beghanym
28.01.2024 15:30
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary .
Siz üçin peýdaly maglumat.
Zehini yhlas açýar


Çaganyň zehini onuň geljekde saýlap aljak hünäri üçin örän ähmiýetlidir. Zehini açmak üçin bolsa yhlas gerek. Ata-babalarymyzyň «Yhlasa — myrat» diýen dana pähimi hem durmuş tejribesinden alnandyr. Çaganyň zehinini açmak okuwçy bilen mugallymyň arasynda has-da aýdyň duýulýar. Her bir mugallymyň okuwçynyň, ýagny çaganyň zehinini açyp bilmäge ukyply bolmagy zerurdyr. Okuw sapaklarynyň birinde okuwçylaryň ählisi nämedir bir zada meşgul boldular. Arasynda bir okuwçy hiç zada güýmenmän, gözüni bir nokada dikip oturan ekeni. Ol okuwçydan boş oturmagynyň sebäbini soranymda: «Mugallym, mende hiç hili zehin ýok. Men diňe tabşyrylan ýumşy ýerine ýetiräýmesem, kimdir biriniň ünsüni çeker ýaly ukyp-başarnygymyň ýokdugyna göz ýetirdim» diýip, başyny aşak saldy. Men şonda oňa: «Bu mümkin däl. Ýa sen zehinli, ýa-da dünýäde hiç kime meňzemeýän ýeke-täk adam» diýip ýüzlendim. Şonda ol: «Nädip men ýeke-täk bolýan?» diýip geňirgendi. Şonda oňa aýdan sözlerim häli-häzirlerem hakydamdan çykmaýar: «Sebäbi dünýäde zehinsiz dogulýan çaga ýok. Her kimde nähilidir bir zada ukyp-zehin bar. Her ynsan bir daragtdyr, ýa saýasy bilen hezil berer, ýa-da miwesi bilen. Eger-de özüňi häzire çenli zehinsiz hasaplan bolsaňam, bu seniň zehinsizligiňi däl-de, öz ukyp-başarnyklaryň hakynda düýpli pikir etmändigiňi görkezýär» diýip jogap berdim. Şonda ol çuňňur oýa batyp, meniň aýdan sözlerime ünsüni gönükdirdi.

Şondan soňra ol durmuşa içgin garamaga başlady. Adam hiç haçanam özüniň ukyp-başarnygyny haýsydyr bir müşgillige görä yza tesdirmeli däldir. Sebäbi durmuş göreş bilen dowam edýär. Ýaş nesillere ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hiç hili oýa batyp oturmagyň gereginiň ýokdugyny pedagog hökmünde düşündirmek wajypdyr. Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar ata Watanyň beýik geljegini gurujylar hökmünde ykrar edilen bolsa, geljek ýaşlar bilendir. Munuň aýdyň mysalyny häzirki wagtda ýaşlara berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde aýdyň görmek bolýar. Magtymguly Pyragy «Adamzat» atly şygrynda:

Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz
Haýsy işe maýyl bolsa adamzat —

diýip belleýär. Ýaş nesliň ukyp-başarnygyny açmak barada pikir alşylanda akyldar şahyrymyzyň bu setirleriniň gymmatynyň ýokary boljakdygy ikuçsuzdyr. Kämil şahsyýeti kemala getirmekde akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin maşgalada-da, işde-de hemişe çaganyň ukyp-başarnygyna aýratyn üns berilse, onuň durmuşda dogry ýoly saýlap aljakdygyna bolan ynam has-da uludyr. Çünki çaga ýaşlykdan höwes bildiren kärine baş goşsa, onda onuň geljegi röwşendir, ümzügi diňe ileridir.

Enejan SYTDYHOWA,
Akdepe etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiriniň
okuw işleri boýunça orunbasary.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazetim 18.01.2024

Tmpedagog 
32
50
beghanym
26.01.2024 22:47
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary giç ýagşy .
Size gyzyklyja sowal bermek üçin kiçijek konkurs edeliň , bu aýratyn konkurs 1 sowal kim ilki bilse baýrak bar islegiňize görä. 👍🌟🇹🇲🏆 📱3 manat.
Sowal şeýle :
Zenanlarmyza öz ýan ýoldaşy keýwany diýip ýüzlenýärler . "keýwany " diýmek nämäni aňladýar ýagny näme üçin keýwany diýilýär?
Teswirde belläp bilersiňiz ilkinji bilen agzamyza baýrak garaşýar.
@beghanym
40
989
beghanym
22.01.2024 22:37

Salam hemmäňize mähribanlar. Giç ýagşy.

Gadyrly agzalar bäsleşigiň dowamyny goýmakçy. Siz 1 şertden bäri gatnaşan agzalar goýan postlarňyzy ýazyp ugradaýyň sagadyny hem belläp ugradyň men hasabyňyza seredip dowamyny goýmakçy .

Mähriban agzalar siz hem goldaň haýsy agzanyň posty size ýarady we peýdalandyňyzmy aýdyp bilersiňiz .

32
260
beghanym
18.01.2024 07:07
WAGTYŇ GYMMATY – ADAMYŇ HORMATY

Her birimiz üýşmeleňe elmydama gijä galyp gelýän ýa-da bir ýere gidiljek bolnanda elmydama garaşdyrýan adamlara duşup görendiris. Belki hem käbirimiz şeýle adamlaryň hatarynda görülýändiris. Bu ýagdaýdan köpler nägile bolsalar, köpler munuň bilen ylalaşyp ýaşaýarlar. Men bu makalamda wagtyň bahasy, halkymyzyň we daşary ýurtlylaryň wagta bolan garaýşy, punktuallygy hakynda birki meseläni gozgap geçesim gelýär.

Dünýädäki wagta bolan garaýyşlar

ABŞ, Germaniýa, Şwesariýa, Britaniýa (Anglosakson kökünden gelýän halklar), Niderlandiýa, Awstriýa we Skandinawiýa ýurtlarynda wagt iň bir gymmat hasaplanýan zatlaryň biridir. Bu döwletleriň ýörelgesine görä, eger-de wagt haýsydyr bir iş we hereket bilen doldurylmasa, onda onuň bisarpa tutuldygydyr. Duşuşyklara gijä galyp gelmek, beýleki adamlara goýulýan hormat-sylagyň pesdigini görkezýär. Şonuň üçin ähli işler we duşuşyklar öz kesgitlenilen wagtynda ýerine ýetirilmelidir.

Ispaniýa, Italiýa, Türkiýe we Arap döwletlerinde bolsa bu ýagdaý başgaçarak. Iki işi bir wagta sygdyrmak olar üçin adaty endikdir. Duşuşyklar üçin ylalaşylan wagtlar hemişe yza dogry süýşürilyär. Diňe duşuşyklar däl, eýsem işgärlere berlen ýumuşlar, ýokary okuw jaýlarynda berlen taslamalar, öý işleri soňky minutlarda ýa-da gijä galyp tabşyrylyp bilinýär.

Gündogar Aziýa ýurtlarynda wagta bolan garaýyş beýlekilerden tapawutlanýar. Hytaýlylar wagta hormat goýýan halklaryň başynda gelýär. Olaryň duşuşyga gijä galsalar, beýlekileriň wagtyny alandyklary üçin ötünç soraýan pursatlary hem bolýar. Şu sebäpli hytaýlylarda ýygnakdyr, duşuşyklara 10-15 minut ir gelmek, işi bellenilen wagtyndan ir dynmak, işiň maksadyna we garşyňdaky adamlara goýulýan hormatyň uludygyny görkezýär.

Wagt we zähmet arabaglanşygy

Wagtyň gadry önümçilikde, ýagny, fabrikalarda, kärhanadyr edaralarda has hem gymmatlydyr. Meselem, işe giç galyp gelmek her bir işgäriň başyna gelip biler, emma munuň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy aşakdaky ýaly ýaramaz täsirleri döredip bilýär.

Ýekeje işgäriň ýygy-ýygydan işe wagtynda gelmezligi:

1. Beýleki işgärlere hem kesel ýaly ýokuşma ähtimallygyny döredýär;

2. Işgäriň işdäki abraýyny pese gaçyryp bilýär;

3. Işgäriň işden çykarylmagyna çenli eltip bilýär.

Ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň işe wagtynda gelmezligi bolsa, olary nusga edinýän işgärlere ýaramaz täsir edýär:

1. Fabrikalarda köpçülikleýin öndürilmeli önümiň sany, hili pese gaçyp bilýär;

2. Meýilnama boýunça wagtynda dolmazlyk we netijede önümçilikde ýiti peselişler ýüze çykýar;

3. Ýygnaklarda bökdençlikler döräp, meýilnamalarda, ýumuşlarda ylalaşylmazlyklar artýar.

Mahlasy, wagty biparh tutýan adam diňe özüne däl, töweregindäkilere-de sylaşyksyzlyk görkezýär. Bir işi wagtynda ýerine ýetirmezlik giňden ýaýrasa, onda, birinjiden adaty halk, ikinjiden bolsa ýurduň ykdysadyýeti uly zyýan çekýär.

Ýurdumyzda wagta bolan garaýyşlar we düşünjeler

Öňki Sowet ýurtlarynyň wagta bolan garaýyşlary häzir hem birmeňzeşräkdir. Elbetde, munda 70 ýyllyk Sowet geçmişiniň täsiriniň barlygyny inkär edip bolmaýar.

Jemgyýetimizde az zähmet çekip (ýa-da hiç zähmet çekmän) uly girdejä eýe bolan adam- iň üstünlikli adam hökmünde garalýar.

Elbetde, beýle düşünjäniň aşagynda zähmete bolan ýaramaz garaýyş ýatyr. "Bedeniňi ýadatman, kelläňi agyrtman gazanylýan gazanç iň amatlysydyr" diýýän, mugta öwrenişen adamlarda zähmet çekip, bir zatlar edinmek we maksadyňa ýetmek arzuwy seýrek duş gelýär. Hakyky jemgyýetde adamlar jemlenşip, el-ele, işi deň paýlaşyp zähmet çekýärler. Bu deňlik bolsa käbir adamlaryň işden gaçyp, mekirlige ýüz urup, nähak ýollar bilen gazanç edip, zähmetkeşleriň hakyny iýmekleri bilen bozulýar. Bu ýagdaý halkyň arasynda giňden ýaýrasa jemgyýetde öňe gidişlik bolmaýar. Şeýle ýagdaýlaryň ählisi hem wagtyň gadryny bilmek bilen berk baglanşyklydyr.

Bizde wagta goýulýan hormatyň derejesini görmek üçin jemgyýetimizdäki gündelik hereketlere we bolup geçýän hadysalara göz aýlamak ýeterlikdir. Hökümet edaralaryndaky çenden aşa ýuwaşlyk we şu sebäpli tamamlanmaýan dokument işleri, wagtynda gelmeýän awtobuslar, arakesmeden wagtynda synpa dolanmaýan okuwçylar we mugallymlar, giç başlaýan ýygnaklar, wagty doly kesgitlenilmedik çäreler, köpçüligiň gelmegine garaşylýan sadaka-toý saçaklary ýaly onlarça mysallar biziň wagta bolan garaýşymyzy suratlandyrýar.

Jemgyýetimizde gijä galyp gelmek hem geň görülmeýär. Käbir ýerlere giç gitmek üçin "Hemme kişi gelibersin, onson bararys" ýaly pikirler bu gijikmeleriň jemgyýetde has hem berkemegine getirýär.

Wagty peýdaly we dogry ulanmak ýaşaýşymyzy meýilleşdirmäge, işlerimizde iň ýokary öndürijilige ýetmäge, adamlaryň arasyndaky hormatyň berkemegine kömek eder. Ösen ýurtlarda wagtyň nähili sarp edilşine uly üns berilýär. Ösüp barýan ýurt hökmünde biz hem bu peýdaly endikleri nusga edinmelidiris.
29
39
beghanym
18.01.2024 02:39
ARAK KÖP IÇILENDEN SOŇ AGYR SERHOŞLYKDAN AÇYLMAK ÜÇIN ASPIRIN ÝA-DA KOFE NETIJELIMI?

LUKMAN

Elbetde, agyr serhoşlykdan soň kofe içgisiniň düzümindäki kofein beýnini tijendirip biler. Ýöne şeýle ýagdaýlarda aspirini kabul etmegi lukmanlar maslahat bermeýärler. Aspirin dermany onsuzam aragyň köp mukdary bilen gyjyndyrylan aşgazanyň nemli örtügini beter gyjyndyryp, ony zeperlendirip biler. Arakdan soň aspiriniň içilmegi ýiti gastrit, aşgazanyň baş keseli ýaly keselleriň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Lukmanlar alkogol zäherini bedenden çykaryp serhoşlykdan açylmak üçin arassa suwy, gök çaýy, mineral suwlary (meselem, Boržomi) kabul etmegi maslahat berýärler. Şeýle-de, eleuterokokk, ženşen, imbir ýaly biologiki goşundylaryň peýdalanylmagy hem serhoşlykdan açylmaga kömek edip biler.
30
97
beghanym
17.01.2024 23:39
SEN RAK BARADA NÄMELER BILMELI? ESASY FAKTLAR

Ölümiň esasy sebäpleriniň hatarynda dünýä boýunça rak ikinji orny eýeleýär. 2015-nji ýylda bu keselden 8,8 mln adam ýogaldy. Dünýäde her bir altynjy ölümniň sebäbi rakdyr.

↪ Rakdan ölýänleriň 70%-e golaýy pes we orta derejeli girdeýjisi bolan döwletlerde ýaşaýarlar.

↪ Rakdan dörän ölümçiligiň takmynan 1/3 bölegi özüňi alyp barmagyň düzgünine we iymit tertibine bagly bolan esasy bäş sany töwekgelçilik bilen şertlenendir: beden agramynyň ýokary indeksi, miweleriň we gök önümleriň az iýilmegi, fiziki işjeňligiň ýoklugy, temmäkiniň we alkogol içginiň ulanylmagydyr.

↪ Ragyň ýüze çykmagynda esasy faktoryň biri temmäkiniň ulanylmagy bolup, şu keselden ölenler umumy görkezijiniň 22 %-ni tutýar.

↪ Girdeýjisi pes we orta derejeli döwletlerde ragy döredýän esasy faktorlar gepatitiň wirusy we adamyň papilloma wirusydyr.

↪ Ýaýbaň meselelere lukmançylyk kömegine keseliň giçki tapgyrynda ýüz tutulmagyny we keseliň irki döwründe anyklaýşyň elýetersizligini degişli edip bolar.

↪ Ragyň ykdysady täsiri düýpli we gün-günden artyp barýar. 2010-njy ýylda ragyň umumy ýyllyk ykdysady zyýany takmynan ABŞ-nyň 1,16 trln dollaryna barabar boldy.

↪ Onkologiýa keseller ulgamynda zerur syýasaty işläp düzmek üçin gerekli maglumatlar (statistika), girdeýjisi pes we orta bolan ýurtlaryň diňe bäşden birinde bar.

Rak näme?

Rak bu howply döremeleriň uly toparynyň umumy atlandyrmasydyr, yagny ol bedeniň islendik böleginde döräp, zeper ýetirip biler. Rak üçin mahsus bolan alamatlar: kadaly däl öýjükleriň tiz emele gelmegi, öz sepgidinden daşyna çykmagy, bedeniň golaýyndaky agzalara ýaýramagy – oňa metastazlaryň döremegi diýilýär. Rakdan ölmegiň esasy sebäbiniň biri hem döreýän metastazlardyr.

↣ Öýkeniň ragy (1.69 mln ölüm);

↣ Bagryň ragy (788 000 ölüm);

↣ Ýogyn we göni içegäniň ragy (774 000 ölüm);

↣ Aşgazanyň ragy (754 000 ölüm);

↣ Süýt mäziniň ragy (571 000 ölüm).

Rak näme sebäpden döreýär?

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ragy öwrenmek boýunça Halkara agentligi kanserogen (raga getirip biljek täsirli) alamatlary toparlara bölýär:

⇒ Fiziki kanserogenler – ultramelewşe we ionizirleýji şöhlelenme;

⇒ Himiki kanserogenler – asbest, temmaki tüssesi, aflatoksinler (iýmit önümlerini hapalaýanlar) we myşýak (agyz suwuny hapalaýanlar);

⇒ Biologiki kanserogenler – käbir mugthorlar, bakteriýalar, wiruslar.

Ragyň emele gelmeginiň ýene-de bir esasy faktory – ýaşyň ulalmagydyr. Garramak bilen rak keseline duçar bolma ýagdaýlary köp derejede ýokarlanýar, onuň hem sebäbini bedende töwekgelçiligi artdyrýan dowamly keselleriň köpelmegi we beden öýjükleriniň kadaly köpelme häsiýetiniň bozulmagydyr.

Ragyň emele gelmeginiň sebäplerine ýaramaz endikler we ýalňyş gurnalan durmuş şertleri hem degişli edilýär: temmäkiniň, alkogolyň ulanylmagy, sagdyn däl iýmit we fiziki işjeňligiň ýoklugy. Olar bolsa öz gezeginde ýokardaky kanserogenleriň täsirliligini döredip, ýokanç däl keselleri hem ýüze çykarýar.

Ragyň döreme sebäplerine käbir dowamly keseller degişli edilip, olar esasan hem girdeýjisi pes we orta derejeli ýurtlarda ýüze çykýar. Kanserogen ýokançlyklar bolan Helicobacter pylori, adamyň papilloma wirusy (APW), gepatit B we C wiruslary, Epşteýna-Barra wirusy 2012-nji ýylda dörän rak keselleriň sebäpleriniň 15%-ni düzdiler.

Gepatit B we C wirusy hem-de adamyň papilloma wirusynyň käbir görnüşleri bagyrda hem-de yatgynyň boýunjygynda ragyň emele gelmegine sebäp bolup biler. Adamyň immunýetmezçilik wirusy (AIW) hem ragyň emele gelmegine, mysal üçin, bagryň, öýkeniň, ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň sebäbi bolup biler.

Rak keseliniň öňüni nädip alyp bolýar? Ýaýramagyny nähili gysgaldyp bolar?

Häzirki wagtda rak keselleriniň 30-50% emele gelmeginiň öňüni alyp bolar. Bu ýagdaýa howply sebäplerden gaça durup we degişli öňüni alyş çäreleriň geçirilmegi bilen ýetip bolar. Mundan başga-da, ragyň çalt ýaýramagynyň öňüni alynmagy, onkologiýa keseli döräp biljek syrkawy ir wagtda anyklamagyň üsti bilen amala aşyryp bolar. Irki wagtda anyklanylan we dogry bejergi geçirilen ýagdaýynda ragyň dürli görnüşinden bejerilmek mümkinçiligi has ýokarlanýar.

HOWPLY SEBÄPLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE ÜÝTGETMEK

Aşakdaky howply töwekgelçilik sebäplerini üýtgedip ya-da öňüni alamak bilen rakdan daşlaşyp bolar:

↺ Temmäki çekmek, şol sanda çilim we tüssesiz çilim ulanmak;

↺ Beden agramynyň artyklygy we semizlik;

↺ Sagdyn däl iýmit, miwe we gök önümlerini az iýmek;

↺ Fiziki işjeňligiň ýoklugy;

↺ Alkogolyň ulanylmagy;

↺ Gepatite, papilloma wirusa ýa-da dürli kanserogen ýokançlyklara sezewar bolmak;

↺ Ultramelewşe ýa-da ionizirleýji şöhlelenme;

↺ Şäherlerde howanyň hapalanmagy;

↺ Öýlerde ýangyjyň gaty görnüşini ulanmak bilen tüsselenmegi.

Temmäki çekmeklik, rak keseliniň ösmeginde düýpli sebäpleriň biri bolmak bilen şolar ýaly ýagdaýlar rak sebäpli ölümiň 22%-i tutýar.

ÖŇÜNI ALMAGYŇ STRATEGIÝALARY

Ragyň öňüni almakda geçirilýän çäreler:

↪ Ýokarda agzalan howply sebäplerden gaça durmak;

↪ Gepatit B we adamyň papilloma wirusyna garşy edilýän sanjymlary geçirmek;

↪ Iş ýerinde howply şertleri aýyrmak;

↪ Ultramelewşe şöhleleriň täsirini azaltmak;

↪ Ionizirleýji şöhlelenmäniň täsirini azaltmak (iş ýerinde ýa-da lukmançylyk anyklaýyş işi geçirlende)

APW we gepatit B wirusyny emele getirýän ýokançlyklaryň garşysyna edilýän sanjymlar her ýylda 1 mln golaý döräp biljek rak keselinin öňüni alýar.

IRKI ANYKLAÝYŞ ÇÄRELERI

Onkologiýa keselinden ölýänleriň sanyny irki wagtda ýüze çykarmak we bejermek arkaly azaldyp bolar. Ragy ir döwürde ýüze çykarmagyň iki ýoly bar:

Irki anyklaýyş

Ragy ir wagtda anyklamak netijeli bejerginiň täsirini ýokarlandyrýar, ýaşaýyş mümkinçiligini uzaldýar, keselçiligiň we bejerginiň bahasyny peseldýär.

Irki anyklaýyş üç tapgyrdan ybarat bolup, öz wagtynda we toplumlaýyn amala aşyrylýar:

↣ Lukmançylyk-sanitar kömeginiň elýeterliligi we wagyz-nesihat işiniň geçirilmegi;

↣ Kliniki baha bermek, kesel kesgidini goýmak we keseliň döwrüni anyklamak;

↣ Elýeterli bejergi.

Häzirki wagtda irki anyklaýyş dürli ýagdaýlarda we ragyň dürli görnüşinde wajypdyr. Anyklaýşyň gijikdirilmegi keseliň giçki döwründe anyklanylmagyna we bejerginiň netijesizligine getirýär .

BEJERGI

Dogry goýlan kesel kesgitleme bejergini takyk we netijeli geçirmek üçin wajypdyr, ýagny her bir ragyň görnüşine görä aýratyn bejergi geçirilýär. Ol öz içine bir ýa-da birnäçe usuly jemleýär: hirurgiki operasiýa, şöhle hem-de himiýa serişdeleri. Bejerginiň maksatlaryny kesgitlemek ilkinji wäjyp ädim bolup, lukmançylyk-sanitar hyzmatlar toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydyr we adamlara gönükdirilmelidir.

Esasy maksat – ragy bejermek ýa-da mümkin boldugyçä näsagyň ömrüni uzaltmakdyr. Ýene bir wajyp maksadyň biri – näsagyň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmakdyr.
32
79
beghanym
16.01.2024 22:19
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary! 🙋‍♀️

Men minnetdarlyk bildirýärin size hormatly
@mandarin agza .
Siz meniň durmuşymda ilkinji gezek özüme düzülen goşgyny okap buýsanç duýgysyny döredeniňiz üçin size köp sag bolsun aýdýaryn. Geljegiňiz geçen ömrüňden zyýada bolsyn. Goý siziň janyňyz sag başyňyz dik bolsun! Işiňizde uly üstünlik bagtyňyz daş ýarsyn! Özüňize mynasyp jübüdiňiz bilen ömrüňiziň ahyrna çenli bile ogul agtyk çowluk ýuwlyk söýüp bagtly ýaşamak nesip etsin. Size döwrümiziň iň abraýly şahyrlary ýaly taryhda öz yzyňyzy galdyrmagy Beýik Alladan dileg edýärin .

Zenan kalbymdan minnetdarlyk bildirmek bilen : @beghanym

Mähribanlar sizden haýyş bu @mandarin agzany goldalyň we her postyna 👍🌟🏆
30
146
beghanym
15.01.2024 18:07
Milli tagamlar agyz açarda iýmäge amatlymy? Kofe içmek bolýarmy? Kimlere düýbünden agyz beklemek bolmaýar?

Bu soraglara nutrisiolog (dietolog) Gauhar Serikkalikyzy jogap berdi. Gauhar Serikkalikyzy 3 ýyldan gowrak amaly tejribeli nutrisiolog bolup, gormonal saglyk we beýniniň işjeňligi bilen meşgullanýar. Ol Ýewropanyň dersara gözleg institutyndan iýmitleniş we dieta boýunça maslahatçy diplomyny hem-de Garward lukmançylyk mekdebiniň lukmanlar üçin onlaýn kurslarynyň şahadatnamasyny aldy.

Dinleriň hemmesi diýen ýaly açlyk tutmagy ündeýär. Dogry çemeleşilende, agyz beklemek bedeniň gizlin rezerwlerini işjeňleşdirýär we awtofagiýa prosesini başlatýar. Awtofagiýa prosesinde öýjükler öz-özlerini düzümindäki zeperlenen ýa-da gereksiz böleklerden arassalaýarlar.

Näme üçin agyz açarda suw içmek we hurma iýmek möhüm?

Oraza – bu suw içmän, iýmit iýmän agyz beklenilýän aýdyr. Suw we iýmit kabul etmeýän beden juda guraýar. Suwsuz bedeniň köp prosesi haýallaýar. Şonuň üçin, agyz açylanda ilkinji nobatda bedeniň suwsuzlygyny gandyrmaly.

Sagdyn adam günde 1 kg agrama 30 ml suw içmeli. Sport bilen yzygiderli meşgullanýanlar muny 1 kg agrama 40 ml çenli köpeldip bilerler. Meselem, fiziki taýdan işjeň adamyň agramy 55 kg bolsa, oňa gündelik zerur bolan suwuň möçberi 2,2 litr.

Nahar wagtynda 200 ml-den köp suw içilmese gowy. Esasy nahardan 15-20 minut öň ýa-da bir sagat soň köpräk suw içip bilersiňiz.

Häzirki döwürde köp adam suwsuzlygy duýmaýar, emma bu kadaly ýagdaý däldir. Adam uzak wagtlap suwsaýanyna ünssüzlik etse, wagtyň geçmegi bilen bedeniň suwsuzlygy duýujylygy peselýär. Şeýle-de bolsa, bedene ýeterlik suw sarp etmegi endik etdirip bolýar we bu örän zerurdyr.

Elbetde, suwsamankaň köp mukdarda suw içmek maslahat berilmeýär. Ýöne her 20-30 minutdan 3-6 owurt suw içip bilersiňiz.

Mundan başga-da, agyz beklenilende gandaky şekeriň derejesi düşýär. Bu bedeniň energiýa işläp çykaryjylygyny haýalladýar we beden glýukoza öwürmek üçin myşsalaryny ýakyp başlaýar.

Onuň üçin beden 2 sany güýç beriji çeşmesini – glýukozany we ýagy ulanýar. Glýukoza ýagdan has çalt energiýa öwrülýär.
Hurma – ganyň şeker derejesini kadalaşdyrmaga ýardam edýän tebigy şeker çeşmesidir. Emma, hurma arassalanan şeker ýaly diňe gury glýukozadan düzülmeýär. Onuň düzüminde köp dürli witaminler we minerallar hem saklanýar. Hurma iýleninden soň, bedeniň şeker derejesi ýokarlanyp, beden aç däldigi barada duýduryş alýar. Şeýle hem, bu esasy nahar wagtynda artykmaç iýmezligiň öňüni alýar.

Agyz açylandan agyz beklenýänçä nähili iýmitlenmeli?

Orazada iýip bilýän wagtyňyz dört bölege bölünse gowy:

↪ Agyz açary (iftar) suw, hurma we gök önümli işdäaçar bilen başlamak iň gowusydyr.

↪ Agyz açardan 30-40 minut soň, düzüminde haýwan/mal belogy bolan gyzgyn nahar iýmeli. Bu iýmitlere balyk, ak ýa gyzyl et degişli.

↪ Ýatmazdan 1 sagat öň az-kem belokly nahar garbanyp bilersiňiz.

↪ Selärlikde (sahur) düzüminde ýeterlik ýag we belok bolan gyzgyn nahar iýmek maslahat berilýär. Beloklaryň we ýaglaryň indiki nahara çenli dok saklaýanlygy üçin irden hökman naharlanmak gerek. Şeker az kabul edilmeli, çünki ýönekeý uglewodlar açlyk we suwsamak duýgusyny döredýär.

Agyz beklenende sagdyn iymitlenmeli, ýagny, düzüminde "ýokumsyz iýmitler" bolmadyk tebigy önümler kabul edilmeli. Haýwan/mal beloklary hem selärlikde hem-de agyz açarda iýilse gowy. Bu aýratyn hem, hor adamlar üçin möhüm. Beloklaryň ähli biohimiki reaksiýalaryň amala aşmagyna kömek edýänligi sebäpli, organizmi wagtynda belok bilen üpjün etmek örän wajypdyr.

Iýmit kaloriýasyny şu düzümde kabul etmek maslahat berilýär: 50% belok, 20% ýag, 30% uglewod. Şeýle iýmitlenilende adam uzak wagtlap özüni dok duýýar we artykmaç agram almaýar.

Gowrulan nahar iýmek bolýarmy?

Aslynda, gowrulan iýmitiň mukdary däl-de, ony bişirilýän ýagyň hili has möhüm. Eredilen mesge ýagy ýanma temperaturasynyň has ýokarylygy sebäpli gowurmak üçin iň peýdaly ýag hasaplanylýar.

Eredilen mesge ýagy saglyga zyýansyz bolup, bu ýagda gowrulan iýmitleri her gün iýmek bolar. Emma, arassalanan ösümlik ýaglary aterosklerozyň döremegine getirip biler.

Kofe içmek bolýarmy?

Sagdyn adam ähli görnüşli iýmitleri iýip-içip biler, ýöne kadaly dozada. Kofeni hepdede iki ýa üç gezek 300 ml-den artyk bolmadyk mukdarda içmek zyýan etmeýär. Kofe öt haltanyň işlemegine kömek edýär, hatda onuň aram mukdarda içilmegi peýdalydyr.

Milli tagamlaryň gündelik iýilmegi ýaramlymy?

Adamyň iýmitlenişi genetikasy bilen baglanyşykly bolmaly. Bu iýmitlenmäniň iň sagdyn usulydyr! Şeýle-de bolsa, has irki döwürlerde ata-babalarymyz köp mukdarda hamyrly we şekerli önümleri däl-de, gaýtadan işlenilmedik et, däneli we gök önümleri iýipdirler. Şol sebäpli, bu usulda iýmitlenmek maslahat berilýär.

Goşmaça witaminler kabul edilmelimi?

Ähli peýdaly ýokumlar tebigy önümlerden alynsa gowy. Ýöne, häzirki wagtda arryk topraklarda ýetişdirilýän önümleriň aglabasynda pestisidler we ösüş stimulýatorlary (meselem: azot) ulanylýar. Şonuň üçin, iýmitlerde 20 ýyl ozalkydan 30-50% az ýokumlar bar.

Şuny göz öňünde tutup, biogoşundylaryň (bedeni witaminler, mikroelementler ýaly ýokumlar bilen baýlaşdyrýan tebigy bioaktiw maddalaryň toplumy) ýetmezçiligini barlamak we öwezini dolmak üçin, wagtal-wagtal bedenimizdäki mikroelementleri barladyp durmaly.

Işdäsiz bolsaň-da iýmek zerurmy?

Ilki bilen, işdäň bolmazlygynyň sebäplerini bilmek möhümdir. Käwagt işdäsizlik stresden, ferment ýetmezçiliginden ýa-da öt haltasynyň işlemezliginden ýüze çykýar. Işdäň ýoklugy bedeniň içki prosesleriniň näsazlygy zerarly hem bolup biler.

Özüňizi oňat duýmasaňyz, derrew agyz beklemegi bes edeniňiz gowy. Ýogsam, agyr kesellemegiňiz ýa ysgynsyzlygyň uzak dowam etmegi mümkin.

Oraza wagtynda bir günlük rasionyň mysaly:

↪ Selärlik: buglanan etli greçka we 2-3 sany hurma.

↪ Agyz açar: 2-3 sany hurma we gök-önümli işdäaçar.

↪ Agyz açardan 30-40 minut soň: etli çorba ýa-da et/gök-önümli ikinji nahar. Onuň ýanyndan tüwi iyip bilersiňiz.

↪ Ýatmazdan 1 sagat öň: bir bölek gaty peýnir/et ýa-da 1 sany gaýnadylan ýumurtga.

Oraza tutulanda agramyň artmagy mümkinmi?

Fiziki hereketi az edýän bolsaňyz, iýlen zatlaryň ählisi dessine bedeniňizde ýaga öwrüler. Şeýle hem, agyz açar wagtynda aşa köp iýmekden saklanmaly. Özüňi agyr duýýançaň däl-de, doýýançaň iýmeli. Doýanyňy wagtynda duýmak üçin iýmitleri gowy çeýnemek wajypdyr.

Eger-de tötänleýin artykmaç iýen bolsaňyz, onda fiziki hereket etmek arkaly artykmaç energiýany harçlap bilersiňiz. Nahar wagtynda iýmiti gowy siňdirmek üçin iýmit siňdiriş fermentlerini atsa bolar. Nahar bilen 200 ml-den köp bolmadyk mukdarda limonly suw içmek maslahat berilýär. Iýmit bilen suwy birlikde ýuwutmagyň ýerine, ilki nahary ýuwdup, soň suw içilse has gowudyr.

Oraza wagtynda kabul edilýän kaloriýanyň mukdary 25-30%-den pes bolmaly. Aslynda, professional sportçy bolmasaňyz, kaloriýany hasaplamaga gerek ýok. Kaloriýa sanamak adaty adamy aşa strese salyp biler. Esasy zat iýýän iýmitiňiziň mukdary däl-de hilidir.

Oraza wagtynda horlanmak islemeýän adamlar nahary dowamly we wagtynda iýmelidirler.
Bedeniň myşsa massasyny nädip saklamaly?

Myşsa massasyny ýitirmezlik üçin rasionda (deňagramly iýmit paýy) has köp haýwan/mal beloklary bolmaly. Şol sanda, köp hereket etmeli we işjeň durmuş ýörelgesine eýermeli.

Kime agyz beklemek asla bolmaýar?

↪ Emdirýän we göwreli aýallara;

↪ Keseliň ýiti döwrüni başdan geçirýän adamlara;

↪ Ýakynda operasiýa bolan hassalara;

↪ Ötüşen gipotireoz (galkan şekilli mäziň işiniň peselmegi) kesellilere;

↪ Böwrek üsti mäzleriň işjeňligi gowşan ýa-da pes kortizolly näsaglara;

↪ 70 ýaşdan uly adamlara we 16 ýaşa çenli çagalara;

↪ Gastrit we on iki barmak içegede ýaralary bolan adamlara.

Göwreli aýallara agyz beklemek bolmaýar. Sebäbi düwünçekdäki çaga çalt ulalýar we köp iýmit talap edýär. Çaganyň saglygy üçin bedeni zerur iýmitler bilen öz wagtynda üpjün etmeli.
Oraza gutaranyndan soň nähili iýmitlenmeli?
Iýmitiň mukdaryny juda köpeltmezden adaty iýmitleniş usulyna geçmek maslahat berilýä
33
56
beghanym
15.01.2024 06:38
Durmuşda her hili wakalar bolýan eken. ine şulardanam birisi, bir daýzanyň "Zaman" gazetiniň redaksiýasyna ýazan hayran galdyryjy hatyny siz bilen paýlaşaýyn diýdim....
“Eje, men düýbünden
üýtgedim...”

Hormatly okyjylar! Ýakynda, redaksiýamyza bizi örän
tolgundyran, duýgulandyran bir hat gowuşdy. Bu haty - şol sanda, ogluny "ýitirip, tapan" enäniň
şatlygyny, begenjini siziň bilen hem paýlaşmagy makul bildik.

Salam
"Zaman"!

Saňa çäksiz minnetdarly­gymy bildirip, hatyma başlaýaryn.

Meniň ömrümde şatlykly waka bolup geçdi. Bu waka meniň maşgala ojagyma uly bagt, döwlet getirdi.

Men ýaşy 70-e golaýlan ene. Ömrümi perzentlerimi adam etmek, il hataryna goşmaga sarp etdim. Şularyň yzynda ömrümi ötürdim. Ýoldaşym bu zatlara çydaman, ir dünýeden ötdi.

Meniň 3 oglum, 1 gyzym bar. Ogullarym haram, jenaýatçylykly işlere baş go­şup, telim gezek türmä düşdi. Ömürleriniň köp bölegini türmelerde geçirdi. Men olaryň yzyndan gatnamak üçin ýurt aşdym. Uly oglum SSSR döwründe Kazan, Ufa, Wladiwostok ýaly uzak ülke­lerdäki türmede-de oturyp geldi. Soňky jenaýatçylykly işi üçin uzak möhlete iş kesilip, köp ýyllardan bäri Lebapdaky türmede oturdy.

Bir gün şol oglumyň yzyndan görme-görşe gitmäge taýýarlanýardym. Howul­-hara goşlarymy ýygnap ýör­käm, çörekdir süýji-kökäniň daşyny dolamak üçin agtygy­myň krossword çözüp oturan "Zaman" gazetine gözüm düşdi. Agtygym närazy bolsa-da elindäki gazeti alyp, şol zatlaryň daşyna doladym. Ogluma elten zatlarymy gowşurdym. 3-4 günden soň obama dolandym. Bir gün oglumdan hat geldi:

"Salam eje, sag-gurgun otyrmyň? Oglum -
Kerem jan, oňatmyň? Gowuja okap ýör­müň? Oba-goňşular gur­gunmy?

Eje, siziň getiren zatlaryňyzyň daşynda bir
gazet bar eken. Şol gazeti sözme-söz okadym. “Garaýyşlar we pikirler” sahypasy bolsa, mende uly täsir galdyrdy. Makalalary okap şu zatlara göz ýetirdim: meniň eden etrnişlerim üçin diňe bu dünýäde däl, eýsem ol dün­ýäde-de Allanyň huzurynda jogapkärçilige çekiljegim meni has-da düýrükdirdi. Ol ýerde beriljek temminiň bu ýerdä­kilere görä has aýylganç bol­jagy göründi. Gazeti telim ge­zek okap çykdym. Ahmet aganyň makalasy hem göw­nümden turdy. Şol pursatda onuň keşbi atalyk öwüt-ünde­wini berýän, mährini çoýýan ýaşuly bolup göründi. Men
uzakly gije uklap bilmedim. Sebäbi men beýle nesihatlary atarndan hem
eşitmändim. Daňa golaý irkilipdirin. Düý­şüme bir aksakal goja girdi. Ol nurana
goja başujuma gelip: "Oglum, tur, gaflatda ýatma. Göwnüňi hapalap, umytsyz
bolma. Alladan umydygär bol. Eden etmişlerine ötünç sorap, ýürekden toba et,
namaza başla. Şeýle etseň, işiň rowaç alar. Alla günäleriňi bagyşlar. ol her
derde dermandyr" diýip, gözden gaýyp boldy. Gözümi açdym. Sowuk, garaňky
dünýäm giňän ýaly boldy. Şol gün säher bilen turup, göwnüm namaz kylmak isledi.
Bir ýoldaşymdan doga öwrenip, namaz kylmaga başladym. Eje, indi men düýbünden üýt­gedim. Şol makalalary ýanymdakylar hem okady. Eje, maňa bäri geleniňde gazetiň beýleki sanlaryny hem getirmegi ýadyňdan çykarma. Seniň geleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Salam bilen ogluň, Abdyrahman."

Haty
okap, göz ýaşyma erk edip bilmedim. Begenjimden ses edip agladym. Sowatsyz
oglumyň şeýle hat ýazmagy meni örän tolgundyrdy. Og­lumyň ýanyna gitmegime
bir-iki gün galýança şol gazeti tapyp bilmedim. Abuna ýazylan goňşularym hem
“Gazeti köp ýyldan bäri ýygnaýarys” diýip 
bermediler. Poçtalarda-da tapylmansoň, umytsyz ýagdaýda öýden çykdym.
Wokzala baranymda-­da gazeti gözledim, baran ýerimde "Satyp gutardyk"
diýen jogaby aldym. Oglumyň islegini kanagatlandyryp bilmejegime gynandym.
Otlynyň ugramagyna esli wagt bardy. Bir salym oturaýyn diýip zala girdim. Bir
görmegeý ýigit ýylgyryp: "Geliň, daýza, şu ýerde otu­ryň" diýip, öz
ornuny berdi. Bu hoş sözüň, gadyr-hormatyň täsirine, "Sag bol, oglum! Alla ýalkasyn, balam" diýdim. Ol ýigit: "Bile ýalkasyn. Ýol nirä,
daýza?" diýip sorady. Meniň "Lebaba" diýen jogabyma ýylgyryp,
"Sag-aman- baryň" diýip, elindäki gazeti okamaga dowam etdi. Syn
etsem, elin­däki "Zaman" gazeti eken. Begenjimden, "Oglum,
gazeti okap bolup, maňa beräý!' diýenimi duýman galypdyryn. "Baş üstüne,
alyň" diýen jogap meni oňaýsyz ýagdaýa goýdy. Onuň "Daýza, men baryp
okaryn. Özümem şu gazetde işleýärin" diýmegi derdime derman tapylan ýaly
etdi. Menem bu pursatdan peýdalanyp, içimi dökdüm. "Daýza, dert etme. Men
redaktorymdan haýyş edip, bir-iki günde gazetiň beýleki sanlaryny size
ýetirerin" diýdi.

Barjak
ýerimiň adresini ýazyp aldy. Aýdyşy ýaly, bolýan öýüme bir gün soňra Aşga­batdan
pasylka geldi. Pasyl­kanyň daşynda "Zaman" gazetiniň baş redaktory
Jemil Ýyldyzyň adyndan" diýen ýazgy bardy. Içinde bir top gazet bardy. Men
begen­jimden agladym. "Zaman" gazetiniň işgärlerine Alladan uzak
ömür, işlerinde rowaçlyk diledim. Menden beter oglumyň hem begenjegine hiç şübhäm ýokdy. Bu zatlaryň hemmesini ogluma gowşur­dym.

Aradan aýlar geçdi. Bir gün Beýik Serdarymyzyň saha­waty bilen Gadyr gijesiniň hor­matyna tussaglaryň günäleri geçilip, meniň oglum hem öýe dolanyp geldi.

Alladan umyt kesilmeli däl eken. Indi oglum başga adam bolupdyr. Namazyny okaýar, oraza tutýar. Ussahana açyp, işläp başlansoň, öýde bereket artyp başlady. Hudaýa şükür! Aýrylyşyp giden gelinimi hem yzyna gaýtaryp getirdi.

Hudaýa şükür, oraza tutdy. Agşamlaryna tarawa agtyjagym bilen bileje gatnadylar.

Selälige turany­myzda çaý içip, "Zaman" gazetinden gyzykly makalalar okap
berýär. Alla jan beýleki ogullarymyň kalbyna hem ylham salsyn.

Hormatly"Zaman"!

      Gör nähili sogaply işlere sebäpkär bolýarsyňyz. Belki, meniň maşgalamdan başga-da, gör näçe ojagy gaýtadan di­keldensiňiz. Şu bolup geçýän wakalarda bir zat maňa
sapak boldy. Ynsana iki iýmit zerur eken. Ynsan bedeni iýmit­lenmegi bilen
sagdyn, ruhunyň iýmitlenmegi bilen ahlak taýdan ýokary terbiýeli, edepli ynsan
ýetişjek eken. Şu zady boýun alalyň. Biz eneler çagalarymyza halal zatlar
iýdirsegem, terbiýe taýdan zehini edepden doýrup bilmeýäris.

Hormatly"Zaman"!

Menin 50 yyllyk enelik döwrümde ösdürip kemala getiren
çagalaryma, bu ömrümiň dowamynda berip bilmedik terbiýämi, siziň bir makala
bilen terbiýeleýşiňize sözüm ýok. Men haýran gal­ýan. Ynansaňyz, şundan uly
bagt, uly wezipe ýokdur. Goý, Beýik Alla işleriňizi rowaç etsin!

Siziň günäden, erbet endik­lerden sap, edepli-terbiýeli, ru­hy taýdan sagdyn, ýokary ahlakly jemgyýet döretmäge sebäp bolýan işleriňiz üçin Allatagala dört çaryýarlaryň eden işlerine barabar sogap ýazsyn. Eneleriň alkyşyny alanlar bagt hem döwlet tapar. Saglykda görşeli. Sag boluň.

Ogulbagt ŞIRLIYEWA,
Köneürgenç şaheri
31
194
beghanym
14.01.2024 20:09
Mähribanlar hemmäňize salam . 🙋‍♀️
Giç ýagşy ! 🌎🌃🌟
Hormatly öwrenmeli programmanyň gadyrly agzybir sylag hormata mynasyp bolan agzalary hemmäňize minnetdarlyk bildirýärin aýratynam meni goldap şu gün höwesjeň derejä ýetiren mähribanlar köp sag boluň. ! .

Bu gün biz konkursymyzyň dowamyny geçirýäris ýagny 3 şerti başlaýarys.

Mähribanlar size täzelik aýtmak isleýän bu gezekki konkursa ähli agzalar gatnaşmaga hukugy bar bu size menden sylag bolsun.

1 nji we 2 nji şertde erjellik bilen işjeň gatnaşan agzalaryň baly we 👍❤ sany öňki açan postlary hasaba alynar we bu şert bilen bile üstüne goşular .
Höwesjeň agzalar hemmäňiz konkurs 3 şertine gatnaşmaga taýarmysyňyz ?

🇹🇲 🎁 🏅 🌎 🏆

3 nji şert bilen tanyş boluň :

Mähribanlar siz her haýsyňyz bir post açmaly bolarsyňyz 15 .01.2024.
Açan postyňyz 3 gün gözegçilik ediler. Ýagny siziň postyňyz öz ukyp başarnygyňyz hakynda bolar meselem ýerine ýetirip bilýän işiň hakda agzalara öwrener ýaly post açmaly.
Siziň dünýä inip şu güne çenli durmuşda sapak edinip öwrenen kämilleşdiren kärňiz ýada öz hobbiňiz hakda ussatlygyňyzyň subutnamasy hökmünde post bolmaly.
Öwrenmeli programmanyň ähli agzalary sizem gatnaşyň konkursyň 3 şertiniň jogaby size bagly.
Sebäbi her gatnaşyjynyň açan postyndan öwrener ýaly bir zatlar bolmaly we siziň öwrenip peýdalanandygyňyz hakda teswir bolmaly şol teswirler hasaba alynar diňe post hakda bolan teswirler bal ýygnaýandyr.
Her bir postdaky özara gürüňler hal ahwal sorag ideg hasaba alynmaýar.

Üns beriň :
Her ynsan bir käriň eýesi we şol käriniň ussady.
Siz bilýäňizmi bilmedige öwrediň !
Goý ýurdymyz ösüp güllesin özgersin türkmen adymyz dünýä belli bolsyn.
Aramyzda okuwçy talyp işçiler bar her haýsymyzyň hökman güýmenýän kärimiz bardyr siz şol hakda öwrrner ýaly post açyň , goý ol postyňyz teswirler sag bolsundan doly b9lsyn.
34
257