beghanym
15.01.2024 06:38
Durmuşda her hili wakalar bolýan eken. ine şulardanam birisi, bir daýzanyň "Zaman" gazetiniň redaksiýasyna ýazan hayran galdyryjy hatyny siz bilen paýlaşaýyn diýdim....
“Eje, men düýbünden
üýtgedim...”

Hormatly okyjylar! Ýakynda, redaksiýamyza bizi örän
tolgundyran, duýgulandyran bir hat gowuşdy. Bu haty - şol sanda, ogluny "ýitirip, tapan" enäniň
şatlygyny, begenjini siziň bilen hem paýlaşmagy makul bildik.

Salam
"Zaman"!

Saňa çäksiz minnetdarly­gymy bildirip, hatyma başlaýaryn.

Meniň ömrümde şatlykly waka bolup geçdi. Bu waka meniň maşgala ojagyma uly bagt, döwlet getirdi.

Men ýaşy 70-e golaýlan ene. Ömrümi perzentlerimi adam etmek, il hataryna goşmaga sarp etdim. Şularyň yzynda ömrümi ötürdim. Ýoldaşym bu zatlara çydaman, ir dünýeden ötdi.

Meniň 3 oglum, 1 gyzym bar. Ogullarym haram, jenaýatçylykly işlere baş go­şup, telim gezek türmä düşdi. Ömürleriniň köp bölegini türmelerde geçirdi. Men olaryň yzyndan gatnamak üçin ýurt aşdym. Uly oglum SSSR döwründe Kazan, Ufa, Wladiwostok ýaly uzak ülke­lerdäki türmede-de oturyp geldi. Soňky jenaýatçylykly işi üçin uzak möhlete iş kesilip, köp ýyllardan bäri Lebapdaky türmede oturdy.

Bir gün şol oglumyň yzyndan görme-görşe gitmäge taýýarlanýardym. Howul­-hara goşlarymy ýygnap ýör­käm, çörekdir süýji-kökäniň daşyny dolamak üçin agtygy­myň krossword çözüp oturan "Zaman" gazetine gözüm düşdi. Agtygym närazy bolsa-da elindäki gazeti alyp, şol zatlaryň daşyna doladym. Ogluma elten zatlarymy gowşurdym. 3-4 günden soň obama dolandym. Bir gün oglumdan hat geldi:

"Salam eje, sag-gurgun otyrmyň? Oglum -
Kerem jan, oňatmyň? Gowuja okap ýör­müň? Oba-goňşular gur­gunmy?

Eje, siziň getiren zatlaryňyzyň daşynda bir
gazet bar eken. Şol gazeti sözme-söz okadym. “Garaýyşlar we pikirler” sahypasy bolsa, mende uly täsir galdyrdy. Makalalary okap şu zatlara göz ýetirdim: meniň eden etrnişlerim üçin diňe bu dünýäde däl, eýsem ol dün­ýäde-de Allanyň huzurynda jogapkärçilige çekiljegim meni has-da düýrükdirdi. Ol ýerde beriljek temminiň bu ýerdä­kilere görä has aýylganç bol­jagy göründi. Gazeti telim ge­zek okap çykdym. Ahmet aganyň makalasy hem göw­nümden turdy. Şol pursatda onuň keşbi atalyk öwüt-ünde­wini berýän, mährini çoýýan ýaşuly bolup göründi. Men
uzakly gije uklap bilmedim. Sebäbi men beýle nesihatlary atarndan hem
eşitmändim. Daňa golaý irkilipdirin. Düý­şüme bir aksakal goja girdi. Ol nurana
goja başujuma gelip: "Oglum, tur, gaflatda ýatma. Göwnüňi hapalap, umytsyz
bolma. Alladan umydygär bol. Eden etmişlerine ötünç sorap, ýürekden toba et,
namaza başla. Şeýle etseň, işiň rowaç alar. Alla günäleriňi bagyşlar. ol her
derde dermandyr" diýip, gözden gaýyp boldy. Gözümi açdym. Sowuk, garaňky
dünýäm giňän ýaly boldy. Şol gün säher bilen turup, göwnüm namaz kylmak isledi.
Bir ýoldaşymdan doga öwrenip, namaz kylmaga başladym. Eje, indi men düýbünden üýt­gedim. Şol makalalary ýanymdakylar hem okady. Eje, maňa bäri geleniňde gazetiň beýleki sanlaryny hem getirmegi ýadyňdan çykarma. Seniň geleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Salam bilen ogluň, Abdyrahman."

Haty
okap, göz ýaşyma erk edip bilmedim. Begenjimden ses edip agladym. Sowatsyz
oglumyň şeýle hat ýazmagy meni örän tolgundyrdy. Og­lumyň ýanyna gitmegime
bir-iki gün galýança şol gazeti tapyp bilmedim. Abuna ýazylan goňşularym hem
“Gazeti köp ýyldan bäri ýygnaýarys” diýip 
bermediler. Poçtalarda-da tapylmansoň, umytsyz ýagdaýda öýden çykdym.
Wokzala baranymda-­da gazeti gözledim, baran ýerimde "Satyp gutardyk"
diýen jogaby aldym. Oglumyň islegini kanagatlandyryp bilmejegime gynandym.
Otlynyň ugramagyna esli wagt bardy. Bir salym oturaýyn diýip zala girdim. Bir
görmegeý ýigit ýylgyryp: "Geliň, daýza, şu ýerde otu­ryň" diýip, öz
ornuny berdi. Bu hoş sözüň, gadyr-hormatyň täsirine, "Sag bol, oglum! Alla ýalkasyn, balam" diýdim. Ol ýigit: "Bile ýalkasyn. Ýol nirä,
daýza?" diýip sorady. Meniň "Lebaba" diýen jogabyma ýylgyryp,
"Sag-aman- baryň" diýip, elindäki gazeti okamaga dowam etdi. Syn
etsem, elin­däki "Zaman" gazeti eken. Begenjimden, "Oglum,
gazeti okap bolup, maňa beräý!' diýenimi duýman galypdyryn. "Baş üstüne,
alyň" diýen jogap meni oňaýsyz ýagdaýa goýdy. Onuň "Daýza, men baryp
okaryn. Özümem şu gazetde işleýärin" diýmegi derdime derman tapylan ýaly
etdi. Menem bu pursatdan peýdalanyp, içimi dökdüm. "Daýza, dert etme. Men
redaktorymdan haýyş edip, bir-iki günde gazetiň beýleki sanlaryny size
ýetirerin" diýdi.

Barjak
ýerimiň adresini ýazyp aldy. Aýdyşy ýaly, bolýan öýüme bir gün soňra Aşga­batdan
pasylka geldi. Pasyl­kanyň daşynda "Zaman" gazetiniň baş redaktory
Jemil Ýyldyzyň adyndan" diýen ýazgy bardy. Içinde bir top gazet bardy. Men
begen­jimden agladym. "Zaman" gazetiniň işgärlerine Alladan uzak
ömür, işlerinde rowaçlyk diledim. Menden beter oglumyň hem begenjegine hiç şübhäm ýokdy. Bu zatlaryň hemmesini ogluma gowşur­dym.

Aradan aýlar geçdi. Bir gün Beýik Serdarymyzyň saha­waty bilen Gadyr gijesiniň hor­matyna tussaglaryň günäleri geçilip, meniň oglum hem öýe dolanyp geldi.

Alladan umyt kesilmeli däl eken. Indi oglum başga adam bolupdyr. Namazyny okaýar, oraza tutýar. Ussahana açyp, işläp başlansoň, öýde bereket artyp başlady. Hudaýa şükür! Aýrylyşyp giden gelinimi hem yzyna gaýtaryp getirdi.

Hudaýa şükür, oraza tutdy. Agşamlaryna tarawa agtyjagym bilen bileje gatnadylar.

Selälige turany­myzda çaý içip, "Zaman" gazetinden gyzykly makalalar okap
berýär. Alla jan beýleki ogullarymyň kalbyna hem ylham salsyn.

Hormatly"Zaman"!

      Gör nähili sogaply işlere sebäpkär bolýarsyňyz. Belki, meniň maşgalamdan başga-da, gör näçe ojagy gaýtadan di­keldensiňiz. Şu bolup geçýän wakalarda bir zat maňa
sapak boldy. Ynsana iki iýmit zerur eken. Ynsan bedeni iýmit­lenmegi bilen
sagdyn, ruhunyň iýmitlenmegi bilen ahlak taýdan ýokary terbiýeli, edepli ynsan
ýetişjek eken. Şu zady boýun alalyň. Biz eneler çagalarymyza halal zatlar
iýdirsegem, terbiýe taýdan zehini edepden doýrup bilmeýäris.

Hormatly"Zaman"!

Menin 50 yyllyk enelik döwrümde ösdürip kemala getiren
çagalaryma, bu ömrümiň dowamynda berip bilmedik terbiýämi, siziň bir makala
bilen terbiýeleýşiňize sözüm ýok. Men haýran gal­ýan. Ynansaňyz, şundan uly
bagt, uly wezipe ýokdur. Goý, Beýik Alla işleriňizi rowaç etsin!

Siziň günäden, erbet endik­lerden sap, edepli-terbiýeli, ru­hy taýdan sagdyn, ýokary ahlakly jemgyýet döretmäge sebäp bolýan işleriňiz üçin Allatagala dört çaryýarlaryň eden işlerine barabar sogap ýazsyn. Eneleriň alkyşyny alanlar bagt hem döwlet tapar. Saglykda görşeli. Sag boluň.

Ogulbagt ŞIRLIYEWA,
Köneürgenç şaheri
31
194
tsoltanova
23 Yanwar 2024
Zamanyñ baş redaktory Myratgeldi Garjanow.
nabat_
15 Yanwar 2024
@beghanym, bolýa ,düşindim sag boluñ gelneje🤗😘😊
nabat_
15 Yanwar 2024
@beghanym, hawa gelneje siziñ 3nji şertiniz esasy owredijilik hasiyetli bolmaly dämi:)dogry duşindimmikäm😊
nabat_
15 Yanwar 2024
@beghanym, Salam gelneje ertiriniz hayyrly bolsun gowmy yagdaylarynyz😊bir zad sorasam bolyamy sizden
alma___
15 Yanwar 2024
Rejep aýynyñ orazasyny tutup agyz beklàp namaz wagta gataşyp otyrkam okadym yly tolgynma dòretdi.Ýazan elleriñize gùller bitsin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.