarigi un sepip ýagly kagyzda ýaýmaly we wilka bilen dürtmeli. 180 dereje gyzdyrylan duhowkada takmynan 15 minut owadan altyn renk bolýança bişirmeli.


5. Korj bişen soň sowamanka tarelka goýup owadan tegelek edip kesmeli, galanyny külke etmeli tortyň üstüne seper ýaly.


6. Kremini taýynlamaly. Ýumşan mesgäni mikser bilen garmaly, sguşýonka goşmaly we birmeňzeş krem bolýança garmaly.


7. Hozlary bir pakede goýup oklow bilen owratmaly.


8. Her korjige krem çalmaly we hoz sepmeli.


9. Iň üstdäki korjy krem çalyp hoz sepen soň korj külkesini sepmeli. Şeýle hem tortyn gyralaryna külke sepmeli.


10. Torda krem gowy edip siňer ýaly holodilnikde azyndan 8 sagat goýmaly.
8
35
bibis
30 Iýul 2023
@moonlight, Saol kop
moonlight
29 Iýul 2023
Ýetireniñe minnetdar..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.