bibis
15.11.2023 10:11

Jazly Aş

5 adamlyk


Çorba:


2 nahar çemçesi gowurdak / 1 nahar çemçesi ak ýag / 3 nahar çemçesi ösümlik ýagy

1 kiçi sogan

2 pomidor

2 l (8 bulgur) suw

1/2 nahar çemçesi duz

2 nahar çemçesi noýba (bir gün öňünden sowuk suwda goýmaly)

1 gyzyl burç

1 diş sarymsak


Hamyr:


1/3 çaý çemçesi duz

~100 ml (1/2 bulgur) ýyly suw

150 gr (1 bulgur) un


1. Gazana gowurdak atyp, aram otda goýmaly. Gowurdagyň ýagy erände, onuň içine sogan dogramaly. Sogan ýumşap başlanda, onuň üstüne pomidor dogramaly we biraz gowurmaly. Soňra oňa suw guýup, duz, noýba atyp, gazanyň oduny güýçlendirmeli. Suw gaýnap başlanda, gazanyň oduny peseltmeli we noýba ýumşaýança gaýnatmaly.


2. Aşlyk hamyr üçin bir gaba duz, suw we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Hamyry eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.


3. Hamyra un sepip, ony 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyryň üstüne ep-esli un sepmeli, soňra uny hamyryň hemme ýerine eliň bilen endigan ýaýratmaly. Un sepilen hamyryň dik ortasyndan iki gapdallaýyn, her tarapyny birküç gezek eplemeli. Hamyr ýelmeşmez ýaly, onuň her epininiň arasyna un sepmeli. Bir eliňi hamyryň üstünde goýup, hamyry pyçak bilen inçejik kesmeli. Kesilen hamyry (aşy) iki eliňe alyp, uny döküler ýaly, ýuwaşlyk bilen silkişdirmeli. Soňra aşy gapagyň üstüne ýaýratmaly. (Edilşini görmek üçin şu ýere basyň).


4. Gaýnaýan çorbanyň içine gyzyl burç we aş atmaly. Aş tokga tutmaz ýaly, ony tagta çemçe bilen 3-4 gezek bulamaly. Aş 8 minut gaýnansoň, gazanyň oduny öçürmeli. Aşyň içine sarymsak gyrmaly we çorbada gaýnan gyzyl burçy çemçe bilen ezmeli. Islän aşa gatyk hem garyp biler.

17
36
bibis
14.11.2023 21:24

Täsinlikler dünýäsi.

23
171
bibis
14.11.2023 15:53

Çekdirme

8-10 adamlyk


3 kg goýun gapyrgasy

1 nahar çemçesi duz

1/2 çaý çemçesi gara burç

1 çümmük iri gyzyl burç

1 l (4 bulgur) suw

3 pomidor

3 sogan


1. Gapyrgany bölüşdirmeli we gazana atmaly. Onuň üstüne duz, gara we gyzyl burç sepip, suw guýup, güýçli otda goýmaly. Nahar gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügini aýyrmaly.


2. Nahar 10 minut gaýnandan soň, onuň üstüne pomidor, sogan (bitinligine) atmaly. Gazanyň gapagyny ýapyp, oduny peseltmeli. Naharyň eti gowy ýumşaýança bişirmeli.

17
37
bibis
13.11.2023 19:09

Suratdaky "Sen anlat karadeniz" türk serialynyñ gahrymanlary görkezilen. Bu suratdaky gahrymanlaryñ haýsysy owadan. Komentariýada bellemäni unutmañ.


1nji suratda 1-Öýkü Gürman(Asiye Kaleli). 2-Irem Helvacioğlu(Nefes Zorlu).


2nji suratda 1-Ulaş Tuna Astepe(Tahir Kaleli). 2-Cem Anil Kenar(Murat Kaleli).


3nji suratda 1-Belfu Benian(Mercan Dağdevir). 2-Cağla Özavci(Nazar Dağdevir).

19
127
bibis
13.11.2023 14:07

Ýarma

4 adamlyk


500 gr süňkli goýun / sygyr eti

1 nahar çemçesi duz

2.5 l (10 bulgur) suw

50 ml (1/5 bulgur) ösümlik ýagy

1 sogan

500 gr (2 bulgur) ýarma


1. Gazana et, 1/2 nahar çemçesi duz atyp, 1.5 litr suw guýup, ony güýçli otda goýmaly. Suw gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügini aýyrmaly. Gazanyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Çorbany aram otda et bişýänçä gaýnatmaly. Soňra çorbanyň etini bir gaba çykarmaly we onuň süňküni aýyrmaly.


2. Başga bir uly gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, onuň içine dogralan sogany atyp, ýumşaýança gowurmaly. Soňra gazana bişen eti atmaly-da, birki gezek bulap, çorbany guýmaly. Onuň üstüne 1 litr suw guýup, galan duzy atmaly. Çorba gaýnar ýaly, gazanyň oduny güýçlendirmeli.


3. Ýarmany ýuwup, gaýnaýan çorbanyň içine atmaly we bulamaly. Nahar güýçli otda 10 minut gaýnandan soň, gazanyň oduny peseltmeli we ony aram otda 50 minut töweregi bişirmeli. Ýarma gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, ony käýarym bulamaly. Eger ýarma goýalsa, oňa azajyk suw guýmaly. Naharyň duzuny dadyp görmeli we gerek bolsa duz atmaly.

15
27
bibis
12.11.2023 19:08

Hany soraglara jogap garaşýan🙃.

20
176
bibis
12.11.2023 10:52

Gowrulan Badamjanly Salat

4 adamlyk


1 badamjan

Duz

Suw

Ösümlik ýagy

3 pomidor

3 salat kelem ýapragy

1 bolgar burçy

3 düýp ýaş sogan

2 nahar çemçesi dogralan ter şibit

2 nahar çemçesi dogralan ter petruşka

1 çümmük iri gyzyl burç

1 diş sarymsak

2 nahar çemçesi ter limon suwy


1. Badamjany kesişdirip, tabagyň içine atyp, ½ çaý çemçesi duz sepmeli. Onuň üstüne suw guýup, 15 minut goýmaly. Soňra onuň suwuny dökmeli.


2. Saja ýag guýup, aram otda goýmaly. Badamjany gyzgyn ýaga atmaly we kepgir bilen dowamly bulamaly. Daşy endigan gyzaran badamjan böleklerini ýagdan süzüp almaly we sowaýança goýmaly.


3. Pomidory, kelemi, bolgar burçuny, sogany, şibitdir petruşkany dograp, badamjanly gaba atmaly. Soňra onuň üstüne burç we ½ çaý çemçesi duz sepip garmaly.


4. Sarymsagy gyrgyjyň ownuk gözünde gyrmaly. Käsä sarymsak, limon suwuny guýup, gowy garmaly we ony saladyň üstüne sepelemeli.

17
36
bibis
11.11.2023 20:33

Özüñiz barada soraglar:


1. Ýaşyň?

2. Gözüň reňki?

3. Iň söýgüli kitabyň?

4. Iň söýgüli kinoň?

5. Iň söýgüli goşgyň?

6. Iň söýgüli naharyň?

7. Dostlukmy ýa söýgi?

8. Söýmekmi ýa söýülmek?

9. Ukumy ýa nahar?

10. Kimdir biri üçin agladyňmy?

11. Iñ söýgüli aýdymyñ?

12. Iñ halaýan aýdymçyñ?

13. Kim bolmagy arzuw etýäñ?

14. Gowy görýän käriñ?

15. Sport bilen meşgullanýañmy we haýsy görnüşini halaýañ?

16. Gowy görýän oglan adyñ, gyz adyñ?

17. Gowy görýän haýwanyñ?

18. Haýsy baýramçylygy gowy görýäñ?

19. Nähili sowgat almany halaýañ?

20. Haýsy pasly halaýañ?

23
248
bibis
11.11.2023 09:57

Gyzzyrmany aňsat taýýarlap, çalt bişirip bolýar. Gyzzyrma adatça jigirdek we gowurdak bilen iýilýär, ony gyzgynlygyna iýseň hasam tagamly. Mundanam başga, gyzzyrmany kebap dolamak uçin hem ulanyp bolýar. Şeýle-de, gyzzyrma üstüne mesge-bal çalyp hem iýilýär.


Gyzzyrma

8 sany


1 çaý çemçesi duz

300 ml (1 1/5 bulgur) ýyly suw

2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

500 gr (3 1/3 bulgur) un


1. Tabaga duz, suw, ýag we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 8 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.


2. Sajy aram otda goýmaly. Hamyra un sepip, ony 22 sm tegeleklikde ýaýmaly we gyzgyn saja atmaly. Saçdaky gyzzyrma bişýänçä indiki gyzzyrmalyk hamyry ýaýmaly. Gyzzyrmany iki tarapyna agdaryp bişirmeli.


3. Bişen gyzzyrmany, ýyly we ýumşak durar ýaly, saçaga dolamaly.

13
19
bibis
10.11.2023 10:21

Yrakly Türkmenleriň Palawy

6 adamlyk


Palaw üçin:


6 nahar çemçesi ösümlik ýagy

400 gr (2 bulgur) basmati tüwi

750 ml (3 bulgur) suw

1 1/2 çaý çemçesi duz


Üsti üçin:


1 gysym badam

2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

1 gysym kişmiş

150 gr (1 bulgur) inçe wermişel

125 ml (1/2 bulgur) suw

1 çümmük duz


1. Gazana 6 nahar çemçesi ýag guýup, güýçli otda goýmaly. Ýag gyzyp başlanda, tüwini ýuwup, gazana atmaly we birküç gezek bulamaly. Soňra onuň üstüne suw guýup, duz atmaly we gazanyň gapagyny ýapmaly. Tüwi 3 minut güýçli otda gaýnansoň, gazanyň oduny peseltmeli. Tüwini aram otda 15 minut buglamaly.


2. Tüwi bişýänçä, üstüne atyljak önümleri taýýarlamaly. Saplawyň içine badamy atyp, üstüne suw guýmaly we güýçli otda 5 minut gaýnatmaly. Soňra onuň suwuny döküp, her badamy iki barmagyň arasynda gysyp, gabygyny aýyrmaly we pyçak bilen ikä bölmeli (bölmeseň-de bolýar). Saplawa ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, badamy atyp, daşy çalaja gyzarýança gowurmaly, soň ýagdan süzüp almaly.


3. Badam gowrulan ýaga kişmiş atmaly we birküç gezek bulap, kişmişi ýagdan çykarmaly.


4. Ýagly saplawuň içine wermişel atmaly we daşy gyzarýança gowurmaly. Soňra onuň üstüne 125 ml suw guýup, duz atmaly we oduny güýçlendirmeli. Wermişel suwuny çekende, saplawyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Wermişeli aram otda 10 minut buglamaly.


5. Palawy tarelka guýmaly we onuň üstüne gowrulan badamy, kişmişi, wermişeli atmaly. Palawyň ýany bilen dürli görnüşde bişirilen balyk, towuk, goýun, sygyr eti äberilýär.

19
35