bibis
28.09.2023 16:52

Kakao — stres ýagdaýynda peýdaly


Birmingem uniwersitetiniň alymlary kakao flawanollarynyň damar funksiýasynyň stresli üýtgemelerine edýän täsirini öwrenmek maksady bilen, ylmy barlag geçirdiler. Ylmy işiň netijeleri «Nutrients» neşirinde çap edildi diýip, msn.com habar berdi.


Anyklanylmagyna görä, kakao stresi ýeňilleşdirýän içgi bolup çykdy. Alymlaryň maglumatlaryna görä, psihiki stres mahaly meýletinçilere ýokary derejeli flawanolly kakao içgisi berlende, gan damarlary öz işini has talabalaýyk ýerine ýetirýärler.


«Flawanollara baý kakao içmegiň psihiki stresden soňky wagtlaýyn endotel disfunksiýasyny azaltmak we stres epizodlarynda gan aýlanyşyny gowulandyrmak üçin täsirli iýmit strategiýasy bolup biljekdigine göz ýetirdik» -diýip, ylmy işiň baş awtory doktor Katarina Rendeiro belledi.


Şeýle-de alymlar alma, gara üzüm, böwürslen, ülje, malina, noýba we gök çaý ýaly beýleki iýmitleriň hem flawanollara baýdygyny bellediler.

16
39
bibis
27.09.2023 15:31

ŞEKER BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR


Dünýäde ortaça her ýyl 110 million tonna şeker öndirilýär.


Şeker azyk önümleriniň zaýalanmagynyň öňüni alyp bilýär, sebäbi ol hem duz ýaly tebigy konserwantdyr.


Orta asyrlarda şeker Ýewropada derman önümlerine degişli bolup dermanhanalarda satylypdyr.


Birnäçe ýüzýyl mundan ozal şeker örän gymmat we elýetmez bolupdyr.Ony diňe örän baý adamlar satyn alyp bilipdirler.


Şeker diňe bir azyklyk üçin ulanylman, ony plastik önümlerini hem-de formateftika pudagynda we beýleki ýerlerde ulanylýar.


Ösümliklerden şekeri ýokary saklaýjylygy bilen hurma tapawutlanýar.


Dünýäde gant şugundyryna seredende, şeker çiňriginden has köp şeker öndürilýär.


Şeker baradaky ilkinji gadymy ýatlamalar b.e.öňki XVI asyrda ýüze çykarylypdyr.


Gant şugundyryna seredende, şeker çiňriginden alnan şeker organizm ýeňil özleşdirýär.


Şeker-rafinady ýagny gant ilkinji gezek XIX asyrda Çehiýada öndirilýär. Onuň üçin ýörite ýadygärlik binasyny hem dikeldipdirler.


Şeker peýdalanylyşy boýunça Braziliýa dünýäde birinji ýerde durýar.


Şekeriň çenden-aşa köp peýdalanylmagy organizmde insuliniň derejesiniň ýokary galmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde çiş keseliniň we süýji keseliniň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.


Şeker çiňrigi dikligine 7-9 metre çenli ösüp bilýär.


Orta statistiki maglumatlara görä, adam ýylda 40 kg şeker iýýär.

12
43
bibis
26.09.2023 07:59

Süýt ha­kyn­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar


Süýt köp ada­myň gün­de­lik iý­mi­ti­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Süý­düň peý­da­sy ha­kyn­da ça­ga­lyk­dan bä­ri bil­ýä­ris. Süýt ha­kyn­da üýt­ge­şik ýa-da gy­zyk­ly baş­ga nä­me aý­dyp bo­lar­ka?! Ine, şu ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňyza ýe­tir­ýä­ris.


Adamzat gadymy döwürlerden bä­ri sy­gyr süý­dü­nden we ondan taýýarlanan önümlerden peýdalanýar.

Dün­ýäde her ýylda 580 mil­li­on litr süýt sarp edilýär. Bu bir günde 1,5 mil­li­on diýmegi aňladýar. Munuň üçin her gün tak­my­nan 105 müň sy­gyr sag­ma­ly bol­ýar.

Sy­gyr süý­dün­de ka­zei­niň (adam­lar üçin se­kiz esa­sy ami­no­kis­lo­ta­ny öz içi­ne al­ýan wa­jyp be­lok) köp muk­da­ry sak­lan­ýar.

1960-njy ýyl­lar­da süý­düň üz­nük­siz ult­rapas­te­ri­za­si­ýa pro­se­si, şeý­le hem sak­la­nyş möh­le­ti­ni al­ty aýa çen­li uzalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän asep­tik gap­la­ma ul­gam­la­ry (Tet­ra Pak) iş­le­nip dü­zül­di. Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Azyk teh­no­lo­gi­ýa­sy ins­ti­tu­ty 1989-njy ýyl­da bu pro­se­si «XX asy­ryň azyk teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň iň uly üs­tün­li­gi» di­ýip at­lan­dyr­dy.

Süýt gö­ze gö­rün­me­ýän sy­ýa hök­mün­de ula­ny­lyp bil­ner: ka­gyz gyz­dy­ry­lan­da oňa ýa­zy­lan hat­la­ry oka­mak bo­lar.

Süý­di açyk gap­da sak­la­ma­ly däl­dir, se­bä­bi ýag­ty­lyk­da köp peý­da­ly mad­da­lar ýok bol­ýar. Köp gat­lak­ly kar­ton gap­la­ma­lar süý­düň sak­la­nyş möh­le­ti­ne tä­sir ed­ýän da­şar­ky tä­sir­len­me­ler­den go­ra­ýar.

Süýt ýyl­dy­rym ça­kan­da tur­şap bi­ler. Ol hem tol­kun­ly elekt­ro­mag­nit im­puls­la­ryň is­len­dik mad­da ara­laş­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Süýdüň düzüminiň tak­my­nan 90%-i suw­dan dur­ýar we şol bir wag­tyň özün­de 80 tö­we­re­gi peý­da­ly mi­ne­ral ele­men­ti­ öz içi­ne al­ýar. Süýt pas­te­ri­za­si­ýa­syn­dan soň, onuň dü­zü­min­dä­ki kal­siý, ka­liý, mag­niý we wi­ta­min­ler sak­lan­ýar.

Adam­lar tür­gen­le­şik­ler­den soň­ra ener­gi­ýa ber­ýän iç­gi­le­riň ýe­ri­ne süýt iç­se­ler, fi­zi­ki taýdan has çalt gurplanarlar. Ýag­ny süýt dü­zü­min­dä­ki wi­ta­min­ler we mik­roe­le­ment­ler ar­ka­ly myş­sa­la­ryň ag­ra­my­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Süý­düň ýa­gy bol­sa adam be­de­nin­dä­ki ýag ýyg­nan­ma­la­ry dar­gat­ma­ga kö­mek ed­ýär.

15
24
bibis
25.09.2023 08:27

SÜÝTLI ŞOKOLAD BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR


Adaty şokolad bilen süýdiň goýalmasy garyp süýtli şokolad ýüze çykarylypdyr. Onuň awtorlarynyň biri hem Genri Nestle bolupdyr.


Adatça çagalar köp mukdarda şokolad iýseler ýüzüne dürtükleriň çykýandygyny aýdýarlar. Emma ylym şokolad bilen dürtügiň arasyndaky arabaglanyşygy tapmady.


Italýan alymlary geçiren barlaglarynda, wagtly-wagtynda şokolad iýýän adamlar, gartaňlyk wagtynda akyl näsazlyklaryndan ejir çekmeýändigini subut etdiler.


Ilkinji gezek şokolad Ýewropada XVI asyrda , haçan-da Hristofor Kolumb özüniň meşhur syýahatyndan gaýdyp gelende, ýany bilen kakao noýbasyny getirende ýüze çykýar.


ABŞ-da süýtli şokolady öndürmek üçin her gün 1500 tonna süýt harçlanýar.


Teoriýa boýunça saklamak şertleri doly ýerine ýetirilende şokolady ömürlik saklap bolýar, emma tejribede bu mümkin däl sebäbi ykdysady tarapdan girdejisiz hasaplanylýar.


Meksikalylaryň halk lukmançylygynda şokolad derman serişdesi hökmünde peýdalynylýar.


Şokoladda köp mukdarda uglewodlar we beloklar saklanýar, şonuň üçin hem türgenler ysgyndan gaçyrýan türgenleşiklerinden soň wagtal-wagtal şokolad iýýärler.


Dünýäde iň köp iýilýän şokolad Şwesiýa degişlidir.Ortaça ýylda her şwesiýaly adam 11 kilograma golaý şokolad iýýär.


Kakao noýbanyň watany Orta we Günorta Amerika. Emma häzirki wagtda onuň 70%-e golaýy Afrikada ösdürilýär.


Hakyky şokolad wagtal- wagtal iýilende gan aýlanyş damarlary arassalamaga ýardam edýär.


Ilkinji gezek gaty şokolad XIX asyrda alynýar, ondan öň ol diňe suwuk görnüşinde ulanylypdyr.


Kakao agaçlary 2 asyra çenli ýaşamaga ukyplydyr, emma diňe 20-25 ýyl hasyl berýär.


11-nji iýulda Bütindünýä şokolad güni bellenilýär.

15
38
bibis
23.09.2023 23:23

Behi barada…


Süýjümtik ysy bilen geçeni özüne çekip, bagda özüni güjeňläp oturan behi miwesi asyrlaryň dowamynda adamlary süýji tagamy hem saglyk üçin peýdalylygy bilen özüne çekip gelipdir. Ol dünýä ýüzüne Krit adasyndan ýaýrapdyr diýip hasaplanylýar. Sebäbi onuň ylmy, ýagny latyn dilde «Gydonia» diýip atlandyrylmagy-da hut şol adadaky Gydon şäheri bilen baglanyşyklydyr. Behi ol ýerde biziň eýýamymyzdan öňki birinji müňýyllykda hem ösdürilip ýetişdirilipdir.


Behi almadyr armytlar bilen «ýakyn garyndaş» ösümlikdir. Onuň aýratyn tarapy — ony çigligine iýip bolmaýar diýen ýalydyr. Behiniň miwesi gadymy Gresiýa döwründen bäri söýginiň, hasyllylygyň nyşany hasaplanyp gelinýär.


Behi-agaç görnüşli gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär, gür ýaprakly, şar görnüşli telpekligi bolýar. Gülleri sada bir-birden bir ýyllyk baldaklarda emele gelýär. Miwe düwünçekleri emele gelenden soň, hasyl getiriji baldaklar ösmeýärler. Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan, uzak ýerlere daşalanda hem zaýalanmaýar. Miwelerini köplenç çig görnüşde iýmek bolmaýar, miwesiniň içi köp çigitlidir (10-70). Miwelerinde 8,15-12,0% süýjüler, witamin S, pektin-0,33%-e çenli we 0,2- 0,8% turşular saklanýar.


bu miwe beýi, behi ýa-da aýwa ýaly birnäçe atlary özünde jemleýär. Ondan gowy mürepbe hem-de süýji kompot taýýarlanýar.


Şu ýerde bu hem peýdaly hem-de ajaýyp tagamly behi miwesi barada käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris:


Behi takmynan 4 müň ýyl ozal adamlar tarapyndan ösdürip ýetişdiren iň gadymy miwe ekinleriniň biri hasaplanýar.

Behi önümçiliginde Türkiýe dünýäde öňdebaryjydyr.

Ýeti’en behiniň 10-da biri şekerdir.

Uzak wagtlap gury toprakda behi ösüp bilýär. Şol bir wagtyň özünde, agaç suw joşmalarynda bol çyglylyga aňsatlyk bilen çydam edýär.

Behi ýabany ýerde-de duş gelýär, ýöne onuň miweleri örän az bolýar.

Behi köplenç lukmançylykda hem peýdalanylýar, bu ýerde diňe önümiň özi däl, eýsem ýapraklaryndan hem peýdalanylýar.

Ortaýer deňziniň ýaşaýjylarynyň arasynda behi söýgini we hasyllylygy alamatlandyrýar.

Behi, ýaprakly bonsaý nusgalarynyň iň meşhur görnüşlerinden biri – minýatur agaçlardyr.

18
93
bibis
20.09.2023 17:28

Armyt we onuň peýdalary


Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeginde ýetişýän dürli miwedir peýdaly ösümliklere baý bolup, türkmen topragynda ýetişýän miweler hem-de dermanlyk ösümlikleri adam bedenine täsirliligi bilen tapawutlanýandyr. Her bir ynsan hemişe öz bedeniniň durkuny saklamaga hem-de onuň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ösdürmäge çalyşmalydyr. Munuň üçin esasy zat kadaly we sagdyn iýmitlenmekdir. Kadaly we dogry iýmitlenmek ynsan bedenindäki köp sanly ýaramaz täsirleriň öňüni almaga ýardam berip, aşa semizlik, ýürek keselleri we beýleki keseller bilen kesellemezlik üçin emleriň biridir. Şeýle hem, ýurdumyzda ekologiýa taýdan ýetişdirilýän arassa miweleri hem-de gök önümleri iýmek has peýdalydyr. Şolaryň hatarynda armyt barada bellemän geçmek bolmaýar.


Armyt iň köp peýdalanylýan miwe bolup durýar. Armyt agajy beýik bolup 13 metre ýetýär. Armyt miwesiniň 100 gramynda 58 kaloriýa bar.


Miwe witaminlere, minerallara örän baýdyr. Bu nukdaýnazardan, armydyň peýdalary adam saglygy üçin örän möhümdir. Armydyň düzüminde A, B, C we K witaminleri kalsiý, kaliý, demir, magniý, natriý, fol turşusy we mis marganes bar.


Armyt horlanmaga mümkinçilik berýär. Düwnük keseliniň öňüni alýar. Anti-kanserogen häsiýetleri bilen mümkin bolan rak öýjükleriniň döremeginiň öňüni alýar. Immuniteti güýçlendirýär. Gurluşynda antioksidantlaryň kömegi bilen sowuk, dümew ýaly kesellere garşy immuniteti berk saklaýar. Iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Ýürek saglygy üçin peýdaly, gan aýlanyşyny ýokarlandyrýar. Süňkleri güýçlendirýär. Süýji keseli üçin maslahat berilýär.


Armydyň ysy näçe güýçli bolsa, şonça-da ýürege peýdasynyň ýokarlanýandygy barada hekim Muhammat Huseýin «Melhemler hazynasy» diýen işinde ýazýar. Armydyň ter, guradylan we şerbet görnüşleri beden berkidiji häsiýete eýedir. Bu miwäni içegeleriň bozulmalarynda, semizlikde we süýji keselinde iýmeklik örän peýdalydyr. Armyt miwesindäki efir ýagy we biologiki maddalar adam bedeniniň immun ulgamynyň ýokarlanmagyna, ýokanç kesellere şeýle-de sowuklama, depressiýa garşy göreşmäge kömek edýär. Armydyň düzümindäki demir sagdyn gan öýjükleriniň emele gelmegine gatnaşýar. Armydyň miwesiniň etinde kaliý iýonlary köp mukdarda saklanýar, bu bolsa ýürek myşsalarynyň gowy işlemegi üçin möhümdir. Bedende kaliniň ýetmezçiligi nerw dartgynlygyna, ukusyzlyga, ýürek myşsalarynyň çalt urmagyna we ganda holesteriniň köpelmegine getirýär. Armydyň düzümindäki organiki turşular iýmit siňdirişi güýçlendirýär, bagryň we böwregiň işini, madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Armydyň düzümindäki organiki turşularyň mikroblara garşy göreşijilik häsiýeti hem bar. Armyt ylmy lukmançylykda beden dartgynlygynda, peşew ýollaryndaky sowuklamada, peşew çykaryjy ýollarynyň kesellerini bejermekde, böwrek kesellerinde ulanylýar.


Armydy nähili saýlamaly? Miwäniň müňden gowrak görnüşi bolup, olar reňki, ululygy, şekili, tagamy, bişýän wagty we gyşa durujylygy bilen tapawutlanýar. Gara tegmiller armytyň zeperlenendigini görkezýär. Bişen armydyň ýakymly ysy bolýar. Emma ýiti ys, miwäniň içinde çüýräp başlandygyny alamatlandyrýar. Miwäni saýlanyňyzda, sapagynyň eýýäm doly guranyny däl-de, ýumşak we gaty miwäni saýlamak maslahat berilýär.


Armydy nähili saklamaly? Armytlar salkyn, garaňky we şemalladylýan ýerde saklanýar. Öýlerde ammar ýa-da sowadyjynyň aşaky tekjeleri munuň üçin amatlydyr. Miweleri (bu diňe armytlara degişli däl) plastik paketlere gaplamazlyk maslahat berilmeýär, sebäbi şiresi ýitýär we tagamy gaty bolýar. Sebetleri ýa-da agaç gapyrjaklary has ter görnüşinde saklamak bolar. Bu şertlerde armyt hiline (sortuna) baglylykda bir aýa çenli saklanyp bilner.


Terligini iýlişi ýaly, armytdan dürli tagamlar hem taýýarlanýar. Senagat taýdan giňden ulanylýan miwe öý şertlerinde şerbet we mürepbe gaýnatmak üçin peýdalanylýar.

11
21
bibis
19.09.2023 14:19

Alça miwesiniň peýdaly häsiýetleri


Alça ýakymly tagamly miweli ösümlikleriň biridir. Başga oňa “wişnesliwa” we “tkemali” diýilýär. Onuň düzüminde organiki kislotalar, witaminler, mikroelementler we pektin bar we alça erikiniň esasy ulanylyşy witamin ýetmezçiligini we iç gatamagyny bejermekde, bagyr we böwregiň öňüni almakda bolýar. Bir agaçdan 100 kg çenli miwe ýygnalýar. Alçada köp peýdaly maddalar bar. Bular uglewodlar, organiki kislotalar, pektinler, C witamini, B witaminleri we A witamini, kaliý, demir, magniý, kalsiý, fosfor. Alça reňki düzümi bilen kesgitlenýär: sary miwelerde şeker we limon kislotasy köp, tanin ýok diýen ýaly, gara alça erikinde bolsa pektin köp.


Alçanyň kaloriýa mukdary 34 kkal., ýokumlylygy: beloklar – 0,2 g, ýaglar – 0,1 g, uglewodlar – 7,9 gr. ybaratdyr.


Alçada “önümçilik galyndylary” ýok. Alça tohumlaryndan badam bilen meňzeş we glikozid amigdolini, gidrokýan kislotasyny we benzoik aldegidi öz içine alýan ýag izolirlenýär. Alçanyň ýagy köplenç kosmetologiýada, lukmançylyk sabyny öndürmekde ulanylýar. Alça tohumynyň gabygy azyk önümlerini arassalamak üçin ulanylýan işjeňleşdirilen uglerod öndürmekde ulanylýar. Alça gowy iýmit serişdesidir. Guradylan görnüşde ýa-da mirembe, kompot, şire görnüşinde peýdalydyr. Alçanyň şiresi täzelenýär, suwsuzlygy gandyrýar, sazlaýar. Witamin ýetmezçiligi, ýiti dem alyş keselleri, aşgazan keselleri hökmünde ulanylýar.

11
25
bibis
17.09.2023 11:31

Injir hakda kelam agyz


Ösümlik we haýwanat dünýäsi janly tebigatda özboluşly orny tutýar. Ýaşaýşynyň dowamynda biri – biri bilen aýrylmaz baglanşykly bolýar. Esasan hem tebigatda ösümlikleriň gülleri mör – möjekler arkaly tozanlanýar. Bu hadysa ylymda “entomofiliýa” diýilýär. Emma ösümlikler dünýäsinde injir agajy beýleki agaç görnüşlerden düýbünden tapawutlanýar. Injir agajy beýleki gülli ösümlikler ýaly gülleýär ýöne, onuň gülüni göz bilen görip bolmaýar. Injiriň güli daragtyň ýapraklarynyň goltugynda gysgalan baldagyň ujynda armyt şekilli emele gelme hemmämize tanyşdyr. Biz oňa injir miwesi diýýäris ýöne, injir güllerini şol miwäniň içinde ýerleşýär. Bir sany armyt şekilli injir miwesinde 800-1500 çenli gülleriň emele gelýändigi hakynda käbir maglumatlarda duş gelmek bolýar. Injiriň miwesini iýen wagtymyz ownujak digir-digir tohumjyklara duş gelýäris. Bu bolsa injiriň hakyky miwesi ýagny oňa “hozjagazlar” diýilýär. Injir agajy bir ýylda üç gezek gülleýär we üç görnüşli gülleri emele getirýär.


Şeýlelikde injiriň beýleki miwe berýän agaçlardan tapawudy, tozanlanma hadysasyna arynyň ýörite bir görnüşi gatnaşýar. Injir gülini tozanlandyrýan ara “blastofag” hem diýilýär. Injir arysynyň ýaşaýşy injir agajy bilen berk baglanşykly. Arynyň ululygy bary ýogy 1-2 mm deň. Şol sebäpden blastofag diňe injir güllerini tozanlandyrýandygy üçin ylymda bu hadysa “kaprifikasiýa” diýilýär. Miweleriň emele gelmegi üçin, injir arysy injiriň güýzde düwen miweleriniň içinde we toprakda gyşlaýar. Ir ýazda bolsa injir miwesini deşip içine girýär. Miwäniň galyň gabygyny deşip içine girende injir arysy özüniň ganatlaryny we murtyny ýitirýär. Şol sebäpli ýumurtga goýan ene ary miweden çykyp bilmeýär. Sebäbi ol uçmaga ukypsyz bolýar. Şeýlelikde injir arysynyň ýumurtgalaryndan ilki atalyk jynsly arylar çykýar we enelik jynsly arylara ýumurtgadan çykmagyna, iýmitlenmegine kömek edýär. Şeýlelik-de güllerinden injir arysynyň nesli ýetişip ýumurtga goýmak üçin başga gülleriň gözlegine çykýar, şol döwürde injiriň ikinji gezek güllän döwrüne gabat gelýär. Arylar bedenine tozan dänejiklerini ýapyşdyryp höwürtgesinden çykyp gidýär. Emma atalyk jynsly arylar injir miwesiniň içinde galýarlar. Sebäbi olar ganatsyz we kör dogulýarlar . Injir miwesiniň içinde arylar ölýär, olary özleşdirmek üçin miwäniň içinde proteaza fermentini saklaýan “Fisin” maddasy bölünip çykýar. Onuň täsirinde ölen ary galyndylary beloga öwrülýär.


Häzirki döwürde bu iki organizmiň arasyndaky gatnaşygy “Tropiki tokaýlary öwrenýän Kornella we Simitsonian” instituty içgin öwrenipdir. Biologlar ýörite barlag geçirip görenlerinde, ary injiriň gülini tozanlandyrman diňe ýumurtgasyny goýup gitse injir agajy aryny jezalandyrýar. Tozanlanmadyk injir miwesini dökýär. Tozanlanmadyk enelik güllerde ýumurtgadan çykan liçinkalar we güller ölýär. Şunuň ýaly görkezijiler iki organizmiň arasyndaky uzak ewolýusion simbiotik gatnaşyklaryň bardygynyň subutnamasydyr. Bu iki organizmiň arasynda dogryçyllygyň inçe usulynyň saklanmagy biri-birini egoistiki ulanmaklyga ýol bermeýär diýip, netijä gelipdirler.


Mundan başga-da “blastafag” injir arysynyň morfologiki gurluşy örän täsin. Sebäbi ownujak mugtuhor injir arysyny dünýäniň ylmy barlag institutlarynda içgin öwrenýärler. Muňa mysal edip, Hindistanyň Banglordaky ylmy barlag institutyny aýtmak bolýar. Ol ýerde barlagy alyp baran doktor Namrata Gundia köp sanly barlaglary geçirdi. Injir arysyny öwrenende injir arysynyň ýumurtga goýjysy gurluşyny öwrenipdirler. Ýagny arynyň buraw şekilli ýumurtga goýjysyny miwäni deşende miwäniň içki himiki gurşawyny barlaýar Ýumurtga goýjysy mikroskopiki senser wezipesini ýerine ýetirýär. Ýumurtga goýujy mikroskopik ululykda bolup 7-8 mm, ini 15 mikrometr ulylykda. Injir arysynyň buraw şekilli ýumurtga goýujy iňňesiniň hemme ýerinde deşjekler bolup, berklik we maýyşgaklyk berýär. Iňňäniň döwülmezligine we eplenmegine kömek edýär. Geljekde injir arysynyň ýumurtga goýjysyny öwrenmek arkaly mikrohirugiki tehnikany, topragyň we gaty dag jynslaryndan nusgalaryny almak üçin mümkinçilik berer diýip, pikir edýärler. Mundan başga-da arynyň daşky gulyşyny öwrenmekligiň esasy sebäbiniň bardygyny bilermenler belläp geçýärler. Blastofagyň ýumurtga goýujysy ösüntgili böleklerden durup ýumurtgany iteklemäge kömek edýär. Bu funksiýany gelejekde ylymda dokumalary kesmekde ulanyljak enjama başlangyç berer diýip, ylmy barlagy alyp barýanlar belläp geçýärler. Ýene-de ýumurtga goýujynyň ujy sink elementinden durýandygyny alymlar anyklapdyrlar. Şeýlelikde sink elementini bioabsorbirleýji, ýürek diwarlarynyň inplantanty üçin mümkinçilik berer diýip, belleýärler. Londonyň imperator kollejinde bilermenler blastofag arysynyň gurluşyny öwrenip şonuň esasynda newrologik zond oýlap tapdylar. Şeýlelik-de dünýäde blastofag arysyny öwrenýän bilermenleriň aýratyn hem Hindistanyň ylmy instituty mör-möjegiň şeýle mümkinçiligi dünýäni özgertjekdigine garşy gitmeýärler.

10
19
bibis
16.09.2023 14:55

Ýer tudana hakynda…


1983-nji ýylda ABŞ-nyň Rolkston şäherinde agramy 231 gram bolan uly ýer tudana ösdürildi. Şeýle-de Ýaponiýaly fermer K.Nakao agramy 250 gr, uzynlygy 12 sm, ini 25 sm, beýikligi 8 sm bolan ýer tudana miwesini ösdürip ýetişdirdi.


Elbetde, ýer tudanasy şireli hem-de süýji gyzyl miweli ösümlik hökmünde bilinmek bilen, häzirkizaman tohumçylygynda ak miweli görnüşleri, şeýle-de gollandiýaly seleksionerler tarapyndan ananas tagamly ak reňkli gibrid görnüşi-de ýetişdirildi. Bişmedik miweler ilki ýaşyl reňkli bolup, bişensoň ak reňke geçýär, agramy 25 gr töweregi. Soňky wagtda Angliýada, Ýaponiýada, Fransiýada, Gollandiýada ol giňişleýin ösdürilýär. Bu görnüş sowuga hem-de gurakçylyga çydamlylygy, dürli kesellere durnuklylygy, aýratyn hem himiki serişdeleri ulanman ekologiki taýdan arassa görnüşde ösdürip bolýanlygy bilen belli boldy.


Ýer tudanasynyň diňe bir ak reňklisi däl-de, gara reňklisi hem ösdürilýär. Oňa “gara şazada” diýýärler. Ilkinji miweleri iýunyň ahyrynda ýetişýär, baldagy örän çalt ösýär, miwesi ysly, şireli hem-de ýalpyldawuk bolup, agramy 30gr deň. Adaty ýer tudana bilen deňeşdirilende miwesi örän dykyz bolup, uzak wagtlap saklanmaga we uzak aralyga daşamaga ýaramlydyr.


Ýer tudana biziň gündelik durmuşymyzda iýmitlik hökmünde ulanýan esasy ir-iýmişleriň biri bolmak bilen, 98% C witamini saklanýar, düzüminde aspirine meňzeş maddalar bolup, kelle agyryny aýyrmakda, gandaky holesteriniň derejesini kadaly saklamakda hem ulanylýar. Şeýle-de ondan taýýarlanan kosmetiki serişdeler derini iýmitlendirmekde ähmiýetlidir.

13
21
bibis
15.09.2023 20:27

Ülje we ülje balynyň peýdalary.


Ülje gany demir, mis we kobalt bilen doldurýar. Üljedäki maddalar ganyň şekeriniň peselmegine kömek edip biler.


Bişen miweler immun we gan aýlanyş ulgamlary üçin zerur bolan B9 witamininiň, folatyň gowy çeşmesidir. Ülje C we PP witaminleri, A, B1 we B2 witaminleri bilen hem baýlaşdyrylýar. Onda kaliý natriý, kalsiý, demir, ýod, fosfor, magniý bar.


Alymlar üljäniň myşsalar, deri we gan damarlary üçin peýdalydygyny birnäçe gezek subut etdiler.


Ülje balynda gyzyl gan öýjükleriniň gurluşy bolan demir bar. Ganazlygyň öňüni almak üçin, gemoglobiniň pes derejesi üçin bu önüm maslahat berilýär.


Üljeler erbet holesterini aýyrýarlar, bogun agyry ýa-da artrit hüjümlerinden dynýarlar we bu keselleriň döremek ähtimallygyny azaldýarlar. Ülje baly esasanam gyşda has peýdaly bolar, sebäbi düzüminde C witamini bar. Bu witamin immunitetiň gorag funksiýalaryny işjeňleşdirýär we wirus hüjümlerine garşy durýar.

4
11