bibis
10.11.2023 10:21

Yrakly Türkmenleriň Palawy

6 adamlyk


Palaw üçin:


6 nahar çemçesi ösümlik ýagy

400 gr (2 bulgur) basmati tüwi

750 ml (3 bulgur) suw

1 1/2 çaý çemçesi duz


Üsti üçin:


1 gysym badam

2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

1 gysym kişmiş

150 gr (1 bulgur) inçe wermişel

125 ml (1/2 bulgur) suw

1 çümmük duz


1. Gazana 6 nahar çemçesi ýag guýup, güýçli otda goýmaly. Ýag gyzyp başlanda, tüwini ýuwup, gazana atmaly we birküç gezek bulamaly. Soňra onuň üstüne suw guýup, duz atmaly we gazanyň gapagyny ýapmaly. Tüwi 3 minut güýçli otda gaýnansoň, gazanyň oduny peseltmeli. Tüwini aram otda 15 minut buglamaly.


2. Tüwi bişýänçä, üstüne atyljak önümleri taýýarlamaly. Saplawyň içine badamy atyp, üstüne suw guýmaly we güýçli otda 5 minut gaýnatmaly. Soňra onuň suwuny döküp, her badamy iki barmagyň arasynda gysyp, gabygyny aýyrmaly we pyçak bilen ikä bölmeli (bölmeseň-de bolýar). Saplawa ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, badamy atyp, daşy çalaja gyzarýança gowurmaly, soň ýagdan süzüp almaly.


3. Badam gowrulan ýaga kişmiş atmaly we birküç gezek bulap, kişmişi ýagdan çykarmaly.


4. Ýagly saplawuň içine wermişel atmaly we daşy gyzarýança gowurmaly. Soňra onuň üstüne 125 ml suw guýup, duz atmaly we oduny güýçlendirmeli. Wermişel suwuny çekende, saplawyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Wermişeli aram otda 10 minut buglamaly.


5. Palawy tarelka guýmaly we onuň üstüne gowrulan badamy, kişmişi, wermişeli atmaly. Palawyň ýany bilen dürli görnüşde bişirilen balyk, towuk, goýun, sygyr eti äberilýär.

19
35
bibis
10 Noýabr 2023
@Di-Mentro, unsli okap yzygiderli yerine yetirip gorsen dusunyan🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.