Epilen dyzyňa başymy goýup,
Ýalança düşünmän zaryn naladym.
Halyma düşünen dertdeşim bolup
Barysyn gözümden bir sen aňladyň.
Bir biwepa üçin dertlerim döküp
Gujagyňda egisipdim içimi
Ýaňaga syrygan ýaşlarym syryp
Şonda-da ýazgaryp durmandyň meni.
Hyýanatdan beter dostdan köýemde
Şorja maňlaýymdan taýly ogşapdyň.
,,Balam Hudaý atly dostumyz barka
başga dost nä gerek" diýip sözläpdiň.
Agladym agladyň aglanym üçin
Ynjasam her sapar bagryňa çoýduň
Owaldan tegmilli hasta ýüregňe
Ýönekeý zat üçin tagmalar goýdum.
Ýykylan göwnüme umyt döredip
Seniň öwütleňden şu güne ýetdim.
Eje, ,,Lälijegiň" bagyşlaweri!
Kä ýagşy öwütleñ deňinden geçdim.
A.Haýytmyradowa