bibis
27.09.2023 15:31

ŞEKER BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR


Dünýäde ortaça her ýyl 110 million tonna şeker öndirilýär.


Şeker azyk önümleriniň zaýalanmagynyň öňüni alyp bilýär, sebäbi ol hem duz ýaly tebigy konserwantdyr.


Orta asyrlarda şeker Ýewropada derman önümlerine degişli bolup dermanhanalarda satylypdyr.


Birnäçe ýüzýyl mundan ozal şeker örän gymmat we elýetmez bolupdyr.Ony diňe örän baý adamlar satyn alyp bilipdirler.


Şeker diňe bir azyklyk üçin ulanylman, ony plastik önümlerini hem-de formateftika pudagynda we beýleki ýerlerde ulanylýar.


Ösümliklerden şekeri ýokary saklaýjylygy bilen hurma tapawutlanýar.


Dünýäde gant şugundyryna seredende, şeker çiňriginden has köp şeker öndürilýär.


Şeker baradaky ilkinji gadymy ýatlamalar b.e.öňki XVI asyrda ýüze çykarylypdyr.


Gant şugundyryna seredende, şeker çiňriginden alnan şeker organizm ýeňil özleşdirýär.


Şeker-rafinady ýagny gant ilkinji gezek XIX asyrda Çehiýada öndirilýär. Onuň üçin ýörite ýadygärlik binasyny hem dikeldipdirler.


Şeker peýdalanylyşy boýunça Braziliýa dünýäde birinji ýerde durýar.


Şekeriň çenden-aşa köp peýdalanylmagy organizmde insuliniň derejesiniň ýokary galmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde çiş keseliniň we süýji keseliniň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.


Şeker çiňrigi dikligine 7-9 metre çenli ösüp bilýär.


Orta statistiki maglumatlara görä, adam ýylda 40 kg şeker iýýär.

12
43
vekil_city
27 Sentýabr 2023
40 kg diýlip göni şekeriň özüni iýmeklik gözöňüne tutulan däldir, bulkalar, ak kökeler, kökekeler, tort we ş.m iýmitleriň düzümindäki kabul edilýän şekerler bilen bile hasaba alnan bolaýmasa
vekil_city
27 Sentýabr 2023
@medik_, sen aýtma🙂
maya_ene
27 Sentýabr 2023
eway gant 😋
king_tm
27 Sentýabr 2023
Köp iýmeseň gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.